Şu günler Mary welaýatynyň dolandyryş merkezi Mary şäheriniň ýol polisiýasy köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlara köpçülikleýin jerime salýar. Bu raýatlaryň köpüsi Gurban baýramynyň soňky günlerinde sebitiň etrapdyr obalaryndan şähere gezelenje gelen marylylar bolup, olar özlerine öňünden hiç hili duýduryş berilmezden jerime salynmagyna nägilelik bildirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berdi.
"Köp adam 11-12-nji iýulda Marynyň paýtagtyna aýlanmaga geldi. Polisiýa işgärleri baglaryň aşagynda ýa-da hususy ulaglarynda gizlenip, pyýadalar ýoly kesip geçýänçä hiç bir garasyny görkezmän, gizlenip durýarlar. Ýaşaýjylar ýoluň beýleki tarapyna geçensoň, polisiýa olardan yzyna geçmegi talap edýär we olary polisiýa awtoulagyna salyp, şäher polisiýa bölümine äkidip, jerime ýazýar" diýip, efirde atlandyrylmazlygyny soran maryly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny 13-nji iýulda gürrüň berdi.
Polisiýa bölümine alnyp gidilen we jerime salnan marylylaryň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, düzgün bozan her bir raýat 40 manat jerime tölemeli boldy.
"Polisiýa bölümine eltilen adam kän. Olaryň arasynda ýaş gyzlar we çagaly gelinler, gartaşan erkek adamlar we aýallar hem bar. Çagaly gelinleriň köpüsi çaga üçin berilýän kömek pulunyň hasabyna ýaşaýandyklaryny aýdyp, özlerine duýduryş berlip goýberilmegini haýyş etdi. Ýöne polisiýa işgärleri olara " ýolbaşçylardan buýruk berildi" diýip, olaryň haýyşlaryny kanagatlandyrmady" diýip, ýaşaýjy belledi.
Habarçymyz saklanan adamlaryň arasynda, jerimäni tölemäge puly bolmansoň, welosipedlerini satmaga mejbur bolýanlaryň hem bardygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, olar welosipedlerde şäheriň zir-zibil çeleklerine aýlanyp, iýmäge azyk gözleýärdiler.
Polisiýa pyýadalara garşy reýdleri şäheriň esasy dört - Kemine, Mollanepes, Aşgabat we Oguzhan köçelerinde geçirýär. Ýöne şäheriň beýleki köçelerinde we welaýatyň başga şäherlerinde, etraplarynda şeýle reýdler alnyp barylmaýar.
Marylylaryň sözlerine görä, polisiýa bu reýdleriň "raýatlaryň janyna howp salmazlyk" üçin geçirilýändigini aýdýarlar. Ýöne olar raýatlaryň "näme üçin biz ýoly kesip geçmänkä, bizi saklap, bize birje gezek bolsa-da duýdyryş bermeýärsiňiz?" diýen sowallaryna jogap bermeýärler.
"Bu raýatlary talamagyň ýene bir usulydyr. Şäheriň dört köçesinden başga ýerde, şäherlerde, etraplarda we obalarda bular ýaly zat ýok. Hatda Mary şäheriniň beýleki köçelerinde pyýadalar üçin geçelgeler hem tas ýok. Seýrek aralykda bar bolan geçelgeleriň hem ak reňkdäki çyzyklary öçüp, tas görünmeýär" diýip, ýaşaýjy häkimiýetleriň ilatyň baýramçylyk keýpini bozandygyny hem belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary şäheriniň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda häkimiýetler köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan pyýadalara gözegçiligi wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Bu gözegçilikler, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine” üýtgeşme girizilip, ýol hereketini bozýanlara salynýan jerimeleriň mukdarynyň artdyrylmagynyň yz ýany has-da batlandy.
Resmi metbugatda 11-nji maýda çap edilen goşmaçalara laýyklykda, pyýadalaryň köçe ýol hereketiniň düzgünleri berjaý etmezligi binýatlyk mukdaryň 0,4 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär. Has ozal, bu jerime binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi hökmünde kesgitlenipdi.
Türkmen metbugatyna görä, binýatlyk mukdar Türkmenistanda 100 manat möçberinde kesgitlenýär.
Düzgün bozan pyýadalara jerime salmak tejribesi Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň kanunlarynda hem göz öňünde tutulýar. Ýöne bu ýurtlaryň aglabasynda, AÝ/AR-nyň özbek, gazak, gyrgyz we täjik gulluklarynyň maglumatlaryna görä, bu kanun iş ýüzünde seýrek amal edilýär we polisiýa gizlenip, düzgün bozýan pyýadalary gözlemeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.