Özbegistanyň Baş prokuraturasy 4-nji iýulda merkezi aziýa döwletiniň Garagalpagystan respublikasynda geçen hepde, garaşsyzlygy çäklendirmek meýilnamalary sebäpli ýüze çykan tolgunyşyklar wagtynda on sekiz adamyň ölendigini habar berdi.
Howpsuzlyk güýçleri geçen hepde protestçileri dargatjak bolanda, 516 adamy tussag etdi, ýöne häzir olaryň köpüsini boşatdy diýip, milli howpsuzlyk gullugynyň metbugat ýygnagynda aýdyldy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew biraz öň merkezi aziýa döwletiniň galagoply awtonom respublikasy bolan Garagalpagystanda dörän tolgunyşyklar wagtynda howpsuzlyk işgärleriniň we parahat ilatyň arasynda ölen adamlaryň bardygyny boýun aldy, başga bir habarda by wakalarda "1000-den gowrak" adamyň ýaralanandygy aýdylýar.
Mirziýoýew 3-nji iýulda metbugat gullugy tarapyndan çap edilen sözünde özüniň awtonom respublikanyň statusyny gowşatmak üçin hödürlän we häzir yzyna alan konstitusiýa üýtgetmeleri sebäpli tutaşan protestlerde ölen ýa-da ýaralanan adamlaryň sanlaryny ýa-da başga jikme-jikliklererini açyk aýtmady.
"Gynansagam, bu ýerde parahat ilatyň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda heläk bolanlar bar" diýip, metbugat gullugynyň habaryna görä, Mirziýoýew aýtdy.
Köpçülikleýin protestleriň güýç bilen basylyp ýatyrylan sebitinden takyk maglumat almak kyn, ýerli ýaşaýjylar internet we telefon hyzmatlarynyň gaty çäklendirilendigini, adatdan daşary ýagdaýyň hereketi çäklendirýändigini habar berdiler.
Mirziýoýewiň onlaýn beýanatynda aýdylmagyna görä, demonstrantlar sebitiň paýtagty Nukusda daş zyňyp, ýangyn döredip, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine hüjüm edip, “ýykgynçylykly hereketlere” ýüz urdular.
Özbegistanyň “Daryo.uz” habarlar web sahypasy Garagalpagystanyň Saglyk ministrliginiň başlygy Soltanbek Ziýaýewiň sözlerine salgylanyp, Nukus keselhanalarynyň polisiýa bilen çaknyşyklarda ýaralanan näsaglardan dolandygyny habar berdi.
Habar saýtynyň "ministrligiň resmisine" salgylanyp ýazmagyna görä, "bidüzgünçiliklerde [demonstrantlaryň] 1000-den gowragy ýaralandy”.
Bu beýanatda sözleri getirilýän ministrlik resmisiniň Ziýaýewdigi ýa-da däldigi anyklaşdyrylmady.
"Roýters" habar gullugy bosgunlykdaky oppozisiýa syýasatçysy Pulat Ahunowyň sözlerine salgylanyp, onuň ýerli çeşmeleriň we wideo subutnamalarynyň görkezýän netijeleri esasynda, azyndan bäş adamyň ölüminiň tassyklanandygyna garamazdan, onlarça adamyň köp öldürilen bolmagyndan howatyr edýändigini aýtdy.
Paýtagt Nukusda we beýleki şäherlerde guralan protestler Mirziýoýewiň 27-nji iýunda, Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgetme girizmek, şol sanda esasy kanundan Garagalpagystanyň raýatlarynyň, eger-de isleseler, referendum arkaly garaşsyzlyk almak hukugyny kepillendirýän sözleriň aýrylmagyny öz içine alýan teklipleri etmeginden soň başlandy.
Emma Mirziýoýew 2-nji iýulda Garagalpagystana eden sapary wagtynda öz eden tekliplerinden el çekdi we garagalpagystanlylaryň esasy kanunda kepillendirilen garaşsyzlyk hukuklary baradaky sözleriň konstitusiýadan aýrylmajakdygyny aýtdy.
Ýewropa Bileleşigi 4-nji iýulda beýanat çap edip, Garagalpagystanda bolup geçen zorlukly wakalaryň garaşsyz ýagdaýda derňelmegine çagyrdy.
"Biz adam pidalaryna we ýitgilerine çuňňur gynanýarys we bolup geçen wakalary ýakyndan yzarlamagy dowam etdirýäris" diýmek bilen, beýanat taraplaryň ählisini sabyr-kanagatlylyk görkezmäge hem-de wakalaryň ýitileşdirilmeginden ýa-da zorlukdan gaça durmaga çagyrýar.
"Ýewropa Bileleşigi häkimiýetleri, Özbegistanyň halkara borçnamalaryna laýyklykda, adam hukuklaryny, şol sanda söz, pikir beýan etmek we ýygnanyşmak azatlygy ýaly esasy hukuklary kepillendirmäge çagyrýar" diýip, beýanatda aýdylýar.