Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukraina topa tutulýar, Zelenski “Donbas söweşiniň” başlanandygyny aýdýar


Luhansk regiony, Lisiçansk
Luhansk regiony, Lisiçansk

Ukrain harbylary rus güýçleriniň gündogar Ukrainanyň front çäkleriniň tas ählisine garşy "agressiw çärelere" başlandygyny aýdýarlar, prezident Wolodymyr Zelenski munuň gündogar Donbas sebitinde köpden bäri garaşylýan hüjümiň başlangyjy bolandygyny öňe sürdi. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bolsa, şu aralykda, Buça şäherinde uruş jenaýatlarynda aýyplanýan harby brigadany hormatly at-dereje bilen sylaglady.

Ukrain mediasy 19-njy aprelde Donetsk sebitiniň front çäklerinde ýerleşýän Marinka, Slawýank we Kramatorsk şäherleriniň agyr top okuna tutulandygyny habar berdiler.

Zelenski Russiýanyň gündogar Ukrainadaky "Donbas söweşine" başlandygyny we "häzir tutuş rus goşunynyň örän uly böleginiň şu hüjüme gönükdirilendigini" aýtdy.

"Olar bu ýere näçe kän rus goşunyny ibersin, tapawudy ýok, biz söweşeris, özümizi gorarys" diýip, Zelenski 18-nji aprelde eden wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Ukrainanyň howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli resmisi Oleksi Danilow rus güýçleriniň "Donetsk, Luhansk we Harkow sebitleriniň front çäkleriniň tas ählisinde ukrain goragyny böwüsmäge synanyşandygyny" aýtdy.

Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak muny “urşuň ikinji tapgyry” diýip atlandyrdy.

Mariupol
Mariupol

Russiýanyň Goranmak ministrligi soňky hüjümler barada häzirlikçe hiç zat aýtmady.

Zelenski şäherleriň ählisindäki ukrain goragçylaryna, şol sanda Azow deňziniň gabaw astyndaky port şäherini, Mariupoly goraýan adamlara, şeýle-de, Harkow sebitinde “tutuş döwletiň ykbalyny goraýan” we gorap saklaýan watandaşlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 19-njy aprelde öz güýçleriniň öten agşam Ukrainadaky 1260 nyşana zarba urandygyny we Donetsk sebitinde bu ýurduň MiG-29 uçaryny urup ýykandygyny aýtdy. Emma bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Rus güýçleriniň 18-nji aprelde günbatar Ukraina, Lwow şäherindäki harby infrastruktura uran tapgyrlaýyn raketa zarbalary azyndan ýedi adamyň ölmegine sebäp boldy.

Ukrainanyň baş ştaby özüniň "gündogar operasiýa teatrynda hüjümiň başlanmagynyň alamatlaryny" görendigini, şeýlelikde, ünsüň Harkow we Donetsk sebitlerine gönükdirilene meňzeýändigini aýtdy.

Luhansk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý hem edilýän hüjümler barada habar berdi.

Lwowda öldürilen ýedi adamdan başga, bu ýere urlan raketa zarbalaryndan 11 adam ýaralandy we hassahana ýerleşdirildi diýip, günbatar şäherdäki hökümet işgärleri 18-nji aprelde, irden aýtdylar.

Sebit häkimi Maksym Kozytski üç raketanyň harby infrastruktura desgalaryna, biriniň bolsa teker dükanyna gelip urandygyny aýtdy. Ol infrastrukturanyň “gaty zaýalanandygyny” we halas ediş toparlarynyň raketa zarbasy sebäpli turan ýangyna garşy göreşmeli bolandygyny aýtdy.

Harkow
Harkow

Ýurduň beýleki ýerlerinde barýan söweşlerden gaçyp gelen ukrainalylaryň ýerleşen myhmanhanasy hem agyr zyýan ýeten desgalaryň biri boldy diýip, Lwow şäheriniň häkimi Andriý Sadowi aýtdy.

Lwow we günbatar Ukrainanyň galan bölekleri, ýurduň beýleki ýerlerine garanyňda, urşuň az täsir ýetiren künjekleri boldy we degişlilikde jennet mekany hasaplandy.

Russiýa Lwowa urlan zarbalaryň ýaňy-ýakynda Ukraina iberilen daşary ýurt ýaraglarynyň uly ammaryny we Kiýew sebitindäki ok-däri desgasyny ýumrandygyny aýtdy. Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkowyň aýdan sözleri garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

18-nji aprel güni irden paýtagt Kiýewde we Dnipropetrowsk sebitinde-de köp partlamanyň bolandygy habar berildi. Ukrainanyň “Suspilne” habar guramasy Dnipropetrowsk hüjümlerinde iki adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk 19-njy aprelde Russiýa bilen tapgyr üçünji gün hiç hili ynsanperwer koridorynyň ylalaşylmandygyny aýtdy. Bu ýagdaý birnäçe şäherde, şol sanda daşy gabalan Mariupol portunda galan müňlerçe adamyň howpsuz ýere çykarylmagynyň öňüni alýar.

“Gynansak-da, bu ýerde gumanitar koridorlary açylmady. Donbasda güýçli top atyşlygy dowam edýär” diýip, Wereşçuk 19-njy aprelde öz telegram hasabynda ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.

"Biz Herson we Harkow sebitlerinde gumanitar koridorlary açmak boýunça kyn gepleşikleri dowam etdirýäris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Mariupol gabawynyň dowam etmegi parahat ilatdan "köp adamyň ýitirilmegine” we "infrastrukturanyň köp böleginiň” ýykan-ýumran edilmegine sebäp boldy diýip, Ukrainanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

Ministrlik Russiýany, Moskwanyň sebäpsiz başlan urşunda ne şäherlere zarba urjakdygyny, ne-de ukrain ilatyna howp saljakdygyny aýtmagyna garamazdan, bütin urşuň dowamynda raýat sebitlerine garşy hüjüm edip, Çeçenistanda we Siriýada parahat ilata garşy ýaýbaňlandyran taktikalaryny ulanmakda aýyplady.

Ukrain resmileriniň maglumatyna görä, Mariupoluň uruşdan öňki 450 müň ilatyndan takmynan 100,000 adam azyk, suw, ýylylyk ýa-da elektrik üpjünçiliginden kesilen şäherde çykyp bilmän galdy.

Emma muňa garamazdan, premýer-ministr Denis Şmyhal Mariupoly goraýan ukrain güýçleriniň rus goşunlaryna garşy soňuna çenli söweşjekdigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 18-nji aprelde Buça şäherinde uruş jenaýatlarynda aýyplanýan harby brigadany hormatly at-dereje bilen sylaglady.

Putiniň gol çeken karary esasynda 64-nji awtoulagly atyjylyk brigadasyna, "Watan we döwlet bähbitlerini" gorandygy üçin divlip, "gwardiýaçy" diýen dereje berildi we onuň agzalarynyň "köpçülikleýin gahrymançylygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy we mertligi" nygtaldy.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi sylaglanan harby bölümiň Kiýewiň demirgazyk-günbataryndaky Buçany basyp alanda "uruş jenaýatlaryna" ýüz urandygyny we pidalar üçin adalatyň dabaralanmagy ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Ukrain polisiýasy geçen hepde Buçada öldürilen parahat adamlaryň aglabasynyň ok ýarasyngdan ölendigini aýtdy. Heläk bolanlaryň käbiriniň elleri arkalaryna daňylgy eken.

XS
SM
MD
LG