Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýatlaryň ýaşaýjylary SIM-kart satyn almak üçin Aşgabada barmaly bolýarlar


Mobil operatory TMCell
Mobil operatory TMCell

Türkmenistanyň welaýatlarynda mobil telefonlar üçin täze sim kartlary henizem satyn alyp bolmaýar. TMCell kompaniýasynyň regional edaralarynda sim kart edinmek üçin Aşgabada barmagy salgy berýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýärler.

Türkmenistanda TMcell kompaniýasynyň täze sim-kartlaryny satyn almak köpçülige elýeterli däl, sim-kartlar welaýatlardaky edaralarda ýok.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy öýjükli aragatnaşyk kampanýasynyň ýerli edaralarynda täze sim-kartlaryň soňky ýyllarda satylmaýandygyny, işgärleriň müşderilere paýtagta gitmegi salgy berýändigini aýdýarlar.

"Balkan welaýatynda täze belgi sorap ýerli TMcell edaralaryna ýüz tutan müşderlere aragatnaşyk işgarleri sim-kartlary Aşgabatdaky merkezi ofisden alyp biljekdiklerini aýdýarlar. Raýatlar pasportyny alyp, adaty bir sim-kart üçin 400-500 kilometr ýoly geçip Aşgabada gitmäge mejbur bolýarlar" diýip, habarçymyz 6-njy oktýabrda habar berdi.

TMcell ýurtdaky ýeke-täk mobil operator bolany üçin raýatlarda saýlamak mümkünçilgi ýok. Şeýle-de müşderiler hyzmatlaryň hilinden şikaýat edýärler.

"Öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryň monopoliasy bolan üçin 1GB internet bir aýda 55 manatdan, ýagny resmi kurs bilen tas $15 barabar bahadan müşderlere hödürlenýar. TMcell-iň çäksiz diýlip satylýan internetiniň bahasy 600 manat töwereginde bu tas $200 dollara barabar" diýip, habarçymyz belleýär.

Müşderiler 1GB möçberdäki 55 manatlyk internetiň telefonda ýarym sagada ýetmän tiz gutarýanygyny aýdýarlar. Internetiň depgini örän pes bolany üçin gerekli saýtlar wagtynda açylmaýar we tiz gutaryp galýar.

"Mysal üçin internet üsti bilen bir ýarym sagatlyk filme tomaşa etmek üçin azyndan 5GB interneti satyn almak gerek bolýar" diýip, habarçymyz adýar.

Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory TMCELL ondan gowrak tarif boýunça telefon, internet we telewideniýe hyzmatlaryny hödürleýär. Şol sanda roaming, çäksiz gepleşmek we tiz internet ýaly oňaýlyklar wada berilýär. Bu barada kompaniýanyň resmi websaýtynda habar berilýär.

Maglumata görä, kompaniýanyň ýurduň her bir welaýatlarynda onlarça bölümi bar. Welaýatlardaky ofisler bilen habarlaşmak üçin ählisine degişli diňe ýeke-täk telefon nomeri görkezilýär. Bu nomer boýunça jaň edip, habarlaşyp bolmady.

Öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň welaýatlardaky edaralarynyň täze sim-kartlary satmagyny bes etmegi bilen bagly ýagdaý geçen ýylyň tomsunda ýüze çykypdy. Şonda kärhananyň Lebapdaky bölümleriniň işgärleri munuň sebäplerini ýurtda "Aý Nazar" atly täze öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegine garaşylýandygy bilen düşündiripdi. Şeýle-de, geçen ýylyň iýul aýynda "Altyn Asyryň" Aşgabatdaky edarasy öz hyzmatlary üçin müşderilerden tölegleri kabul etmegini wagtlaýyn togtadypdy, ýurtda mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pese gaçypdy.

TMCELL "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasyna degişli. Kompaniýa "tehnologiki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli öýjükli hyzmatlary, halkara roaming, ykjam, durnukly we giň zolakly internet we telewizor görmek hyzmatlaryny" berýändigini aýdýar.

Türkmenistan internetiň gymmatlygy we haýallygy boýunça dünýäde ilkinji orunlarda duran ýurtlaryň biri hasaplanýar. Döwlet internete berk gözegçilik edýär. Garaşsyz maglumat çeşmeleri petiklenýär. VPN hyzmatlaryň ulanylmagy gadagan edilýär, ulanyjylar yzarlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG