Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler Warşawada 'ataly-ogul syýasatyna' garşy piket geçirdiler


Piketçileriň plakatlary. Warşawa, 27-nji awgust, 2022.
Piketçileriň plakatlary. Warşawa, 27-nji awgust, 2022.

Nurmuhammet Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen aktiwistleri Polşanyň paýtagty Warşawda ýurtda söz we pikir aýtmak, hereket azatlyklarynyň ýowuz çäklendirilýändigini aýdyp, türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan syýasatyna garşy piket geçirdiler.

Sosial ulgamlarda paýlaşylan wideodan görnüşine görä, 27-nnji awgustda Warşawanyň merkezinde geçirilen paket häkimiýetleriň rugsat bermegi esasynda gurnalypdyr we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň öki kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene bir orden bilen sylaglamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Wideoda görünýän plakatlarda we eşidilýän tankydy sözlerde türkmen ýolbaşçylarynyň Putiniň “gurjaklarydyg” öňe sürülýär, "diktatoryň togtadylmagyna” çagyrylýar; daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň ýurtlaryna dolanyp bilmeýändigi we golaýda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde hüjüme sezewar bolan aktiwistler barada gürrüň edilýär, olaryň suratlary görkezilýär.

Şeýle-de olar ýurtda internete, media girizilen çäklendirmelere ünsi çekýärler, bu çäräniň Stambulda aktiwistleriň häkimiýetlere hat gowşurjak bolup eden synanyşyklarynyň şeýle ýowuz garşylanmagyna berilýän anyk jogapdyryny nygtap, türkmen raýatlarynyň hukuklaryny goramak tagallalaryny mundan aňryk hem güýçlendirmek wadasyny berýärler.

XS
SM
MD
LG