Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýanyň ukrain territoriýalaryny anneksiýa etmegini ýazgardy


Ses berişligiň netijeleri
Ses berişligiň netijeleri

BMG-niň Baş Assambleýasy Russiýanyň "LHR", "DHR" diýlip atlandyran ukrain sebitlerini we rus goşunlary tarapyndan bölekleýin basylyp alnan Herson we Zaporižýe sebitlerini anneksiýa etmegini ýazgarýan karary tassyk etdi.

BMG-ä agza bolup durýan 193 döwletden 143-si bu karary goldap ses berdi. Russiýa bilen birlikde, rezolýusiýa diňe bäş ýurt garşy boldy. 35 döwlet saklandy. Türkmenistan ses berişlige gatnaşmady.

Teklip edilen karara garşy çykanlaryň arasynda Belarus, Demirgazyk Koreýa, Siriýa we Nikaragua ýaly ýurtlar bar. Ozal ruslaryň Ukraina eden hüjümini ýazgarýan rezolýusiýa garşy ses beren Eritreýa bu gezek saklandy.

Hytaý, Günorta Afrika, Ermenistan, Gazagystan we beýleki GDA ýurtlary ses bermekden saklandy.

Ýewropanyň tas ähli ýurdy, Latyn Amerikasy, Afrika we Aziýa ýurtlarynyň köpüsi Russiýanyň bikanun anneksiýasyny ýazýargýan karara ses berdi.

Oňa Baş Assambleýanyň 2-nji martda ruslaryň Ukraina çozmagyny ýazgarýan kararyny goldan ýurtlardan iki ýurt artyk ses berdi. Şol wagt bu karary 141 ýurt goldapdy.

Bu hili karar öň, Russiýanyň wetosy sebäpli, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan ret edilipdi. Şonuň üçin onuň taslamasyna Baş Assambleýanyň ýörite mejlisinde seredildi.

XS
SM
MD
LG