Türkiýe - ýüz müňlerçe türkmen raýatynyň gaçybatalga tapan ýurdy. Ýok, olar uruşdan ýa-da syýasy repressiýalardan gaçmaýarlar, emma käbir ýagdaýlarda bu hem sebäpleriň biri bolup durýar. Uzaga çeken ykdysady krizis, köpçülikleýin işsizlik, sosial adalatsyzlyk, giňden ýaýran korrupsiýa müňlerçe we müňlerçe türkmenistanlylary özleri we watanynda galan garyndaşlary üçin halas bolmagyň ýoly hökmünde öýlerini terk edip, Türkiýä gitmäge mejbur etdi. Türkmen işçi migrantlarynyň köpüsi aýallar, şol sanda ýokary bilimli hem aýallar bar. Şolardan biri Türkmenistanyň welaýat dolandyryş merkezleriniň birinden mugallym Sofiýa (ady üýtgedilen). Ol Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, mekdebindäki işini taşlap, gazanç üçin gitmek kararyna nädip we näme üçin gelendigi barada gürrüň berdi.
«Meniň adym Sofiýa. Men Türkmenistanyň raýaty. Hünärim mugallym. Türkmenistanyň welaýatlarynyň birinde orta mekdep mugallymy bolup işledim. Emma soňky bäş ýylyñ dowamynda Türkiýe Respublikasynda işleýärin. Elbetde, Türkiýede hünärim boýunça işlemeýärin, eýsem fiziki taýdan agyr zähmet çekýärin, ýagny öý arassalaýaryn we näsag garrylara ideg edýärin.»
Sofiýa çagalara bilim bermek arkaly watanyna peýda getirip biljek müňlerçe türkmen aýal-gyzlarynyň biridir, ýöne ýurdundaky ykdysady kynçylyklar we adalatsyzlyk, onuň özüne we beýleki mugallym kärdeşlerine bildirilen äsgermezlik umytsyzlyk duýgusyny artdyrdy.
«Ilki bilen, ýurtdan çykmak kararyma mugallymlaryň mertebesiniň kemsidilmegi, mundan beýläk beýleki mugallymlaryň sanynda ýurduň prezidentiniň saýlanmagyna täsir eden jenaýat işlerine gatnaşmak islemezligim uly täsir etdi. Ikinji sebäp, ýaşaýyş jaý meselesini çözmek üçin şertleriň ýoklugy. Üçünjiden, Türkmenistanyň ýaşlaryň ýokary bilim almagyna päsgelçilik döredýändigine doly göz ýetirmegim, ýagny geljekde menin çagamyň ne Türkmenistanyň çäginde, ne-de daşary ýurtlarda ýokary bilime eýe bolup biljegini gördüm. Şeýdip, men ýokary bilimli we Türkmenistanda mugallym bolup işlänime garamazdan, işçi migrant bolmaga mejbur boldum», diýip Sofiýa gürrüň berdi.
Türkmen döwleti tarapyndan gurnalan çärelerde döwlet sektoryndaky işgärleriň, esasanam mekdep mugallymlarynyň ekspluatasiýasy halkara guramalarynyň tankytlaryna we ýazgarylmagyna garamazdan, giňden ýaýran bir hereket.
Sofiýa özüniň mugallymçylyk iş tejribesinden şeýle wakalaryň birini ýatlady.
Sofiýanyñ göwrelilik döwründe, ol okuwçylary bilen birlikde sowuk howada şäher merkezine çykarylyp, Täze ýyl agajynyň töwereginde ýöremäge mejbur edildi.
«Mugallymçylyk ýyllarymyň dowamynda diňe bir mugallymlara däl-de, eýsem çagalara-da adamkärçiliksiz çemeleşmäni birnäçe gezek gördüm. Meniň göwreli bolandygyma garamazdan, mekdebiň müdiri maňa Täze ýyl baýramçylygyny telewideniye tarapyndan sýýomka alynjakdygy sebäpli Täze ýyl agajynyň dikilen meýdanyna birnäçe okuwçyny alyp gitmegimi tabşyrdy. Meýdana gelenimizde, howa gaty sowuk bolandygyna seretmezden, çagalaryň egninden kurtka, palto, ellik, şapka we ýaglyklar aýryldy. Olara haýwan şekilli maskalar berildi we çagalar el tutuşyp, Täze ýyl agajynyň daşynda aýlandylar. Şol ýerde, meýdançada birmeňzeş gara palto we şapka geýen erkekleriň toparyny gördüm. Olar bu çäräniň sýýomka alynmagyna syn edýärdiler. Biz, mugallymlar, bir gapdalda durup, sowukdan ýaňa dodaklary eýýäm gök bolup, gaty titreýän doňan çagalara syn etdik. Meniň getiren okuwçylarym ylgap gelip, sowukdan zeýrenip başladylar. Men okuwçylaryma derrew paltolaryny geydirdim, demim we ellerim bilen olaryň ellerini we ýaňaklaryny gyzdyrjak boldum. Şol pursatda sýýomka geçirilmesine syn edýän erkekleriň biri meniň ýanyma geldi. Ol gaty gaharlandy, maňa gygyrdy we çagalara palto geýdirmezligimi we olary gyzdyrmazlygymy talap etdi. Şeýle hem, ol haýsy mekdepde işleýändigimi sorady. Men oňa mekdep belgisini berdim.»
Sofiýanyň 10 ýaşyndaky okuwçylaryna bolan rehimdarlygy oňa iş ýerinde kynçylyklary döretdi. Çagalara daşky eşik geýmäge rugsat berendigi üçin oňa gygyran adam bu kynçylyklaryň döremegine ýardam etdi.
«Ertesi, ikinji smena gutarandan soň, mekdebiň müdiri ýygnak geçirdi. Müdiriň gahary çäksizdi. Bu ýygnakda mekdep müdiri maňa hapa sözler bilen gygyrdy, men bolsa, kärdeşlerimiň öňünde durup agladym. Ol özüni saklap bilmedi we çagalara palto geýdirenim we olary ýyladanym üçin maňa käýedi. Meni bu ýygnakdan kowdy we yzymdan gödek sözleri ulanyp, gygyrmagyny dowam etdirdi. Şular ýaly çärelerden boşadylmagymyň şerti mekdep müdirine para bermekdi. Göwreliligime seretmezden, meni birnäçe gezek çärelere iberdiler. Bu mysal Türkmenistanyň çagalara rehimsiz we adamkärçiliksiz garaýşyny, mugallymlara doly hormatsyzlygy we adam mertebesini depgilenýändigini aç-açan görkezýär», diýip Sofiýa gürrüñ berýär.
Mugallymlar syýasy maksatlar üçin hem ulanylýar. Mysal üçin, saýlaw wagtynda “saýlanylmaly” dalaşgär üçin ses berýär.
«Mundan başga-da, mugallymlar ýurduň prezidentini saýlamak işine işjeň gatnaşýardylar. Mugallymlar işini ýitirmekden gorkup, býulletenleri galplaşdyrmaga we Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny bellemäge razy bolup, köp mukdarda býulleten taşlaýardylar.»
Azatlyk, şu ýylyň mart aýynda geçirilen prezident saýlawlarynda, saýlaw uçastoklary gurnalan mekdepleriň mugallymlarynyň “esasy dalaşgäriň” peýdasyna býulletenleri nädip galplaşdyrandygy barada habar berdi.
Sofiýa bu ýagdaýlaryň ählisiniň «özüniň we beýleki ýokary bilimli hünärmenleriň höwesleri näçe güýçli bolsa-da, haýsydyr bir zady üýtgedip biljekdigine» umytsyzlygyny artdyrandygyny aýdýar.
«Ýaş hünärmenler üçin indiki mesele aýratyn ýaşaýyş jaýyny edinmekdir. Jaý satyn almak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtmak has dogry bolar, sebäbi aýlyk hakynyň köp möçberi iş ýerinde ýolbaşçylara para bermek üçin sarp edilýär. Jaý almak nobatyna durmak üçin para bermeli, soň bolsa nobaty öňe süýşürmek üçin para berilýär. Jaý satyn almak mümkin däldigi äşgärdir, sebäbi alnan aýlyk mukdary şeýle para çykdajylaryna laýyk gelmeýär. Şeýlelikde, men öz Watanymda jaý edinip bilmedim, sebäbi munuň üçin hiç hili şert bolmady. Adam hukuklarynyň giňden bozulmagy, giň ýaýran korrupsiýa, döwletiň çagalary äsgermezligi durmuşymda bu aýgytly ädimi ätmäge meni iterdi.»
Sofiýa, başga bir ýurtda gündelik çörek gazanmak üçin öz maşgala rahatlygyny we ýylylygyny terk eden ýüz müňlerçe ýaş türkmen raýatlarynyň biridir. Resmi maglumatlara görä, Türkiýede takmynan 230 000 türkmen raýaty bar. Ýöne garaşsyz çeşmeler bikanun türkmen migrantlarynyň bu ýurtda birnäçe esse köpdügine ynanýarlar.
2019-njy ýylda Azatlygyň çeşmeleri soňky 10 ýylda iki milliona golaý raýatyň ýurtdan çykandygyny habar berdi. Türkmenistanyň häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum