Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdeplerinde maý aýynyň aýagynda geçirilýän soňky jaň dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäginde uçurymlardan pul ýygnalyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu çäräniň başlamagy bilen, ozalam kyn ykdysady şertlerde ýaşaýan eli ýuka maşgalalaryň has köp basyşa sezewar bolýandygyny habar berýär.
Mekdeplerde şu ýyl okuwy tamamlaýan okuwçylardan ýygnalýan pullaryň möçberini öwrenen habarçynyň maglumatyna görä, bu çäre üçin toplamaly serişdäniň belli bir kesgitlenen çägi ýok.
Şeýlelikde, şu ýyl ýygnalýan pullaryň mukdary 2000 manatdan 10000 manada çenli üýtgeýär. Bu resmi kursda $570-$2800 we gara bazaryň nyrhynda $110-$550 barabardyr.
"Ýygnalýan pullaryň mukdary mekdeplerde dürli-dürli bolup, dabaralaryň tutumyna görä üýtgeýär. Gurply adamlaryň çagalary okaýan mekdeplerde has köp mukdarda pul ýygnalýar" diýip, balkanly eneleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýöne ol bu serişdäniň diňe soňky jaň dabarasy üçin gurnalýan çäreleriň çykdajysyna we mekdep müdirlerine hem-de synp ýolbaşçylaryna alynjak sowgatlara sarp edilýändigini hem belleýär.
"Okuwçylaryň ýörite geýim-eşiklerini satyn almak üçin hem ýene 1-2 müň manat aralygynda serişde gerek bolýar" diýip, balkanly ene sözüne goşdy.
Ýerli ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz uçurym ýaşlardan pul ýygnamak çäresiniň başlanyp, soňky jaň dabaralarynyň golaýlamagy bilen, ozalam ýiti ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän eli ýuka maşgalalaryň şu günler has-da aladaly ýagdaýdadygyny habar berýär.
"Soňky jaň dabaralary üçin sarp edilýän serişdeler köp maşgalanyň býujetine agyr zarba urýar. Ene-atalaryň köpüsi öz çagalaryny müňlerçe manat bilen üpjün edip bilmeýär" diýip, balkanly ene aýtdy.
Ol munuň ýaşlaryň psihiki ýagdaýyna hem täsir ýetirýändigini we "deň-duşlarynyň ýanynda utanja galmak" islemeýän ýaşlar bilen ene-atalarynyň arasynda garaşylmadyk wakalaryň döremegine getirýändigini hem belleýär.
"Çaganyň öz ene-atasyna el galdyrmagy ýaly erbet nogsanlyklar bolýar. Käbir gowşak çagalaryň öz janyna kast etmegi ýa-da muňa synanyşmagy ýaly betbagtçylyklar hem ýüze çykýar" diýip, balkanly ene maý aýynyň uçurym çagasy bolan ene-atalar üçin iň agyr aý hasaplanýandygyny hem sözüne goşdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenbaşy şäheriniň bilim bölümi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 6-njy maýda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.
Azatlyk Türkmenistanyň orta mekdeplerinde soňky jaň dabaralary üçin ýygnalýan pullar, olar üçin edilýän çykdajylary çekip bilmeýän ene-atalaryň çagam deň-duşlarynyň ýanynda kemsinmesin diýip, bergi-borja girişi, kähalatda bolsa, öz janyna kast eden ýaşlar hakynda ýyllarboýy habar berip gelýär.
Geçen ýylyň maýynda özüni Bahar diýip atlandyran lebaply lukman Farap etrabynyň 1-nji we 24-nji mekdepleriniň iki okuwçysynyň, soňky jaň dabaralary üçin pul tapman, öz janlaryna kast etmäge synanyşandygyny habar berdi.
Mundan başga-da, soňky jaň dabaralary üçin pul tapmaýan okuwçylaryň käte her dürli jenaýatlara, şol sanda ogurlyga ýüz urýandygy barada hem maglumatlar bar.
Türkmen häkimiýetleri bu hili habarlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär, türkmen metbugaty bu problema göz ýummagyny dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.