Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär


Azyk nobaty, Türkmenistan (arhiw suraty)
Azyk nobaty, Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda azyk önümlerini satyn almak ilatyň aglaba köplügi üçin esasy mesele bolmagynda galýar. Çörek we towuk budlary iň köp talap edilýän iýmit önümleridir. Habarçylaryň sözlerine görä, öňki aýlardan tapawutlylykda bu önümler indi satuwda has ýygy peýda bolýar, ýöne olary satyn almak alada etmegi we ugurtapyjylygy talap edýär.

Şu günler Marynyň dükanlarynda towuk budlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satyn alyp bolýar. Hususan-da, Mollanepes köçesindäki Gök bazarda, ýerzemindäki dükanlarda doňdurylan towuk budlarynyň bir kilogramy 16 manatdan satylýar.

Adam başyna 2 towuk budy satylýar onuň umumy agramy bir kilogramdan sähel gowrak bolýar, agramyň bir bölegini buz tutýar.

"Her gün iki towuk buduny satyn almak üçin garaňkyda nobata durýarys. Olam Ikisi bile 1 kileden sähel geçýär, emma onuň buzyny kakyp aýyrsaň 1 kilograma ýetmeýär"- diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Marynyň ýaşaýjysy aýtdy.

Towuk budlaryna ilat arasynda uly isleg bildirilýär. Köp maşgalalar üçin doňdurylan towuk budlary naharlaryndaky ýeke-täk et önümi bolýar.

Azatlygyň habarçysy köp adamda başga eti satyn almaga maddy mümkinçiligiň ýokdugyny, şu sebäpden kesgitli nyrhdan satylýan towuk budlarynyň pes hiline, reňkine we buzunyň köpdügine garamazdan, bu haryda bolan talabyň alyjylaryň arasynda ýokarydygyny aýdýarlar. Sygyr eti, hatda döwlet dükanlarynda-da birnäçe esse gymmat.

Azyk satyn almak işine tutuş maşgala bolup gatnaşýarlar. Maşgala agzalary toparlara bölünip, zerur önümleri satyn almak üçin şäheriň dürli dükanaryna gidýärler.

"Her gün nobata durýarys we döwlet dükanlaryndan azyk önümlerini satyn alýarys. Oglum we aýalym bilen Gök bazarda towuk budlaryny satyn almak üçin nobata duranymyzda, onunjy synp okuwçy gyzym öýümiziň golaýyndaky dükandan 2 buhanka çörek satyn almak üçin nobata durýar" diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Döwlet dükanlarynda çörek bir ele iki buhankadan satylýar, hersi 50 teňňä durýar. Şol bir çöregi, şol bir dükanda 2 manatdan çäksiz mukdarda satyn alyp bolýar.

Buhankany döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrh - ýarym manatdan satyn almak üçin dükana öý dolandyryş edarasyndan zerur kagyzlary, şol sanda maşgala düzümi baradaky sprawkany tabşyrmaly. Azatlyk Radiosynyň habarçysy çörek satyn almak üçin talap edilýän kagyzlary ýazdyrmagyň bahasynyň hem gymmatlandygyny habar berdi.

"Biz ol öz ýaşaýan ýerimize degişli döwlet dükany üçin öý müdirliginden degişli resminama almakçy bolanymyzda onuň hem nyrhy ýokarlanypdyr. Başga ýer üçin maşgala sanymyz we şol öýde ýaşaýandygymyz barada resminama alsam onda ýazyp bereni üçin kagyzyna 10 manat soraýarlar. Eger-de döwlet dükan üçin diýip, almakçy bolsaň onda 10 manada ýazyp bermän, dürli bahanalar bilen, ýagny hojalyk tölegleri üçin bergimiň ýoklugy barada kwitansiýa getir diýärler. Emma 20 manat berseň ähli zatlarda kemçilik bolsa-da gözleri ýumýarlar we resminamany ýazyp berýärler" diýip, Marynyň ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Ykdysady krizis şertlerinde has köp maşgala subsidirlenen bahalardan satylýan önüme garaşly. Köpüsiniň täjirçilik bahasyndan azyk satyn almaga düýpden mümkinçiligi ýok.

Azatlygyň Marydaky habarçysy, bir maşgalanyň oglunyň goşundan sag-aman dolanyp gelmegi mynasybetli däbe görä sadaka bermek üçin azyk satyn almakda eden ugurtapyjylygy barada gürrüň berdi. Maşgala agzalary bäş günläp her gün towuk budlaryny satyn almak üçin nobata durupdyr we myhmanlara nahar taýýarlamak üçin kem-kemden birnäçe kilogram et ýygnap bilipdir.

"Men towuk budlaryny kilesi 21 manatdan satyn alyp bilemok. Maňa mümkin boldugyndan arzan gerek. Bäş günde 14 kilograma golaý et ýygnadyk. Biz ony iýmedik, myhmanlara nahar bişirmek üçin ýygnadyk" - diýip, maşgala başy aýdýar.

Türkmenistanda ilatynyň azyk üpjünçiligi iýunyň aýagynda biraz gowulaşdy. Döwlet eýeçiligindäki dükanlarda bazar bahasyndan biraz arzan, ýöne önümiň hili pesräk azyk önümler peýda bolup başlady.

Ýurduň häkimiýetleri azyk nyrhlaryna we önümleriň elýeterliligine degişli bolup geçýän ýagdaýlary resmi taýdan düşündirmeýärler.

Türkmenistanda ýaşaýyş üçin zerur minimum we sarp edijilik sebedi diýen düşünjeler ýok. Türkmenistan ilatyň iş bilen üpjünçiligi we işsizligi barada statistikany çap etmeýär.

Ýylyň başyndan bäri ýurtda iň pes aýlyk möçberi 1050 manat, pensiýa - 410 manat, kömek puly - 390 manat diýlip, görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurt ilatynyň işleýän bölegi girdejileriniň bir bölegini abatlaýyş, abadanlaşdyryş, oba hojalygy, döwlet metbugaty, köpçülikleýin çäreler we sport ýaryşlary ýaly dürli zerurlyklara yzygiderli tabşyrmaga borçly edilýär.

Продуктовое изобилие: официальная сводка и реальность
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:56 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG