Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň sosial üpjünçilik edaralary derňelýär, bankomatlara ‘yzygiderli’ pul goýulýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistandaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we nagt pul ýetmezçiliginiň arasynda Lebabyň sosial üpjünçilik edaralary ilatyň bank kartlary bilen baglylykda alym-berime ýol berendigi baradaky aýyplamalar boýunça derňelýär. Mundan başga-da, ýurduň gündogar sebitinde bank kartlaryndaky pullary nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklaryň hem azalandygy bellenilýär. Azatlygyň sebitdäki çeşmeleri muny ýurduň beýleki künjekleriniň maliýe ulgamlarynda alnyp barylýan barlaglar bilen baglanyşdyrýarlar.

“Lebap welaýatynyň [dolandyryş merkezi] Türkmenabatda we etraplarynda prokuratura pensiýa we kömek pullaryny dolandyrýan sosial üpjünçilik edaralaryny derňeýär. Welaýatyň ähli sosial üpjünçilik edaralary pensiýa we kömek pullarynyň plastik kartlaryna geçirilişi, olaryň soňy bilen haýsy tertipde nagtlaşdyryşy boýunça hasabat bermeli bolýarlar. Mundan öň, pensionlerler kömek pullaryny alyp bilmeýändigi, gürrüňi gidýän edaralaryň munuň üçin para soraýandygy barada prokuratura köpçülikleýin arza ýazypdyrlar” diýip, bu ýagdaýlary öwrenen çeşmämiz gürrüň berdi.

Soňky sekiz ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalary raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Şondan bäri ilat bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Azatlyk bu nogsanlyklar hususanda saglyk ýagdaýy agyr, şeýle-de gartaşan raýatlaryň pullaryny ençeme hepdeläp nagtlaşdyryp bilmeýändigi, olaryň pully bankomat gözleginde goňşy etrapdyr-şäherlere şahsy özleriniň aýlanmaly bolýandygy barada dowamly maglumat berip gelýär.

Ýatlatsak, mundan bir ýyl ozal türkmen häkimiýetleri diňe ýaşy 80-den geçen pensionerleriň pensiýalaryny nagt görnüşde almagyna rugsat berip, hormatly dynç alyşdaky beýleki gartaşan adamlaryň, şeýle-de 1-nji topar maýyplaryň ozal elýeterli bolan bu mümkinçiliklerini ýatyrypdy.

Lebapdaky atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiziň maglumatyna görä, sebitiň sosial üpjünçilik edaralarynyň işgärleri gartaşan adamlara, şol sanda ýerinden galyp bilmän ýatan pensionerlere kartlaryndaky pullary paranyň öwezine nagtlaşdyryp bermegi teklip edipdirler, ýogsa-da ‘öz başlaryny özleriniň çaramagyny’ maslahat beripdirler.

Azatlyk Lebabyň sosial üpjünçilik edaralarynda dowam edýän derňew barada Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden we Baş prokuraturadan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bellesek, Türkmenistanda pensiýa almagyň düzgünleri dowamly üýtgedilýär. Geçen ýyl pensionerlere ýylda iki gezek, ýylyň başynda we ortasynda sosial üpjünçilik edaralary bilen habarlaşmalydygy we özleriniň diridigini tassyklamalydygy aýdyldy. Ondan öň bu talaby üç ýylyň dowamynda ýylda bir gezek berjaý etmelidi. Diňe tassyklanandan soň pensioner alty aýyň dowamynda pensiýa almak hukugyna eýe bolýar.

Bu aralykda, Türkmenabadyň bankomatlarynda hem pul nagtlaşdyrmadaky ozaldan saklanyp gelýän kynçylyklaryň gowşaýandygy barada-da maglumatlar gowuşýar.

“Eýýäm dört günden bäri Türkmenabadyň banklarynda ýerleşýän bankomatlara dowamly pul goýulýar. Ozallar pul irden sagat 7-de paýlanyp, 9-lar töweregi hem gutarýardy we şol günüň dowamynda gaýdyp oňa maliýe serişdeleri goýulmaýardy. Emma dynç günlerine hem garamazdan soňky günler islendik wagty barsaň, bankomatlarda pul bar. Bu ýerli ilaty diýseň geň galdyrdy, sebäbi bular ýaly ýagdaý soňky iki ýylda birinji gezek boldy” diýip, ýerli çeşmämiz 7-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Ol muny kanun goraýjy gulluklaryň ýurduň beýleki künjekleriniň maliýe pudaklarynda alyp barýan barlaglary bilen gönümel bagly bolmagynyň mümkindigini çaklady.

Ýatlatsak, Azatlyk şu hepdäniň başynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bank işgärleriniň derňelýändigi barada habar beripdi. Ýagdaýdan habarly çeşmäniň maglumatyna görä, garşysyna iş gozgalan käbir bank hünärmenleri plastik kart eýelerinden kanunda görkezilmedik töleg alyp, munuň öwezine olara pul nagtlaşdyrmaga ýardam bermekde güman edilýärler.

MHM tarapyndan bikanun bank amallarynda aýyplanýan iki bank işgäriniň üsti barlananda olaryň biriniň ýanyndan 90 sany bank karty, beýlekisiniň ýanyndan bolsa 122 sany bank karty tapylypdyr.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýarym-resmi neşirler ýurt raýatlarynyň pul nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şeýle-de munuň bilen baglylykdaky mümkin kanunbozmalaryň derňelişi barada habar bermeýärler.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň dürli sebitlerinde bank kartlaryndan pul nagtlaşdyrmak üçin oba ýerlerinden şäherlere we etrap merkezlerine gitmeli bolýan adamlar, gijesi bilen bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan raýatlar, bankomatlaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar, häkimiýetleriň bankomatlaryň öňündäki nobatlary gizlemek synanyşyklary barada habar berip geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG