“Biznes Türkmenistan” neşiri Türkmenistanda ýaş çatynjalara niýetlenen täze, ýeňillikli karzlaryň berlip başlanandygyny habar berýär.
Ýatlatsak, Türkmenistanyň prezidenti sentýabrda ýaş maşgalalara berilýän ýeňillikli karzlaryň möçberini köpeltmek baradaky karara gol çekdi. Bu karar netijesinde, karzlary bermegiň tertibine hem üýtgetme girizildi.
Täze girizilen üýtgetmelere laýyklykda, durmuş guran ýaş maşgalalar “zamunlyk esasynda", 3 ýyl möhlet bilen, ýylda 1% töleg töläp, 20 müň manada çenli karz pul serişdesini” alyp biler.
Mundan öň ýaş maşgalalara niýetlenen ýeňillikli karzyň möçberi 6 müň manatdy.
Bu karzy 35 ýaşa ýetmedik we nikasy 2011-nji ýylyň 3-nji sentýabryndan öň hasaba alynmadyk ýaş maşgalalar alyp biler diýip, habarda aýdylýar.
Karz serişdeleri durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny, täze ýaşaýyş jaýlaryny hem-de gozgalmaýan emläkleri satyn almak üçin berilýär.
Resmi taýdan tassyklap bolmaýan maglumatlara görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda maşgala guranlaryndan soň tiz aýrylyşýan ýaşlar köpelýär we munyň esasy sebäpleriniň biri ýurtdaky agyr ykdysady şertler, ýetde-gütde durmuş zerarly döreýän oňuşmazlyklar bilen düşündirilýär.