Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanlylar "Talyban" bilen mejbury nikadan gaça durmak üçin, ýaş gyzlaryny durmuşa çykarýarlar


Kabulda köpçülikleýin nika dabarasynyň başlanmagyna toý zalynda garaşyp duran gelinler
Kabulda köpçülikleýin nika dabarasynyň başlanmagyna toý zalynda garaşyp duran gelinler

"Talyban" häkimiýete geleninden bäri geçen 15 aýyň dowamynda, Owganystanda gyzlaryň irki nikalarynyň sany birden artdy. Graždan aktiwistleri we ynsan hukuklaryny goraýjylar bu ýagdaýy ene-atalaryň öz gyzlarynyň "Talyban" bilen mejbury nika edilmeginden gorkup, olara ýoldaş tapyp, çaltrak durmuşa çykarmak meýli bilen baglanyşdyrýarlar.

Gyzlary durmuşa çykarmak ene-atada nähilidir bir howpsuzlyk duýgusyny-da döredýär: eklemeli bolýanlaryň sany azalýar. Gyzlara mekdebe gitmek gadagan edildi, olar agyr çäklendirmeleri başdan geçirýärler. Häzir ýurt ynsanperwer kynçylyklary hem ykdysady çökgünligi başdan geçirýär.

Ýurduň günbatarynda ýerleşýän Gor welaýatyndan bolan 12 ýaşly Hatira ýedi ýyllyk mekdebiň okuwçysydy, ol jeza berilmeginden gorkup, öz adyny lakam bilen tutup, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna şeýle gürrüň berdi. Mundan alty aý öň ene-atasy ony özünden has uly adam bilen adagly edipdir.

«Meniň durmuşa çykasym gelmedi. Emma kakam maňa duýduryp, eger boýun gaçyrsam, "Talyban" meni öz söweşijileriniň birine nikalaşmaga mejbur eder diýdi”.

Hatira örän zehinli okuwçydy. Ol deň-duşlarynyň arasynda, has gowy saýlanýardy, onuň uly maksady bardy. Ol medisina hünärini öwrenip, öz jemgyýetine – garyp adamlara hyzmat etmek isleýärdi.

"Talyban" jeňçilerine ýa-da häkimiýetde oturanlardan birine, hususan-da ol gartaşan bolsa, oňa ikinji ýa-da üçünji aýal bolup durmuşa çykmak – bu asla bolmajak zat, maşgala muňa döz gelmez. "Talybanyň” syýasaty biziň ähli arzuwlarymyzy puja çykardy" diýip, Hatira hasrat bilen aýdýar.

Talyplar Gor welaýatyndaky mekdebi ýapanlarynda, 18 ýaşly Firoza 11-nji synpyň okuwçysydy. Şonda onuň uniwersitete girmek maksady syndy.

Tiz wagtdan maşgala agzalary onuň garşy durmagyna bakman, durmuşa çykýarlar.

– Toý meniň ähli arzuwymy puja çykardy. Men örän güýçli basyşa duçar boldum, maňa mejbury nika razy bolmakdan başga çäre galmady – diýýär.

Gor welaýatyndaky zenan hukuk aktiwisti Şükriýa Şerzaý "Talyban" 2021-nji ýylyň awgustynda, häkimiýet başyna gelenden soň, mejbury we kämillik ýaşyna ýetmedik nikalaryň sanynyň geometrik progres bilen artýandygyny aýdýar.

Onuň düşündirmegine görä, köp maşgalalar "Talyban" agzalarynyň mejbury nikasyndan halas etmek umydy bilen gyzlaryny ir durmuş çykarmaga razy bolýarlar. Ýöne olaryň isleg-niýeti gowy bolsa-da, gyzlaryna gowy durmuş isleseler-de, olaryň gelen karary maşgala gurluşyna agyr zyýan ýetirýär.

"Mejbury nika we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň nikasy maşgala zorlugyna hem-de maşgaladaky düzgünsizlige getirýär” diýip, ol Azatlyga gürrüň berýär.

Halkara adam hukuklary boýunça guramalar hem şeýle düzgünleri hasaba aldy. "Talybanyň” ýolbaşçylygynda Owganystanda çaga, irki we mejbury nikalar barha artýar” diýip, Amnesty International guramasy iýul aýyndaky hasabatynda ýazdy.

Amnesty International guramasynyň halkara barlagçysy Nikolette Waldman "Talyban" häkimiýete gelenden soň, çaganyň, irki we mejbury nikalaryň şeýle köp duş gelmeginiň öz sebäpleriniň bardygyny mälim etdi. Ýurtda ykdysady we ynsanperwer krizis hem-de aýallaryň biliminiň we hünäriniň bolmazlygy şeýle netijelere getirýär diýdi.

KÖPLERIŇ TALYPLARDAN BAŞGANY TAPMAGA MÜMKINÇILIGI ÝOK

Nikolette Waldman: "Maşgala agzalary aýal-gyzlary "Talyban" bilen durmuş gurmaga mejbur edýärler. Talyplar bolsa aýal-gyzlary äre çykmaga mejbur edýärler" diýýär.

Ol "Talyban" topary häkimiýeti ele alandan bäri biri-birine özara baglanyşykly ençeme çäklendirmeler we gadaganlyk ulgamyny girizendigini belläp geçýär. Ahyrky netijede, owgan aýal-gyzlarynyň duzaga gabalandygyny aýdýar.

Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Bu syýasat Owganystanda aýal-gyzlary durmuşyň ähli ugurlarynda diýen ýaly kemsidýän repressiýa sistemasyny emele getirýär».

Amnesty International guramasynyň barlagçysy "Talyban" tarapyndan aýal-gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagynyň sanynyň her aýda artýandygyny-da sözüne goşýar.

"Bu toparyň aždarha syýasaty millionlarça aýal-gyzlary howpsuz, erkin we kadaly mynasyp durmuşda ýaşamak mümkinçiliginden mahrum edýär” diýip, Waldman mälim edýär.

Bu toparyň 1996-2001-nji ýyllar aralygynda häkimiýete ilkinji gelen döwründe, girizen syýasatyna dolanmak bilen "Talyban" toparynyň Owganystanda aýallaryň bilimine, işlemegine we hereket etmegine doly gadagançylyk girizmegi planlaşdyrýan maksady hakda myş-myşlar bar.

"Talybanyň" Ýokary lideri molla Haýbatulla Ahundzada tarapyndan 2021-nji ýylyň dekabr aýynda çykarylan aýallaryň hukuklary baradaky permanynda, gyzlaryň bilimi we zenanlaryň işlemäge hukugy barada, hiç zat aýdylmaýar. Ýöne şol permanda mejbury nikalar gadagan edilip, nikada aýallaryň razylygy talap edilýär.

Megerem, ol talap ýeterlik nazarda tutulmaýan bolmaly.

Ýurduň günbatarynda ýerleşýän Farah welaýatynyň aýal hukuklary boýunça aktiwisti Marziýa Nurzaý mejbury we kämillik ýaşyna ýetmedik nikalaryň ýokarlanmagyny "Talybanyň" gyzlar üçin mekdepleri ýapmak baradaky karary bilen baglanyşdyrýar.

Ol Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna bir atanyň öz gyzyny neşekeş birine 2500 dollara golaý galyň alyp, berip goýberenine şaýat bolanyny gürrüň berdi. Beýleki birisi bolsa 10 ýaşly gyzjagazy dört müň dollara golaý nagt pula satypdyr.

«Şeýle gyzlaryň geljeginiň nähili boljakdygy hakynda oýlanyp görüň. Mekdepleriň açylmagyna umyt ýokdugy sebäpli, gyzlar umydyny we özüne bolan ynamyny ýitirýär» diýip, ol aýdýar.

Owganystanda ýaş gyzlaryň köpüsi durmuşa çykmaga mejbur bolansoň, eýýäm öz gowy geljegi baradaky pikir-umydyndan ýüz öwürýärler.

Farah welaýatynda aýallara tikin tikmegi öwredýän bölüm. Talyplaryň ýolbaşçylygynda aýallara berilýän mümkinçilik örän az.
Farah welaýatynda aýallara tikin tikmegi öwredýän bölüm. Talyplaryň ýolbaşçylygynda aýallara berilýän mümkinçilik örän az.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen 22 ýaşly hukukçy Raziýa "Talyban" häkimiýete gelenden soň, öz jigisi bilen uniwersitet biliminden ýüz öwürmäge mejbur bolandygyny aýdýar. Ol uniwersitetiň hukuk fakultetinde okaýan eken.

Ol öz dogduk mekany Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Gunduz welaýatyna dolanyp gelenden soň, öň maksat etse-de, hiç haçan hukukçy bolmaga mümkinçiliginiň galmandygyny aýtdy.

Kakasy "Talyban" jeňçileriniň bu gyzlar bilen durmuş gurmagyny talap etmeginden gorkup, Raziýany hem onuň kiçi uýasyny öz dogan-garyndaşlary bilen adagly bolmagy ýola goýupdyr.

“Men bur betbagt. Meniň däp-dessurlara gep-gürrüňsiz eýermekden başga çäräm ýok” diýip, iki aý bäri dowam edýän nikasy barada, Azatlyk Radiosyna zeýrendi.

Gor welaýatyndan bolan Hatira hem öz bilimini dowam etdirmekden netije ýokdugyna göz ýetirýär. Ol ýaş maşgala mekdepde bütin günläp nähili okandygyny we ol ýerde täze zatlary öwrenendigini ýatlaýar. Häzir bolsa diňe gam-gussa we umytsyzlyk bilen göreşjek bolýandygyny aýdýar.

«Her täze gün öňküsinden ýowuz gelýär» diýip, ol gussaly dillenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG