Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýük ulaglaryna ýurduň daşyna çykmaga çäkli rugsat berildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri tirkegli ýerli ýük ulaglarynyň ýurduň çäginden çykmagyna çäkli mümkinçilik döretdiler. Mundan öň, Azatlyk türkmen resmileriniň, daşary ýurt ýük ulag sürüjilerinden tapawutlylykda, ýerli sürüjileri “ala tutýandygyny” we olara ulaglary bilen goňşy döwletlere geçmegine rugsat bermeýändigi, şeýle-de bu sebäpli dörän nogsanlyklar barada ençeme tapgyr habar beripdi.

“29-njy oktýabrdan başlap türkmen ýük ulag sürüjilerine tirkegleri bilen Gazagystan bilen araçäkdäki ‘Bekdaş’ nokadyndan geçmegine rugsat berildi. Türkmen ýük ulaglary häzirlikçe diňe bu nokatdan daşary goýberilýär, Özbegistan bilen aradaky Farap gümrügi ozalkysy ýaly biziň üçin henizem petikli” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli sürüjileriň biri 31-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Koronawirus pendemiýasynyň başyndan bäri ýurduň çäginde bu ýokanjyň hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri, munuň bilen baglylykda ozal girizilen käbir çäklendirmeleriň gowşadylmagy bilen, 1-nji iýundan başlap daşary ýurt ýük ulaglarynyň ýurduň çäginden tranzit geçmegine ygtyýar beripdiler.

Emma türkmen tarapy ýerli ýük sürüjilerini harytlary bilen goňşy döwletlere geçirmän, munuň deregine, diňe ýükli tirkeglerini serhet nokadynyň golaýynda goýup, soňy bilen hem ony daşary ýurtly ýük ulaglaryna goşup ugratmagyna ygtyýar beripdi.

Azatlyk şol pursat ýerli ýük sürüjileriniň ‘ala tutulmagy’ netijesinde, olaryň beýleki ulaglar bilen iberen tirkegleriniň köp halatlarda zaýalanan ýagdaýda yzyna getirilýändigini hem nygtap geçipdi. Ýerli sürüjiler tirkegleriniň tekerleriniň çalşyrylan, tentleriniň ýyrtylan, içidäki abzallarynyň köneleri bilen üýtgedilen ýagdaýlarynyň hem seýrek däldigini gürrüň beripdiler.

Soňy bilen ýurduň gündogaryndaky Özbegistan bilen aradaky Farap gümrükhanasyna tirkeglerini tabşyrmak üçin barýan ýerli sürüjilere, nobata ýazylmak üçin ýene goşmaça talaplar girizilipdi.

Azatlygyň munuň netijesinde nobatlaryň hasam uzandygy, sürüjileriň ençeme günläp tölegli duralgada garaşmaly bolýandyklary, netijede-de uly maddy zyýana galýandyklary baradaky habaryndan soň, ýerli häkimiýetleri ulaglaryň akymyny az-kem çaltlaşdyrmak ugrunda tagalla etdiler.

Bu ýagdaýda hem bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleriniň ýerli ýük sürüjilerine daşary ýurtlara çykmagyna çäkli mümkinçilik döretmegi bilen, bu nogsanlyklara Azatlygyň ünsi çekmeginiň arasyndaky gönümel arabaglanyşygy tassyklatmak başartmady.

Adatça bolşy ýaly türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada aç-açan düşündiriş ýa-da maglumat bermeýärler, şeýle-de ýurduň içinden syzyp çykýan habarlara reaksiýa bildirmeýärler.

Azatlyga ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de türkmen ýük ulag sürüjileriniň duçar bolýan meseleleri barada Türkmenawtoulaglary agentliginden, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden kommentariýa ýa düşündiriş almak hem başartmady.

Galyberse-de, Azatlygyň ýerli ýük sürüjileriniň duş bolýan nogsanlyklary baradaky habarlarynyň yzýany prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň "üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly peýdalanmagyň zerurdygyny” belledi.

Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurduň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygyna "awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleriň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny" hem nygtady.

Ýapyk Türkmenistanyň hökümeti ýurdy Ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, onuň sebitdäki iň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülýändigini öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG