Türkmenistan Russiýa Ukraina çozaly bäri geçen iki aý wagt içinde ilkinji gezek bu ýurduň halkyna ynsanperwer kömek ibermek kararyna geldi. Mundan öň TDH Aşgabadyň goňşy ýurtlara, şol sanda Owganystana, Eýrana, Russiýa iberýän ynsanperwer kömekleri barada habar beripdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat üçin çap eden maglumatynda aýdylmagyna görä, ukrain halkyna niýetlenen ynsanperwer kömegi şu ýylyň aprelnde iberiler. Emma habarda Ukrainada barýan ýykgynçylykly uruş, ýurduň halkynyň çekýän agyr zyýany agzalamýar.
Şol bir wagtda Ministrlik bu kömegiň türkmen halkynyň ynsanperwerlik däpleri esasynda iberiljekdigini belleýär.
Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden, Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň beýleki önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar diýip, habarda aýdylýar.
Bu kömegiň iberiljegi Türkmenistanyň öz Lebap we Mary sebitlerinde bolan hälkçilikli gaý-harasadyň ýyl dönüminiň bir gün öňünden mälim edildi. Aşgabat şonda bu tupandan ejir çekenler, adam ýitgileri barada hiç bir resmi maglumat bermändi.
Türkmenistan Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyny ýazgarmak boýunça BMG derejesinde guralan ses berişliklere gatnaşmady, Ukrainada barýan uruş barada öz ilatyna maglumat bermeýär we şu aralykda, synçylaryň pikirine görä, Russiýa bilen aradaky däp bolan gatnaşyklaryny has-da ýygjamlandyrmaga çalyşýana meňzeýär.