Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji aprelde Özbegistan bilen aradaky Farap serhet geçelgesinden 127 raýatyň Türkmenistana aşandygyny habar berdi.
Olar Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky karantin zonasyna ýerleşdirildi diýip, habarçymyz aýtdy.
Türkmenistanda pandemiýanyň arasynda girizilen hereket düzgünlerine görä, daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanýan adamlar belli bir möhlete çenli karantinde bolýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Özbegistan bilen serhetde müňlerçe türkmenistanlynyň ýurduň çägine girmezden ozal, türkmen häkimiýetleri tarapyndan garaşdyrylýandygyny habar berýär. Ol Buhara oblastynda garaşýan türkmenistanlylaryň Özbegistana Türkiýeden we Russiýadan dolanandygyny habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy häkimiýetlere salgylanyp, ýurda goýberilýän raýatlar bilen bagly howpsuzlyk barlaglarynyň geçirilýändigini, garşylyga goşulan adamlaryň ýurduň çägine iberilmejekdiginiň aýdylýandygyny habar berýär.
Maglumata görä, häkimiýetler daşary ýurtlardan öz watanyna dolanýan raýatlaryň nähilidir bir garşylyk toparyna goşulyp-goşulmandyklaryny ýurduň aňtaw gulluklarynyň toplan maglumatlary esasynda seljerýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, aňtaw gulluklarynyň ýurda dolanýan raýatlara öz şahsy bähbitlerine görä häsiýetnama berýändikleri barada maglumatyň hem bardygyny habar berýär.
Pandemiýa bilen baglylykda girizilen halkara hereket çäklendirmelerinden soňra, köp sanly türkmenistanly daşary ýurtlarda galdy. Türkmen hökümeti öz raýatlarynyň daşary ýurtlardan ýurda getirilmegine ýeterlik ýardam bermezlikde tankyt edildi.
Has ozal, Türkmenabadyň howa menzilindäki çeşme martyň başlarynda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Moskwadan guraljak ýörite uçar gatnawy bilen türkmenistanly raýatlaryň ýurda getirilmegine garaşylýandygyny habar beripdi.
“Türkmen häkimiýetleri martdan başlap daşarda galan raýatlaryny ýurda getirmek üçin ýörite uçar gatnawlaryny gaýtadan gurnap başlar. Soňky gezek türkmen raýatlary ýanwarda Türkiýeden getirilipdi, fewralda bolsa bu ugurda hiç hili uçuş amala aşyrylmandy. 9-njy martda Moskwadan ýörite uçaryň gelmegine garaşylýar” diýip, Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportundaky çeşmesi geçen aý ýerli habarçymyza gürrüň berdi.
Şonda howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz 15-nji marta çenli Moskwadan türkmen raýatlarynyň ýene bir tapgyrynyň getirilmegine garaşylýandygyny aýdypdy.
Özbegistana dolanyp, ondan aňry, Türkmenistana guryýer serhedi bilen aşýan türkmenistanlylaryň nähili şertlerde Özbegistana dolanandyklary barada maglumat ýok.
Ýöne pandemiýanyň arasynda Russiýanyň esassyz Ukraina çozmagynyň yz ýany, asuda ilat bu iki ýurtdan daşary ýurtlara köpçülikleýin çykyp başlady. Ukrainadaky uruşdan we halkara sanksiýalaryň fonunda Russiýada barha agyrlaşýan durmuş şertlerinden gaçýan parahat ilat daşary ýurtlara çykýarlar. Ýöne köpçülikleýin Özbegistana dolanyp, ol ýerden guryýer serhedi arkaly Türkmenistana geçýän raýatlaryň arasynda urşuň täsirinden gaçan adamlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklatmak hem başartmady.
Uruş başlamazdan ozal, dürli maglumatlara görä, Ukrainada 4 müň – 6 müň aralygynda türkmenistanly bilim alýardy, şeýle-de, rus resmilerine görä, Russiýada 30 müňden gowrak türkmenistanly ýokary bilim alýar. Bu iki ýurtda hem türkmenistanlylaryň sany beýleki ýurtlardan baran studentleriň sany bilen deňeşdirilende öňdäki orunlary eýeleýär. Galyberse-de, Türkiýäniň Migrasiýa gullugy geçen noýabrda Türkiýede 119 müňe golaý türkmenistanlynyň resmi ýaşaýyş rugsady bilen ýaşaýandygyny mälim etdi.
Türkmenistan daşary ýurtlardaky raýatlarynyň sany barada resmi maglumat bermeýär.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginden sebit döwletlerinde bolup geçýän harby, syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlarynyň yzygiderli öwrenilmegini we olaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsirleriniň seljerilmegini talap etdi.
Şeýle-de, Berdimuhamedow bu mejlisiň dowamynda daşary ýurda gidýän türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurt gulluklarynyň, syýasy-ekstremistik we radikal dini toparlaryň täsirine düşmekden goralmagyny tabşyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.