17-nji ýanwarda, hepdäniň birinji güni Türkmenistanda 4.3 magnitýudly ýer titremesi boldy diýip, “volcanodiscovery.com” neşiri habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, 10 kilometr çuňlukdaky ýer yranmasy Lebap sebitinde, öýlän sagat 3:30-da bolupdyr.
Türkmenistanda, şol sanda paýtagt Aşgabatda ýer yranmalary ýygy-ýygydan bolup durýar. Emma türkmen metbugaty, adatça, ýer yranmalary, çekilen zyýan, adam ýitgiler barada habar bermeýär.
Şol bir wagtda, sowet döwründe, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan güýçli ýer titremesi barada, ilki az, soňra köp maglumat peýda boldy we olar ilatyň tebigy hadysalardan habardarlyk baradaky düşünjelerini köpeltdi diýip, synçylar aýdýar.