11-nji iýulda Türkmenistanda türkmen halkynyň milli baýramlaryndan bolan Gurban baýramynyň üçünji güni bellenilýär. Munuň bilen bagly, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimiýetleri döwlet edara-kärhanalarynda gurbanlyk üçin mal soýup, sadaka berýärler. Ýöne resmiler sadakalar üçin býujet işgärlerinden pul ýygnap, bu haýyr-sahawat çäresini býujetçileriň hasabyna amala aşyrýarlar. Şol bir wagtda, habarçylarymyz ykdysady kynçylyklar sebäpli şu ýyl gurbanlyk üçin mal soýýan hojalyklaryň juda azdygyny habar berýärler.
"Her gün Türkmenbaşy şäherindäki 'Ruhyýet' köşgüniň öňünde 20 sany gazanda nahar bişirilip, döwletiň gurbanlyk sadakalary berilýär. Bu sadakalar býujet işgärleriniň hasabyna geçirilýär. Gurbanlyk sadakalaryny bermek üçin býujet işgärleriniň her birinden 60 manatdan pul ýygnaldy. Bu pula 50 sany goýnuň satyn alnandygy we olaryň gurbanlyk üçin soýlandygy aýdyldy" diýip, türkmenbaşyly býujet işgärleriniň biri anonimlik şertinde 11-nji iýulda gürrüň berdi.
Balkandaky habarçymyz býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp, bu pullaryň Türkmenbaşydaky mekdepleriň, çagalar baglarynyň, keselhanalaryň, deňiz portunyň we harby hukuk goraýjy bölümleriň işgärlerinden ýygnalandygyny aýdýar.
"Sadakada bişirilen naharlaryň bir bölegi Türkmenbaşynyň çägindäki esgerlere ugradylýar. Ýene bir bölegi şäherdäki ýetimler öýüniň we hereketi, mümkinçiligi çäkli çagalaryň öýüne iberilýär" diýip, býujet işgäri belledi.
Marydaky habarçymyz gurbanlyk sadakasyny bermek üçin bu sebitiň býujet işgärlerinden hem pul ýygnalandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, maddy mümkinçiligi çäkli işgärleriň käbiri pul goşandyny bermekden ýüz öwürmäge synanyşdy. Ýöne edara resmileri olara "kemsidiji" sözleri aýdyp, olary pul goşmaga mejbur etdi.
"Pul çöpleýän edara resmilerine 'pul berjek däl, pulumyz ýok' diýseň, 'utanaňyzokmy? Haýyr-sahawat edersiňiz. 50 manat bilen pully bolmarsyňyz. Bol tabşyryň' diýip, gaýta özümizi utandyrýarlar. Işgärler bu pula çagalarymyza süýji-köke alyp bersek has gowy bolardy diýip, özaralarynda gürrüň edýärler" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran maryly býujet işgäri 11-nji iýulda gürrüň berdi.
Habarçymyz edara-kärhanalaryň köpüsiniň gurbanlyk sadakalaryny Gurban baýramyndan bir gün öň, 8-nji iýulda giçlik berendigini hem aýtdy.
"Her edarada işgärlerden ýygnalan pullara bir goýun satyn alnyp, nahar bişirildi. Iň gymmat goýnuň bahasy 1000 manat. Işgärleriň sany bolsa, onlarça adama deň. Galan pullary näme edýändikleri belli däl. Bir bahana bolsa, işgärlerden pul ýygnaýarlar. Ýolbaşçylar öz jübülerine pul urmak üçin gurbanlygam bahana edýärler" diýip, býujet işgäri belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimiýetlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda býujet işgärleri dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul goşmaga mejbur bolýarlar. Olaryň arasynda her ýyl döwlet tabşyryklary esasynda alynmaly pagtanyň otag, çürtüm we ýygym işleri, zeýkeşleri gazmak, şugundyr we ýeralma borçnamalary, bagçylyk möwsümlerinde oturdylýan ýaş nahallar üçin ýygnalýan pullar bar.
Marydaky habarçymyz sebitde goýunlaryň bahalarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende birneme arzandygyny aýdyp, olaryň 10-njy iýuldaky nyrhlary barada hem maglumat berdi.
Bu ýyl bir goýun 800-1000 manat aralygynda bahalanýan bolsa, geçen ýyl gurbanlyk goýunlarynyň iň arzany 1200 manada deňdi.
Habarçymyz mallar arzanlan bolsa-da, ykdysady kynçylyklar sebäpli şu ýyl gurbanlyk üçin goýun soýýan hojalyklaryň juda azdygyny aýdýar.
"Köp adama gündelik iýjek çöregi gaýgy. Şol sebäpli gurbanlyk üçin mal soýup, sadaka berýän adam juda az" diýip, habarçymyz bir maryly ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.
Habarçymyz Mary şäherinde Gurban baýramynyň "şowhunynyň" o diýen duýulmaýandygyny, bu günleriň adaty günlerdäki ýalydygyny, her kimiň öz işi bilen başagaýdygyny hem belleýär.
"Gurban baýramyndan birnäçe gün öň döwlet telewideniýesi üçin wideo reportažlar taýýarlandy. Bulary taýýarlamak işlerine býujet işgärleri, çagalar we ýaşulular köpçülikleýin gatnaşdyryldy. Häzir şäheriň içinde durmuş adaty günlerdäki ýaly dowam edýär" diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.
Şol bir wagtda, habarçymyz oba ýerlerinde gurbanlyk üçin sadaka berýän hojalyklaryň az-kem bardygyny hem habar berýär. Onuň sözlerine görä, şu günler bu sadakalar, ykdysady kynçylyklar sebäpli gurpdan gaçan köp maşgalalar, şol sanda çagalar üçin, doýa-gana naharlanmak ýerine öwrüldi.
"Obanyň her köçesinde bir ýa-da iki hojalyk gurbanlyk edýär. Gurbanlyk edýän hojalyklara garyp adamlar ähli çagalaryny alyp barýarlar. Soň şol hojalyklarda üç günläp nahar bişirilmeýär. Olar öz çagalaryna 'garynlaryňyzy gurbanlykda doýuryp geliň, azygymyz ekonom bolar' diýýärler. Nahar çekilen wagty bu çagalar öz öňüne berilýän naharlardan daşary, birnäçe okara artyk nahar alýarlar. Olar ýanlary bilen gap alyp gelip, şol artyk alynýan naharlary öýlerine alyp gidýärler. Bu adamlar obanyň çetlerinde edilýän gurbanlyk sadakalaryna-da çagyrylmasa hem baryp garynlaryny doýurýarlar" diýip, oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmenistan soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklary boýun alýarlar, ne-de munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada mesele gozgaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.