Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň rekord mukdarda gaz çykarandygyny aýdýan döwri metan syzmalarynyň hakyky möçberine alada bildirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýäniň global energiýa pudagynda metan syzmalarynyň möçberiniň hakyky mukdary resmi derejede görkezilýän sanlardan has köp diýip, Halkara energiýa agentligi habar berýär.

Onuň soňky Global Metan-trekeri ýyllyk hasabatynda energiýa sektoryndaky metan syzmalarynyň hökümetleriň hödürleýän sanlaryndan tas 70% ýokarydygy aýdylýar.

Bellesek, iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar.

Ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan we öz çägindäki gaz gorlarynyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.

Azatlygyň mundan ozal hem “Bloomberg” neşirine salgylanyp habar berşi ýaly, Türkmenistan planetany gyzdyrýan metan gazyny syzdyrmagyň möçberi boýunça dünýäde iň ýokary derejeleriň birini eýeleýär we bu barada uly alada bildirilýär.

Şol bir wagtda, şu aýyň ortasynda türkmen häkimiýetleri geçen ýyl ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamyndaky rekord derejede tebigy gazyň çykarylandygyny habar berdi. Maglumata görä, 2021-nji ýylda 83 milliard 772,9 million m3 gaz çykarylypdyr.

XS
SM
MD
LG