Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 21-nji maýda goňşy Finlandiýa gaz eksportlaryny togtatdy diýip, fin döwlet energiýa kompaniýasy “Gasum” aýtdy. Munuň bilen Günbatar ýurtlary bilen arada energiýa tölegleri boýunça dawa dartgynlaşýar.
“Gazporom Eksport” Moskwanyň Ukraina esassyz çozmagy zerarly girizilen sanksiýalar sebäpli ýewropa ýurtlaryndan rus gazyna rublda töleg geçirmegi talap etdi, ýöne Finlandiýa rublda töleg geçirmekden ýüz öwürdi.
“Imatra giriş nokadyndan gaz importlary togtadyldy” diýip, Gasgrid Finlandiýa beýanat berdi. “Gasum” tebigy gaz üpjünçiliginiň Finlandiýany Estoniýa baglaýan “Baltikkonnektor” arkaly beýleki çeşmelerden ýola goýuljakdygyny aýtdy.
Gaz üpjünçiliginiň bes edilmegi geçen hepde Finlandiýanyň NATO goşulmak kararyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Finlandiýa Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasynyň fonunda öz howpsuzlygyny güýçlendirmäge çalyşýar.
Moskwa täze töleg talaplarynyň berjaý edilmezligi zerarly beýleki ýurtlara, şol sanda Bolgariýa we Polşa iberýän gazyny kesdi.