Türkmenistanyň Mary welaýatynda ilatyň maska geýmek baradaky düzgünleri berjaý edişine gözegçilik ýene-de güýçlendi. Şu günler Baýramaly şäherinde maska režimini bozanlara jerime ýazmak işi güýçli depginde alnyp barylýar. Polisiýa işgärleri bu çäreleriň özlerine berlen görkezmeler bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri raýatlara "maskany talaba laýyk dakynmandygyny aýdyp, dürli bahanalar bilen, 50 manat jerime ýazýarlar.
"Ýaşaýjylar maskasyny dogry we talaba laýyk dakynan bolsa-da, olaryň burny görünmese-de, "burnuň görünýär ýa-da gyşyk dakypsyň" diýip jerime ýazýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly ýaşajy 19-njy aprelde gürrüň berdi.
Polisiýa işgärleriniň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, häzirki wagtda polisiýa işgärlerine maska geýmek baradaky düzgüni bozanlary tutmak boýunça gündelik plan berlip, olardan her güni şol plany dolmak talap edilýär.
"Biz bilen ýörite ýygnak geçirdiler. Ýygnakda bize her birimiziň her güni maska düzgünini bozan 10 adamy tutup, olara jerime ýazyp, bu baradaky protokoly tabşyrmalydygymyzy aýtdylar" diýip, bir polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri düzgüni bozanlary tapman, gündelik plany dolup bilmeseler, onda olar öz aýlyklaryndan her gün 500 manada çenli serişdäni ýolbaşçylara geçirmeli bolýarlar.
"Ýolbaşçylar bu puly tabşyrmadyk polisiýa işgärleriniň "iş başarmaýar" diýlip, wezipeden boşadyljakdygy we ýangyn söndürij gullugyna işe geçiriljekdigi barada haýbat atýarlar" diýip, polisiýa işgäri belledi.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda raýatlaryň tas ählisi maska režimini doly berjaý edýär. Şol sebäpli ol bu gündelik plany dolmagyň tas mümkin däldigini aýdyp, özleriniň başga bahanalar bilen, ilata jerime ýazmaga ýa-da olardan para almaga mejbur bolýandygyny aýdýar.
"Biziň aýlygymyz 3000 manat. Iş wagtymyz gutarýança adamlardan näçe pul jemläp bilsek jemläp, galanyny öz aýlygymyzdan goýmaly bolýarys. Şonuň üçin başga dürli bahanalar gözläp, ýagny köçeden geçende geçilmeli ýerden geçmediň, gyrada çilim çekýänleri, köpgatly jaýlaryň arasynda durup, köpgatly jaýlaryň girelgesinden çykanda maskasyny dakyp çykanlara "burnuň açyldy" diýip we beýleki dürli bahanalar bilen 10-20 manat bermeklerini sorap, jerime ýazjak däl diýip, ilatdan pul çöpleýäris" diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Baýramaly şäheriniň polisiýa bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde lukmançylyk maskalaryny dakynmak talaby 2020-nji ýylyň iýulynda, BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň ýurda eden saparyndan soň girizilipdi. Daşary ýurt bilermenleri şonda Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdiler.
Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bolsa, maska dakynmak talabyny ilatyň saglygyny "howadaky tozan bölejiklerinden goramagyň" zerurlygy bilen düşündiripdi. Şondan bäri häkimiýetler maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçiligi käte gowşadýar, käte-de berkidýär.
Häzirki wagtda bu režime gözegçiligiň güýçlenmegi, Türkmenistanda 1-nji aprelden başlap karantin çäreleriniň möhletiniň ýene-de uzaldylmagynyň yz ýanyna gabat geldi. 6-njy aprelde habarçylarymyz koronawirus çäklendirmeleriniň ýene iki aýa, 1-nji iýuna çenli uzaldylandygyny aýtdylar. Şondan soňra köpçülik ýerlerinde maska dakynmak talaplary, ýurduň içindäki syýahat çäklendirmeleri gaýtadan güýçlendirildi, bazarlaryň ençemesi ýene-de ýapyldy.
Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli saglyk işgärleriniň birnäçesi karantin çäklendirmeleriniň ýene güýçlendirilmegini daşary ýurtdan gelen raýatlarda COVID-19-yň "delta" görnüşiniň tapylmagy we ilat arasynda koronawirusyň, pnewmoniýanyň ýaýramagy bilen baglanyşdyrýar.
Türkmen hökümeti pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda berk karantin çäklendirmelerini girizse-de, Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň hasaba alnandygyny ykrar etmeýär. BSG türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirusyň ýoklugy baradaky öňe sürmelerine birnäçe gezek şübhe bildirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.