Giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky habarlaryň arasynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 12-nji mart irki prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň 72,97 göterim ses alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.
Işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabadyň “Oguzhan” köşkler toplumynda prezidentlige kasam kabul edip, wezipä girişer.
Merkezi saýlaw toparyna (MST) görä, saýlawçylaryň 11,09 %-i Aşgabat şäheriniň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Hydyr Nunnaýewa, 7 % töweregi Agrar partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Agajan Bekmyradowa ses beripdirler. Sesleriň galan 10% töweregini beýleki dalaşgärler öz aralarynda paýlaşypdyrlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary saýlawlaryň öňüsyrasynda we saýlawlaryň dowamynda Serdar Berdimuhamedowa ses bermek barada saýlawçylara duýduryş berilýändigini habar berdiler. Galyberse-de, Azatlygyň çeşmeleri 13-nji marta geçilen gije bir welaýatda “nädogry kandidata” berlen sesleriň Serdar Berdimuhamedowyň bähbidine üýtgedilýändigini habar berdiler.
Türkmenistanda prezidentiň oglunyň 'saýlanan prezident' yglan edilmegi bilen post-sowet Merkezi Aziýada ilkinji gezek dinastik mirasdüşerlik amala aşyryldy we ýokary döwlet wezipesi atadan ogla geçirildi.
Syýasy we raýat azatlyklar berk çäklendirilýän, özge pikirlilik berk basylyp ýatyrylýan hem-de oppozisiýanyň häkimiýetler tarapyndan köki gyrlan ýurtda ýokary döwlet wezipesiniň resmi taýdan atadan ogla geçirilmegi, synçylara görä, kyn bolmady.
Ýöne mundan ozal ýurtda geçirilen prezident saýlawlaryndan tapawutlylykda, ýeňijiniň bary-ýogy 73 göterim töweregi ses alandygy yglan edildi. Ýatlasak, Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji we 2012-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda 97 % töweregi, 2007-nji ýylyň saýlawlarynda bolsa tas 89 % töweregi ses alyp, prezident yglan edildi.
Ýöne bu saparky saýlawlarda ýeňiş gazanan dalaşgäriň sesleriň 73% töweregini gazanandygy yglan edildi. Garaşsyzlyk taryhynda geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly synçylar tarapyndan erkin we adalatly saýlaw hökmünde ykrar edilmedik Türkmenistanda näme sebäpden ýeňijiniň, ozalky ýyllaryň saýlawlaryndan tapawutlylykda, bary-ýogy 73% ses alandygy yglan edildi?
73 göterim ses Türkmenistanyň şertlerinde köpleri geň galdyrdy. Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer, bu netijäniň Türkmenistanda, hamala, saýlawlaryň erkin we adalatly geçirilendigi barada pikir döretmek üçin yglan edilen bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.
Saýlaw netijesi saýlawlar babatda iň garaşylmadyk waka bolandyr. Ýeňiji 72,97 ýa-da takmynan 73 göterim ses aldy. Meniň tanaýan adamlarymyň hiç haýsy beýle bolar öýtmändi. Hemmeler [Serdar Berdimuhamedow] 90 göterimden gowrak ses alar öýdýärdi. Yglan edilen netijäniň sebäbine düşünmek aňsat däl. Olar muny, hamala, hakyky saýlaw geçirildi diýmek üçin şeýle etdilermi? Meniň pikirimçe, aşa çaklama ýöretsek, ol [Serdar Berdimuhamedow] saýlawlarda hakykatdan-da gowşak çykyş etdi. Sanlardan çen tutulsa, saýlawçylaryň 27 göterimden gowragy oňa ses bermedi. Näme sebäpden olaryň ‘daşky dünýä saýlaw netijelerine ynansyn’ diýip, netijäni 73 göterim hökmünde yglan edendiklerine düşünmek aňsat däl, sebäbi daşky dünýä onsuz hem hakyky saýlawa garaşmaýardy ahbetin! Bu netije Serdar Berdimuhamedow üçin örän täsin netije. Men örän geň galdym” diýip, Panniýer aýtdy.
Galyberse-de, ekspertiň sözlerine görä, 73 göterimlik saýlaw netijesi Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowdan has köp ses almandygyny görkezmek üçin yglan edilen bolup biler. Gaýtalap aýtsak, 15 ýyl mundan ozal reforma wadalary bilen döwlet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow ilki 89 %, soňra yzly-yzyna 97 % ses alypdy.
Türkmenistan irki prezident saýlawlaryny geçirdi, ses berişlik tamamlandy, netijeler yglan edildi. Indi näme bolar? Türkmen halky nähili üýtgeşiklige garaşmaly?
Panniýeriň ynanjyna görä, saýlaw netijeleriniň wagtlaýyn hem bolsa ilatyň ýaşaýyş-dumurşyna, halkyň azyk üpjünçiligine, bankomatdan pul nagtlaşdyrmak işlerine ýakyn möhletde täsir etmegi mümkin.
Çakym çak bolsa, gysga möhletde Türkmenistanda wagtlaýyn eşretli durmuş ýaly bir zatlar bolar, ýöne bu ýerde eşret sözi, belki-de, örän uly manylary aňladýar, şoňa meňzeş bir zatlar bolar. Meniň pikirimçe, öňümizdäki birnäçe aýyň dowamynda esasy azyk önümlerini satyn almak biraz aňsatlaşar, belki-de, prezidentiň edarasynyň ritorikasy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny tankytlamazdan, halkyň jebir-jepasyna belli bir derejede duýgudaşlyk äheňde bolar. [Wagtlaýyn hem bolsa] adamlar iş tapar, ýük ýeňlär, adamlaryň ýüki ýeňlär. Ýöne men bu çäreler uzak dowam eder öýtmeýärin” diýip, Panniýer aýtdy.
Ekspert bu ýagdaýyň uzak dowam etmezlik ähtimallygyny ýurduň maliýe kynçylyklary bilen düşündirdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda jemgyýetçilik ünsi 40 ýaşly Serdar Berdimuhamedowa çekildi, ol ýokary hökümet wezipelerine göterildi, sebäbi prezident kakasy ony tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan ýurduň prezidenti wezipesine taýýarlady.
Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylda syýasata girdi, parlamentiň agzasy boldy, Daşary işler ministrliginiň Halkara habar serişdeleri bölümine ýolbaşçylyk etdi.
Ol 2018-nji ýylyň martynda daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine göterildi, şondan bäri onuň syýasy karýerasy diňe ýokary göterilmek bilen boldy, birnäçe aý aralyk bilen ol täze we has ýokary wezipelere göterildi.
2019-njy ýylyň ýanwarynda Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi, şondan ýarym ýyl soň bolsa, häkim wezipesini eýeledi.
2020-nji ýylyň fewralynda ol ilki senagat ministri boldy, aradan bir ýyl geçenden soňra, wise-premýer wezipesine bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow hökümet wezipeleri bilen bir hatarda “Türkmen alabaý itleri” birleşigine hem-de Halkara ahalteke atçylyk birleşigine ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň uçurymy bolan Serdar Berdimuhamedow Ženewada we Moskwada degişlilikde halkara howpsuzlygy we halkara gatnaşyklar ugrundan ýokary bilim aldy. Ol maşgalaly we dört çaganyň kakasy. Onuň maşgalasy barada şulardan başga maglumat mälim däl.
Serdar Berdimuhamedow garyplykdan, korrupsiýadan we giň ýaýran işsizlikden ejir çekýän ýurdy miras alýar. Çaga dogluş derejesiniň birneme ýokarydygyna garamazdan, Türkmenistan ilatyň azalmagy bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar. Şahsy erkinligiň hem-de mümkinçilikleriň ýoklugy sebäpli millionlarça adam ýurdy terk etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.