Agyr ýagan ýagyşlar Guşgy derýasynyň joşmagyna sebäp bolýar
16-17-nji ýanwarda ýagan ýagyşlar Guşgy derýasyna guýýan suw akymlarynyň güýçlenmegine we suw joşmasyna alyp geldi diýip, “Meteožurnal” “Senitel-2 L2A” hemrasynyň ýokary derejeli suratlaryna salgylanyp habar berýär.
Çap edilen suratlar adatça suwy az bolýan we her ýyl 5-6 aýlap guraýan Guşgy derýasynyň suwunyň näderejede köpelendigini açyk-aýdyň görkezýär. Bu, neşiriň ýazmagyna görä, 2020-nji ýyldan bäri bolan ilkinji suw joşmasy bolup durýar.
Habarda bellenmegine görä, soňky günlerde Guşga düşen çyglylyk 40 mm bolup, bu tasdan bir aýlyk kadalara deň hasaplanýar.
Tagtabazarda çyglylygyň derejesi 42 mm boldy. Guşga düşen 40 mm çyglylyk 2021-nji ýylda ýagan ýagyşyň dörtden bir bölegine barabar diýip, neşir ýazýar.
Şeýle-de neşir Guşgy derýasynyň 17-nji ýanwardaky suratyny çap edip, suw joşmasynyň derejelerini görmek mümkinçiligini döredipdir. Guşgy derýasynyň geçen ýylyň aýagynda düşürilen suraty bilen deňeşdirilende, suwuň onlarça esse, belki-de ýüzlerçe esse köpelendigi görünýär diýip, habarda bellenýär.
Bu derýa gelýän suwlaryň esasy mukdary Owganystanyň daglarynda toplanýar. Mundan öň “Meteožurnal” Tejen we Murgap derýalarynyň geçýän ýerlerinde ýagjak güýçli ýagyşlar we suw joşma ähtimallyklary barada hem habar beripdi.
18-nji ýanwarda sebitde ýene ýagyş ýagmagyna garaşylýar, käbir ýerlerde güýçli tupan turup, ýyldyrym çakmagy hem mümkin.
Türkmen häkimiýetleri asuda ilaty, şol sanda çölde mal bakýan, ekin meýdanlarynda işleýän adamlary gapyl basyp biljek tebigy hadyslar barada habar bermekden adatça saklanýar.