Aşgabatda häkimiýetleriň köçelerdäki itleri we pişikleri tutmak hem-de ýok etmek işleri güýçli depginde dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we haýwanlary goraýjy aktiwistleriň sözlerine görä, häkimiýetler indi bu işlere çagalary hem çekýär. Köçelerde tutulyp, ýörite angara eltilen idegsiz haýwanlar aç we suwsuz köpçülikleýin ölýär. Bu waka häkimiýetleriň Halk Maslahaty mejlisine taýynlyk görýän wagtyna gabat gelýär.
Aşgabadyň häkimiýetleri indi iki hepdä golaý wagt bäri köçelerdäki itleri we pişikleri taýak bilen urup ýa zäherläp tutmak işlerini güýçli depginde dowam etdirýär. Köçelerde tutulan haýwanlar Aşgabadyň eteginde ýerleşýän galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň çägindäki angara eltilip tabşyrylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we haýwanlary goraýjy aktiwistleriň sözlerine görä, häzirki wagt häkimiýetler bu işlere öýsüz haýwanlary tutmak işi bilen meşgullanýan gurluşlaryň işgärleri bilen bir hatarda, çagalary hem çekýär.
"Çagalar 5 manat üçin itleri we pişikleri köpçülikleýin öldürýärler. Olar elleri haltaly we taýakly aýlanýarlar. Bu ýagdaýlara 30-njy etrapçanyň, 2-nji seýilgähiň we sirkiň töwereklerinde duş gelse bolýar. Umuman, bu çäre şäheriň hemme ýerinde diýen ýaly güýçlendi. Adamlar howsala düşýärler" diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly it eýesi gürrüň berdi.
Öýsüz haýwanlary tutmak işi bilen meşgullanýan gurluşlardaky çeşmelerimiziň habarçymyza gürrüň bermegine görä, angara eltilen haýwanlar aç we suwsuz köpçülikleýin ölýär.
"Açlyk sebäpli uly itler kiçijik itleri we güjükleri iýýärler we suwsuzlykdan peşew içýärler. Angara meýletinçiler goýberilmeýär. Öňki meýletinçileriň hem girmegine rugsat berilmeýär. Şeýle-de, haýwanlary ýiten raýatlar-da bu angara goýberilmeýär" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Ol bu angara meýletinçileriň goýberilmegi bes edilenden soň, bu ýerde olaryň haýwanlar üçin döreden ähli oňaýly şertleriniň ýok edilendigini we enjamlaryň talanandygyny hem sözüne goşdy.
Häkimiýetleriň bu çäreleriniň fonunda, sosial ulgamlarda, şol sanda IMO messenjerinde haýwanlary goraýjy aktiwistleriň we haýyr-sahawatçy telekeçileriň işjeňligi artdy. Olar köçelerde zäherlenendigi ýa-da taýak bilen urlandan soň, şikes ýetendigi aýdylýan haýwanlaryň suratlaryny çap edip, raýatlary öz öý haýwanlaryny daşary goýbermezlige we mümkinçilikleri bolsa, köçelerdäki haýwanlary bukmaga çagyryş edýärler. Şeýle-de, olar häkimiýetleri angary meýletinçilere açmaga hem çagyrýarlar.
Bu çagyryşlardan soň, habarçymyzyň sözlerine görä, häkimiýetler bu adamlara basyşlaryny artdyrdy. Şu günler özlerini kanun goraýjy edaralaryň işgärleri diýip tanyşdyrýan adamlar haýwanlary goraýjy aktiwistleriň öýlerine we haýyr-sahawatçy telekeçileriň iş ýerlerine aýlanýarlar.
"Bu adamlar olary soraga çekip, olara näme üçin şeýle mazmunly çagyryşlary edendikleri we haýwanlaryň sanlary baradaky maglumatlary näme üçin köpçülige ýaýradandyklary baradaky sowallary berýärler. Şeýle-de, bu adamlar olaryň arasynda "duşman" gözleýärler" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlyga ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.
Ýurtda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň we ýok edilmeginiň häzirki tolkuny, türkmen häkimiýetleriniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýynlyk görýän mahalyna gabat gelýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň (Mejlisiň) ýokarky öýi bolan Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçirilýär.
Türkmen häkimiýetleri indi ençeme ýyl bäri döwlet baýramçylyklarynyň we möhüm syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, türkmen paýtagtyny we ýurduň sebitlerini "itlerden we pişiklerden arassalamak" işlerine girişýär.
Ýurt ýolbaşçylary “Türkmen alabaýy” çopan tohumyna degişli itiň kultuny ösdürýän mahaly, öýsüz-öwzarsyz haýwanlaryň köpçülikleýin tutulmagy we ýok edilmegi barada hiç hili mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.