7-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň altynjy mejlisi geçirilip, 4-nji maýda kabul edilen kanunlar makullanyldy diýip, TDH habar berýär.
“Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda” hem-de “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” diýip, habarda makullanan kanunlar sanalyp geçilýär.
Çykyş edenler olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanylandygyny bellediler.
Bu kanunlaryň kabul edilmegi, habarda nygtalmagyna görä, ýurt raýatlarynyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmekde, kanunylygy we hukuk tertibini berkitmekde, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda we olary öňünden duýdurmakda, kada-kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda özgertmekde hem-de ugurdaş ulgamlaryň işlerini kämilleşdirmekde, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hukuk mümkinçiliklerini giňeltmekde ägirt uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan öz kanunlaryny we halkara borçnamalaryny yzygiderli bozmakda we adam hukuklaryny gödek basgylamakda onlarça ýyl bäri tankyt edilýär, ýurtda söz, metbugat azatlygy, kanun esasynda kepillendirilen beýleki esasy azatlyklar we hukuklary dowamly çäklendirilýär. Soňky döwürde, mart aýynda prezidentiň wezipesi atadan oglan geçirilenden soň bolsa Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň has berk çäklendirilip başlanandygy habar berilýär.