Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda mallaryň gymmatçylygy gurbanlyk bermek isleýänleriň sanyny çäklendirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Gurban baýramynyň öň ýanynda, adatdakydan daşary iri we ownuk şahly mallar satuwa çykarylyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary etraplaryň arasyndaky uly ýollaryň ugrunda we käbir hojalyklarda satylýan bu mallaryň köp maşgala üçin gymmada düşýändigini habar berýärler.

"Häzirki wagtda etraplara we obalara gidilýän uly ýoluň ugrunda, uly bortly ulaglaryň içinde diri mallar satylyp başlandy. Bu goýunlar gaty arryk bolup, 10 kilogram töweregi et berjek goýunlar 1000 manat bahalanýar. Türkmenabadyň çetindäki howly jaýlarda hem goýun-geçiler satuwa çykarylýar. Bu goýunlar semiz bolup, olar 2300-3000 manat aralygynda bahalanýar" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde 7-nji iýunda gürrüň berdi.

Habarçylarymyz adatça mal-garalary diňe ýekşenbe günleri "Ak bazardan" satyn alyp bolýandygyna ünsi çekip, uly ýollaryň ugrunda we howly jaýlarda satuwa çykarylýan goýun-geçileri hepdäniň islendik gününde satyn alyp bolýandygyny hem aýdýarlar.

Gurban baýramynyň bu ýyl, habarçylarymyzyň mundan ozal beren maglumatlaryna görä, 9-njy iýulda başlamagyna garaşylýar. Türkmen senenamasynda Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl prezidentiň permany bilen kesgitlenilýär we adatça ýurtda üç gün dynç alyş yglan edilýär.

Gurban baýramynda musulmanlar mal soýup, sadaka berýärler. Ýöne habarçylarymyz ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, köp maşgalanyň gurbanlyk üçin mal soýmagy meýilleşdirmeýändigini aýdýarlar.

"Häzir wagtda has gurply hojalyklar ýa-da maşgalasynda daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede işleýän ogul-gyzy bolan hojalyklar gurbanlyk üçin mal soýmagy planlaşdyrýarlar. Sebäbi olar daşary ýurtlardaky garyndaşlarynyň iberen dollarlaryny gara bazarda satyp, sadaka berip bilýärler. Aýlyga ýaşaýan maşgalalara goýun satyn alyp, gurbanlyk etmek kyn düşýär. Şol sebäpli meniň goňşularymyň we tanaýan adamlarymyň arasynda sanlyja adam goýun satyn alyp, sadaka bermegi planlaşdyrýar" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda alty ýyl bäri dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler dollaryň resmi söwdasyny gadagan etdi. Netijede, ýurtda walýutanyň iki - resmi we gara bazar - bahasy emele geldi. Ýurduň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklap gelýän bolsa, gara bazarda bir dollaryň bahasy 20 manada ýetdi. Milli puluň hümmetsizlenmegi bazarlarda harytlaryň bahalarynyň tapgyrlaýyn esasda ep-esli gymmatlamagyna getirdi.

Habarçylarymyz lebaplylaryň aglabasynyň Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, arzan bahadan towuk butlarynyň satylmagyna garaşandygyny, ýöne olaryň bu umydynyň puja çykandygyny hem habar berýärler.

Soňky ýyllarda ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, häkimiýetler emeli "azyk bolçulygyny" döretmek maksady bilen, bazarlarda arzan bahadan towuk etini satuwa çykarýarlar.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli lomaý söwda birleşmesiniň bir işgäri häzirki pursatda towuk etiniň satylmazlygynyň sebäplerini "sebitde towuk etiniň gorunyň gutarandygy" bilen düşündirýär.

"Her welaýatyň ýerli lomaý söwda birleşmesine çäkli möçberde towuk budy paýlanýar. Ýöne häzirki wagtda welaýat üçin paýlanan şol towuk budunyň gory gutardy. Sebäbi 18-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedow we 9-njy iýunda onuň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýata sapar etdi. Şonda emeli bazar döredilip, ýedi günläp towuk budy satyldy. Munuň netijesinde, zapasdaky towuk etleri gutardy" diýip, hünärmen gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabadyň lomaý söwda birleşmesinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýatlatsak, öňki prezidentiň sebite eden saparynyň öňüsyrasynda, Türkmenabadyň bazarlarynda we döwlet dükanlarynda ilata towuk budunyň arzan bahadan satylyp başlanandygyny, Lebapdaky habarçylarymyz 5-nji iýunda habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG