Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda "maska ​​režimini" bozanlara garşy reýdler ýene täzeden güýçlendi


Türkmenistan. Dekabr, 2021
Türkmenistan. Dekabr, 2021

Maryda ilata gözegçilik çäreleri ýene-de güýçlendirildi. Polisiýa maska dakynmadyklary gözläp, köçelerde we bazarlarda reýd geçirýär. Düzgüni bozanlara jerime garaşýar.

Polisiýa we raýat geýimli howpsuzlyk işgärleri şäherleriň köpçülikleýin ýerlerinde berk gözegçilik edýärler. Köpçülikleýin reýdler esasanam köçelerde we bazarlarda göze ilýär.

Azatlygyň Marydaky habarçylary bu welaýatdaky soňky ýagdaýlar barada 29-njy dekabrda habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, köpçülik ýerlerinde maskalaryň dakylmagyna gözegçiligiň güýçlendirilmegi iki günden bäri dowam edýär. Bazarlarda polisiýa işgärleriniň sany köplenç alyjylaryň sanyndan köp bolýar. Bolgusyz ýagdaýlar ýüze çykýar.

"Sebitiň dürli künjeklerinden polisiýa işgärleri Baýramaly we Murgap etaplarynyň bazarlaryna ýygnanan ýaly boldy. Polisiýa we raýat geýimli howpsuzlyk işgärleri alyjylardan esli köp bolup görünýär. Olar hemme ýerde bolup, alyjylary ýakyndan synlaýarlar" diýip, habarçy gürrüň berýär.

Azatlygyň habarçysynyň şaýat bolan wakalaryň birinde müşderi süzme satyn almazdan ozal onu dadyp görmek isläpdir. Zenan maskasyny gapdala süýşürip ýetişmänkä, polisiýa işgärleri dessine onuň ýanyna baryp, ony golaýdaky awtobusa alyp gidipler. Soňra bu alyja jerime salnyp, boşadylandygy belli boldy.

Tutulan müşderi polisiýanyň maska režimini berjaý etmeýändigi üçin ondan 50 manat talap edendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol munuň ýaly pulunyň ýokdugyny düşündirensoň, polisiýa işgärleri ony 10 manada boşatmaga razy bolupdyr.

Marydaky etrap bazarlarynyň töweregindäki ulag duralgalary polisiýa awtobuslary we awtoulaglar bilen dolduryldy.

Murgapadaky mal bazarynda satyjylary we alyjylary maskasyz işjeň ýagdaýda anyklaýan raýat eşikli howpsuzlyk işgärleri köp.

"Köp adam suw içmek we çilim çekmek üçin maskalaryny çykarýar. Köpler seresaplylyk bilen hereket edýärler, maskasyny aýyrmazdan ozal töwerek-daşyna seredýärler. Emma raýat eşikli kanun goraýjy edaralaryň işgärleri derrew peýda bolýarlar. Soňra söwdalaşyp başlaýarlar. Olar satyjylardan 50 manat talap edýärler, 20 manady göwünsizlik bilen alýarlar"- diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürleşen ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Häzirki wagtda Marynyň polisiýasy awtoulag sürüjileriniň hem maskany kadaly dakynmagyna göz ýetirmäge işjeň synanyşýarlar. Polisiýa işgärleri maskalardan başga-da, awtoulagda ilkinji kömek gapyrjagynyň, ýangyn söndürijiniň bardygyny barlaýarlar, çyralaryň we beýleki detallaryň guratlygyny gözden geçirýärler we sürüjileri aşa tiz sürmekde günäleýärler we jerime salýarlar.

Habarçylaryň sözlerine görä, islendik bahana bilen sürüjilerden ortaça 10-20 manat pul talap edilýär. Hiç hili kwitansiýa berilmeýär.

COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistanda lukmançylyk maskalaryny dakynmak hökmanydyr. Jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmak talaby 2020-nji ýylyň iýulynda BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň saparyndan soň girizilipdi. Daşary ýurt bilermenleri şonda Türkmenistan ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdi. Ýurduň Saglygy saklaýyş ministrligi bolsa, maska dakynmak talabyny ilatyň saglygyny "howadaky tozan bölejiklerinden" goramagyň zerurlygy bilen düşündiripdi. Şondan bäri häkimiýetler maska režiminiň berjaý edilmegine berk gözegçilik edýärler.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda koronawirus keseliniň hökümet işgärleriniň, medeni işgärleriň we daşary ýurtly diplomatlaryň arasynda tapylandygyna garamazdan, COVID-19-yň ýaýramagyny we onuň netijelerini boýun almaýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarly çeşmesiniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda pandemiýa başlaly bäri koronawirusdan 25,000-den gowrak adam ýogalypdyr.

Koronawirus pandemiýasy ýurt ilatyň ykdysady ýagdaýynyň düýpgöter erbetleşmegine sebäp boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG