Türk mediasy ýurdyň Bileçik welaýatyndaky towuk fermasynda işleýän iki türkmeniň arasynda bolan dawadan soň olaryň biriniň hassahanada pyçak ýarasyndan jan berendigini, beýlekisiniň bolsa pyçagy bilen tussag edilendigini habar berdi. Türkmen ilçihanalary adatça bu hili habarlara reaksiýa bildirmeýär.
31-nji iýulda bosgunlykdaky türkmen işçileriniň biriniň öz ildeşi bilen dawalaşyp, pyçak ýarasyndan ölendigi mälim boldy. Emma häzirlikçe pyçakly gowganyň sebäbi anyklaşdyrylmaýar we synçylar, köplenç bolşy ýaly, meseläniň pul, gazanç bilen bagly bolmagynyň ahmaldygyny çaklaýarlar.
Bu türkmen migrantlarynyň ady bilen çykan jenaýat habarlarynyň häzirlikçe soňkusy bolup, synçylaryň käbiriniň pikiriçe, türkmenleriň ýurduň daşynda baş goşýan jenaýatlary, bir tarapdan öz aň-düşünjeleri bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan Türkmenistanyň içindäki ýagdaýlar, režimiň halky pulsuz, işsiz we basyşda, elleri gandally görkezip, gorkuzyp saklamagy, soň ol ýagdaýdan çykan adamlaryň täze durmuşda özüne orun tapmazlygy bilen baglanyşykly bolup görünýär.
“Gynansak-da, bu meseläniň birnäçe sebäbi bar. Emma esasy sebäbi, meniňçe, Türkmenistandaky diktaturanyň ýurt içindäki halky pulsuz, işsiz we bu ýagdaýa garşy çykmaz ýaly, sussuny basyp, gorkuzyp saklamagy, netijede diňe emeldarlaryň däl, ýönekeý halkyň arasynda hem köp adamyň arak-şerap, neşe jenaýatlary, ýa ýasama aýyplamalar esasynda türmä basylmagy bilen bagly” diýip, Türkiýede ýaşaýan aktiwist Röwşen Gylyjow Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Aktiwistiň pikirçe, ýurt içinde türme, gorkuzmak bilen “gözegçilikde saklanjak bolan” adamlar azatlyga çykanyndan soň hem, ýedi arka, üç arka barlaglary sebäpli, tutuş maşgalasy bilen yzarlanýar we ahyrynda hiç bir işe ýerleşip bilmän, gaýtadan jenaýata baş goşmazlyk üçin, emeli döredilen jenaýatçylyk ýagdaýyndan gaçyp, eklenç üçin daşary ýurtlara çykmaga mejbur bolýar.
Ýöne bu ýerde meseläniň ýene bir tarapy bar: Ozal türmede oturan, uzak wagt gorkuda ýaşan, soň maşgalasyndan aýrylyp, halal çörek gazanmak üçin sekiz sagatdan has kän, agyr işlerde işleýän adamlaryň käbiri dynç almak ýa aladalaryny unutmak üçin, halk içinde aýdylyşy ýaly, käte soňy jenaýat bilen gutarýan “şagal mesligine” ýüz urýar.
R.Gylyjowyň sözlerine görä, Türkiýede arak-şerabyň, hususan-da neşe maddalarynyň Türkmenistandaka garanda has elýeterli bolmagy, üstesine, eger-de neşe maddalaryny satman, diňe ulanýan bolsaň, tutulan ýagdaýyňda hem has ýeňil jeza berilmegi, 10 aý çemesi iş kesilmegi hem bir goşmaça sebäp hökmünde bellenip biler.
Türkmen migrantlarynyň atlarynyň türk mediasyndaky jenaýat habarlarynda has köp çykmagynyň ýene bir sebäbi bolsa, olaryň köpüsiniň Türkmenistandan resmi ýagdaýda syýahatçy hökmünde çykyp, soň gelen ýurtlarynda iş wizasyny almazlyklary, ýagny ösen günbatar ýurtlaryna barýan zähmet migrantlary ýaly, baran ýerlerindäki ýerli dili, kanunlary, şol sanda öz hak-hukuklaryny öwrenmezlikleri, gowy bilmezlikleri bilen bagly.
“Birinjiden, türkmen migrantlarynyň arasynda ýerli dili gowy bilmeýän, öwrenjek hem bolmaýan adam kän, olar türkmençe türkçä golaý bolansoň, bilenleri bilen oňşuk edýärler; bu ýagdaýda olara daşary ýurtly hökmünde, öz hak-hukugyny bilmeýän adam hökmünde, has beteri, gynansak-da, pes derejeli adam hökmünde seredilýär” diýip, “Oýan, Türkmen” hereketiniň başlygy R.Gylyjow aýtdy.
Türkiýede iş wizasy bolmadyk adamlar köplenç “gara işlerde”, hem fiziki taýdan, hem ahlak taýdan agyrrak düşýän işlerde, az aýlyk alyp işlemeli bolýar. Netijede, adam käte hem işden, hem durmuş güzaplaryndan gaty ýadaýar. Şeýlelikde, bu kynçylyklaryň ählisi birleşip, öz ýurdundaky kyn ýagdaýlardan baş alyp çykan we birbada ähli meselesi çözülen ýaly bolan migrantlaryň käbirini meseläni jenaýatçylykly ýollar arkaly çözmek synanyşygyna iterýär.
R.Gylyjowyň pikiriçe, Türkiýäniň öz ilatynyň arasyndaky jenaýatçylyk derejesi bilen deňeşdireniňde, bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylaryň baş goşýan jenaýatçylygy beýle kän däl, emma Türkmenistanyň içindäki ilaty, şo sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň möçberi nukdaý nazaryndan seredilende, türkmen migrantlarynyň baş goşýan jenaýatlary “örän köp” bolup görünýär.
Eýsem, daşary ýurtlara çykan türkmenler näme üçin "köp jenaýat" edýär? Bu ýerde bar mesele pulda, dilde, kanunlary bilmezlikde we aýralykdamy ýa başga meseleler hem barmy?
Hormatly okyjylar, Azatlyk radiosy daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň we studentleriniň dürli jenaýatlara baş goşmagynyň düýp sebäpleri barada ýörite gepleşik guramagy planlaşdyrýar we bu barada siziň pikirleriňize, bellikleriňize garaşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.