Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pile önümçiligi: Tut ýapragynyň gytçylygy onuň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna getirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen hökümeti ýurtda pile borçnamasyny artdyran mahaly, ýüpek gurçuklarynyň iýmitlenmegi üçin zerur bolan tut agaçlarynyň ýiti ýetmezçiligi güýçlenýär. Bu gytçylyk tut agajynyň ýapraklarynyň bahasynyň birde üç esse gymmatlamagyna getirdi. Maryly pileçiler tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi we gymmatçylygy sebäpli ýüpek gurçuklarynyň ölmeginden we döwlete bergili çykmakdan alada edýärler.

Bu ýagdaýlar barada Mary welaýatyndan maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, şu günler Murgap etrabynyň ençeme daýhan birleşiginde, şol sanda "Kuýbaş" daýhan birleşiginde ýüpek gurçugyna ideg edýän pileçiler her gün tut agaçlarynyň gözlegine çykýarlar.

"Gurçuklar günsaýyn ulalýar. Olar şu günküden ertir has köp ýaprak iýýärler. Ýöne tut agaçlary we ýapraklary tapdyrmaýar" diýip, murgaply bir ýaşaýjy 4-nji maýda gürrüň berdi.

Habarçymyz tut agajynyň ýetmezçiliginiň onuň bahasynyň birden üç esse gymmatlamagyna getirendigini hem habar berýär. Iki hepde mundan ozal pileçiler bir düýp tut agajynyň ýapragyny goparyp almak üçin 3 manat töleýärdiler. Häzir onuň bahasy 10 manada ýetdi.

"Men diňe meniň satyn alýan hojalygymda tut agajynyň ýapraklarynyň bahalary ýokarlanandyr öýtdüm, ýöne aýlanyp görsem, beýleki hojalyklarda-da bahalar üç esseden-de has köp ýokarlanypdyr" diýip, murgaply ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanda pile öndürmek bugdaý, gowaça, ýeralma, şugundyr önümçiliginde bolşy ýaly döwlet plan borçnamasy esasynda ýerine ýetirilýär. Bu oba hojalyk çäresi bir tarapdan, kärendeçileriň we býujet işgärleriniň boýnuna mejbury dakylsa, beýleki tarapdan, ýüpek gurçuklary oňa ideg etmäge isleg bildirýän ýurt raýatlaryna hem paýlanýar. Döwlet olary ýüpek gurçuklarynyň tohumlary bilen üpjün edýär. Şol bir wagtda, pileçiler öz hasyllaryny döwletiň kesgitlän satyn alyş nyrhyndan döwlet ammaryna tabşyrmaga borçly edilýärler.

Häzirki wagtda maryly pileçiler tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi we gymmatçylygy sebäpli döwletden alan gurçuklarynyň ölmeginden, munuň üçin özleriniň günäkär edilmeginden we döwlete bergili çykmakdan alada edýärler.

"Biz ýüpek gurçugyna ideg etmek işine baýamak üçin girişmedik. Geçen ýyl iki hepde diýen ýaly saçagymyzda hiç hili çörek bolman günlerimiz boldy. Bu ýyl hem şol güne düşmäli diýip, ýüpek gurçugyna ideg etmäge isleg bildirdik. Ýöne tut agaçlarynyň ýetmezçiligi we olaryň aşa gymmatçylygy sebäpli peýda görmek beýle-de dursun, zyýan çekmekden alada edýäris" diýip, murgaply pileçi belledi.

Hökümet maslahatlarynda pile öndürijileriň ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün edilýändigi yzygiderli tekrarlanýar. Ýöne pile öndürijiler sebitde ýüpekçilik üçin zerur şertleriň döredilmeýändigini, onuň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmaýandygyny, tut agaçlarynyň we ýapraklarynyň ýetmezçilik edýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Galyberse-de, maryly pileçiler hojalyklarda tut nahallarynyň özbaşdak oturdylmagyna rugsat berilmeýändigini hem habar berýärler. Beýleki tarapdan, häkimiýetler ýurduň käbir sebitlerinde tut agaçlaryny oturdyp, ýetişdirmek işini hususy mellek eýeleriniň boýnuna mejbury dakmaga çalyşýar.

"Häkimlik 8-12 gektar ýeri bolan hususy mellek eýeleriniň her birinden 10 düýp tut nahalyny oturtmagy talap etdi. Ýöne häkimligiň bu talaby ilat tarapyndan sowuk garşy alyndy we adamlar oňa garşy çykdylar" diýip, Lebap welaýatynyň Farap etrabyndan bir daýhan apreliň başynda gürrüň beripdi.

Türkmen häkimiýetleri döwletiň pile önümçiligi üçin býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan pul hem ýygnaýar. Geçen ýylyň maýynda Lebapdaky habarçymyz häkimiýetleriň kärendeçilerden we mugallymlardan her kilogram pile üçin 100 manat talap edendigini habar berdi.

Şu ýyl ýurt boýunça 2 müň 300 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Türkmen häkimiýetleri geçen ýyl ýurtda 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilendigini yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG