26-njy sentýabrda Polşanyň paýtagty Warşawada adam ölçegleri boýunça guralan duşuşyk öz işine başlady, onuň işine ÝHHG agza ýurtlaryň resmi toparlary bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, adam hukuklaryny goraýjylar, aktiwistler hem gatnaşýar. Azatlyk Radiosy bu çärä her ýyl diýen ýaly gatnaşýan hukuk goraýjy, Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjügül Begmedowa bilen telefonda söhbetdeş bolup, onuň duşuşykdan alan täsirlerini gürrüň bermegini sorady.
Azatlyk Radiosy: Täjigül, bu ýyl geçirilýän maslahatda öňki ýyllardaky maslahatlardan nähili üýtgeşiklikleri gördüňiz we olardan sizde nähili täsirler galdy, ozaly şu barada gürrüň berseňiz?
Täjigül Begmedowa: Öňki ýyllardakydan tapawutlylykda, maslahat bu ýyl Polşanyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy esasynda taýýarlandy. Özem bu maslahat adam ölçegleri boýunça geçirilýär we şu sebäpden hem begendiriji. Ikinji tapawut, biziň bilişimizden, bu gezek maslahata gatnaşmak üçin hasaba aldyrmak islän, çykyş etmekçi bolan adam gaty kän boldy. Şunuň üçin-de, obýektiw sebäplere görä, hemme islän adam gelip, özüni hasaba aldyryp bilmedi.
Türkmenler barada aýtsam, bize belli bolşuna görä, onlarça aktiwist maslahata gatnaşmakçy boldy. Ýene bir bellejek zadym, bu ýyl maslahatyň işi diňe iş sagatlarynda däl, gije-gündiziň dowamynda, ir sagatlarda we agşamlyk hem dowam etdirilýär. Ýagny, ara alnyp maslahatlaşylýan tema, mesele örän kän, iş grafigi bolsa örän dartgynly. Ýene bir tapawut bolsa, bu ýyl halkara ýagdaýynyň örän çynlakaý bolmagy bilen bagly. Şu sebäpden howpsuzlyk meselesi, migrasiýa meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar, çünki häzir Ýewropada örän köp migrant bar.
Türkmen ýagdaýy boýunça aýtsam, biz diňe türkmen ýagdaýy boýunça däl, bütin dünýä ýagdaýy bilen baglylykda, Amerikan delegasiýasynyň, ÝB delegasiýasynyň pikir-garaýyşlary ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeýär diýip pikir edýärin. Demokratik döwletleriň Türkmenistan babatdaky pikirleriniň üýtgemegine, olaryň demokratik gymmatlyklar boýunça basyş etmek meýillerine hem umyt bar, diktator režimleri bilen eglişige gitmezlik boýunça prinsipial pozisiýa bar, bu görnetin duýulýar.
Siz maslahatyň geçen üç gününde nähili meseleleri gozgap bildiňiz?
Täjigül Begmedowa:Biziň pozisiýamyz şeýle boldy, ýagny biz Türkmenistanda demokratik saýlawlaryň geçirilmeýändigi baradaky meseläni gozgadyk, Türkmenistandaky raýat jemgyýetiniň ýagdaýy baradaky meseläni gozgadyk. Bu ýerdäki örän möhüm ýagdaý Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň ýokdugy baradaky pozisiýanyň bolmagy bilen bagly.
Gynansak-da, garaşsyzlygyň 30 ýylynyň dowamynda ozalky bolan, bar zatlar gysyldy, ýuwaş-ýuwaşdan aşak basyldy. Ýöne bagtymyza, häzir ýaşlar oýanyp başlady we raýat jemgyýetini dikeltmek mümkin bolar diýen umydymyz bar. Biz hut şuňa uly umyt baglaýarys. Ýaş blogçylar başlaryny galdyrýarlar, ýaş aktiwistler başlaryny galdyrýarlar, biz olary goldamaly diýip pikir edýäris, olara gapdaldan demokratik döwletler tarapyndan, hukuk goraýjylar tarapyndan, beýleki demokratik güýçler tarapyndan mümkin bolan ähli kömegi bermeli diýip hasaplaýarys.
Bu günleriň dowamynda gozgan ýene bir meselämiz bolsa, türkmen aktiwistleriniň daşary ýurtlarda yzarlanmagy, ýanalmagy bilen bagly boldy. Bu diňe Türkiýede däl, Ýewropada, beýleki ýurtlarda hem şeýle. Mundan başga, resmi Aşgabat daşary ýurtlarda öz diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň bar ýerlerinde olara ýurt daşyndaky türkmenistanlylaryň haýyşlaryna, arz-şikaýatlaryna göz ýummaga mümkinçilik berýär. Biz muňa režimiň öz raýatlaryna örän erbet çemeleşmesi hökmünde baha berýäris.
Ýene bir bellejek täzeligim bolsa, häkimiýetlere tarapdar blogçylaryň peýda bolmagy bilen bagly. Olar häkimiýetleriň görkezmesi astynda işjeňleşmäge başladylar. Netijede, hiç bir garaw görmezden, olar žurnalistleri, aktiwistleri, hukuk goraýjylary, blogçylary ‘agentler’, ‘içalylar’, ‘watanyny satan satlyklar’ diýen ýaly sözler bilen atlandyryp başladylar, biz muny “internet harrazmenti’ hasaplaýarys. Şeýle-de, ýaş aýallary, gyzlary ‘ýeňles maşgalalaryň” hataryna goşmak synanyşyklary edilýär, olara hapa töhmetler, şyltaklar atylýar, sögülýär, bütin tohum-tiji bilen ‘öldürmek’ haýbaty atylýar, bular täzelik we erbet täzelik bolup durýar. Bularyň ählisi raýat jemgyýetiniň gaýtadan dogulmagyna örän ýaramaz täsir edýär. Olar islän adamlaryna ýarlyk ýelmäp bilýärler, emma muňa seredýän, ‘haý’ diýýän ýok, bu hili işleri edýän adamlar hiç bir jogapkärçilik çekmeýär.
Aktiwistler türkmen raýat jemgyýetiniň gaýtadan döremegine örän ukly goşant goşýarlar. Eger-de biz şu hili ýagdaýda olara kömege ýetişmesek, Türkmenistan ýene birnäçe onýyllygyň dowamynda orta asyr şertlerinde galar. Gynansak-da, häkimiýetler demokratik güýçler babatyndaky şeýle gatnaşygy höweslendirýäne çalym edýär. Raýat jemgyýetiniň nirede gaýtadan janlanýandygynyň tapawudy ýok, Türkmenistanyň özünde bolsun ýa daşary ýurtlarda, ýa-da Türkiýede, türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan ýurdunda, ýa-da Ýewropada, parhy ýok, biz demokratik üýtgeşmelere ymtylýan ýaş nesillerimize kömek, goldaw bermeli.
Siz türkmen resmilerini dialoga çagyryp gelýärsiňiz. Emma bu meselede kän üýtgeşiklik görünmeýär. Sebitiň beýleki ýurtlarynyň resmileri bilen adam hukuklaryny goraýjylaryň arasynda dialog hem, gatnaşyk hem bar. Türkmenistan bilen deňeşdirilende, sebitiň beýleki ýurtlarynyň resmileriniň adam hukuklaryny goraýjylar bilen gatnaşygy barada näme aýdyp bolar? Bu ýerde tapawut näderejede uly?
Täjigül Begmedowa: Hawa, siz mamla. Edil öňki ýyllarda bolşy ýaly, biz türkmen delegasiýasynyň wekilleriniň ýanyna gowy niýet bilen bardyk. Bu hemmelere belli zat, haçanda hukuk goraýjylar işlände, olar häkimiýetleri döwletiň ösmegine alyp geljek kynçylyklaryň aradan aýrylmagyna, çylşyrymly meseleleriň wagtynda çözülmegine üns bermäge çagyrýarlar. Biz hemişe hut şunuň ýaly dialogyň gurulmagyna ymtylýarys.
Gynansak-da, türkmen häkimiýetleri bu ýylam öz delegasiýasyna aktiwistler, hukuk goraýjylar bilen duşuşmagy gadagan etdi. Şunuň bilen birlikde, islendik döwleti alyň, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň resmi wekillerini alyň, bu döwletleriň wekilleri öz ýurtlarynyň raýat jemgyýetleriniň agzalary bilen kadaly gürleşýärler, olar žurnalistler bilen-de, hukuk goraýjylar bilen-de, aktiwistler, blogçylar bilen hem arkaýyn duşuşýarlar, gürrüň edýärler. Olaryň arasynda kadaly dialog, adamkärçilikli gatnaşyk bar. Olar öz aralarynda gülşüp, degşip hem bilýärler, çaý başynda oturyp, eger-de öz wagtynda çözülse, ýurdy petige alyp barmajak meseleler barada pikir alşyp, maslahat edip hem bilýärler.
Emma gynansak-da, türkmen häkimiýetleri entek muňa düşünip bilmeýärler. Olar islendik aragatnaşykdan howatyr edýärler, gaça durýarlar, raýat jemgyýetiniň wekillerinden, habar serişdelerinden we beýlekilerden çeke durmaga çalyşýarlar. Bu pozisiýa bireýýäm üýtgedilmelidi. Serdar Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň üçünji prezidenti bolanda, bizde umyt bardy. Biz ol öz karýera basgançaklarynda ýewropa mekdebini geçdi, başga gymmatlyklary gördi, diýmek ol türkmen režiminiň galyplaryndan çykyp, täze ädimleri ädip biler diýen umyt bardy. Emma gynansak-da, biz entek beýle zatlary görmeýäris.
Täjigül, siz aktiwistlere internet arkaly edilýän ‘hüjümler’ barada gürrüň etdiňiz. Eýsem bu mesele beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda nähili. Olarda hem aktiwistlere garşy şeýle hapa hüjümler edilýärmi ýa bu diňe türkmenlere degişlimi?
Täjigül Begmedowa: Bize belli bolşuna görä, bu hili zatlar beýleki döwletlerde hem duş gelýär. Ýöne olarda kanun işleýär, olarda adalatlylyk bar. Onsoň olarda, hatda žurnalist, blogçy ýa aktiwist bolsun, tapawudy ýok, öz opponenti bilen bagly ýagdaýa nädogry baha berse, islendik adam hukuk goraýjy edaralara arza ýazyp, kanun esasynda şikaýat edip bilýär. Bu hili ýagdaýda olaryň arzalaryna medenileşen ýagdaýda seredilýär we netije çykarylýar. Biziň ýagdaýymyzda bolsa, özüňiz bilýärsiňiz, adalat ulgamy hiç bir tankyda tap getirmeýär. Onsoň, gynansak-da, şu ýagdaýlar sebäpli bizde bigünä adamlar şu wagt çenli üzňeleşdirilen şertlerde saklanylýar. Bu hili ýagdaýa islendik adam, şol sanda Myrat Düşemow ýaly koronawirus hakynda sorag beren raýat hem, Hursanaý Ismatullaýewa ýaly bikanun işden çykarylan we öz arzasyna seredilmegini soran lukman hem, ýa-da bir suraty feýsbukdan alyp, sosial ulgamda ýerleşdiren adamam düşüp biler. Soňky mysal Nurgeldi Halykow barada, bolany, ony bir surat sebäpli ýygnadylar.
Iň möhümi bolsa, syýasy tussaglar. Mysal üçin, Pygambergeldi Allaberdiýew häkimiýetleri ýurduň konstitusiýasynda ýazylan, şol sanda türkmen delegasiýanyň düýnki mejlisde gürrüňini eden demokratik gymmatlyklaryny sylamaga, hormatlamaga çagyran adam. Olar, ýagny demokratik gymmatlyklar barada kagyz ýüzünde owadan ýazylan, aýdylan, emma olar iş ýüzünde, hakykatda ýok.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum