Öňümizdäki okuw ýylynyň başlanmagyna entek bäş aý barka, Aşgabadyň orta mekdepleriniň birinde okuwçy gyzlara täze okuw köýnegi üçin ýaşyl reňkde mata satylyp başlandy. Ene-atalar we käbir mugallymlar okuwçylaryň boýnuna mejbury dakylýan bu çäräni mekdep ýolbaşçylarynyň "öz jübülerini doldurmak synanyşygy" häsiýetlendirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, şu hepde şäheriň 82-nji mekdebinde okuwçy gyzlara ýaşyl reňkde mata paýlandy. Iki metr on santimetr uzynlygyndaky bu mata üçin okuwçylardan 100 manat ýygnaldy.
"Okuwçy gyzlar häzirki okuw ýyly tamamlanmanka, 2022-2023-nji okuw ýylynda geýjek köýnekleri üçin matalary şu wagt satyn almaly boldular. Olara bazardan mata almaga rugsat berilmeýär. Matalary almakdan ýüz öwren okuwçylara synagda pes baha goýuljakdygy, ýaramaz häsiýetnama ýazyljakdygy barada haýbat atylýar" diýip, aşgabatly ene anonimlik şertinde 7-nji aprelde gürrüň berdi.
Ene-atalaryň ençemesi Türkmenistanyň dokma kärhanalary tarapyndan öndürilen bu matalaryň hiliniň juda ýaramazdygyndan, bir gezek ýuwulandan soňra, olaryň reňkiniň akyp, solýandygyndan şikaýat edýärler.
"Bu matalar ýelimsiz boýag bilen boýalýar. Şol sebäpli olar ýuwulanda, matanyň boýagy suw bilen akyp gidýär. Okuwçylardan talap edilýän bu pula bazarlarda has ýokary hilli matalary satyn alyp bolýar" diýip, aşgabatly ene belledi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçy gyzlar beýleki talaplar bilen bir hatarda, ýaşyl reňkde köýnek geýmäge we saçlaryny iki örmäge mejbur edilýär.
Mundan 10 ýyl çemesi ozalky döwre çenli okuwçy gyzlar ýaşyl reňkdäki matalary özleri saýlap, bazarlardan satyn alyp bilýärdiler. Ýöne soňky onýyllykda mekdepleriň aglabasynda gyzlaryň matalary saýlap almak erkinligi çäklendirilip, olardan diňe mekdep ýolbaşçylarynyň üpjün eden matalaryny satyn almak talap edilýär.
Bu matalar adatça okuw ýylynyň başlanmagyna bir aý çemei wagt galanda, ýagny awgustyň başynda paýlanýardy. Ýöne 2019, 2020 we 2021-nji ýyllarda bu çäre maý aýynyň ahyrynda amala aşyrylyp başlandy.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, mekdep ýolbaşçylary bu ýyl matalary paýlamagyň aprel aýyna çenli öňe süýşürilmeginiň sebäplerini düşündirmeýärler. Olar diňe "munuň ähli okuwçylaryň köýnekleriniň bir meňzeş bolmagyny üpjün etmek maksady bilen amal edilýändigini" aýdýarlar.
Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ene-atalar we mugallymlar bu mejbury çäräni mekdep ýolbaşçylarynyň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, "jübülerini doldurmak synanyşygy" häsiýetlendirýärler.
"Paýtagtyň orta mekdepleriniň müdirleri pul gazanmaga howlukýarlar. Her ýyl okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümi döwründe haýsy mekdep müdiriniň öz ýerinde galjakdygy we kimiň wezipesini terk etjekdigi baradaky mesele çözülýär. Şol sebäpli häzirki wagt mekdep müdirleri jogapkärli wezipäni eýelän wagtynda alyp boljak zatlaryny çalt almaga howlukýarlar. Mekdep müdirleri hili pes matalary lomaý bahadan satyn alyp, gymmat bahadan okuwçylara satýarlar" diýip, paýtagtly mekdep mugallymlarynyň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Bilim ministrliginden, Aşgabadyň bilim müdirliginden we agzalan mekdepden kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda ýaşlary okuw esbaplaryny kesgitlenen ýerden satyn almaga mejbur etmek tejribesine ýurduň ýokary okuw jaýlarynda hem duş gelse bolýar.
Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlary eýeleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.