Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow maskasyz, tahýaly ýaşlara bilim we watançylyk sapagyny berdi


Türkmen TW-sinden alnan surat
Türkmen TW-sinden alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti 1-nji sentýabrda, paýtagtda we sebitlerde maska geýmek düzgünleriniň aňrybaş derejede berkidilen wagtynda, sapaklary bölekleýin onlýan görnüşine geçirilýän, şol bir wagtda-da maskasyz bir jaýa ýygnalan, emma berk milli eşik kadasynda, birmeňzeş geýindirilen ýaşlaryň öňünde umumy okuw sapagyny geçdi. Ol öz sapagynda dünýäniň ähli ýurdunda esasy aladalaryň birine öwrülen pandemiýa barada hiç zat aýtman, dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysadyýet ýagdaýlaryna garamazdan, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigini, bilim almak üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigini öňe sürdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar bilen döwlet baştutany, belent serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde duşuşýandygyny nygtap, garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylandygy aýdylýan üstünlikler barada ozal hem kän aýdylan sözleri gaýtalady we ýaşlaryň hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagyny ündew etdi.

“Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris” diýip, prezident aýtdy.

Emma synçylar Türkmenistanda ýaşlara berilýän bilim-düşünjäniň ýyl-ýyldan peselýändigini, bilimdäki korrupsiýanyň azalmaýandygyny, häkimiýetleriň okuwçylaryň we student ýaşlaryň okajak, bilim aljak wagtyny “gutarmaýan köpçülik çäreleri, metbugatdaky owadan sözler bilen ogurlaýandygyny” aýdýarlar.

Türkmenistanyň bilim ulgamy soňky otuz ýylda dürli synaglara sezewar edildi we ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan gysgaldylan okuw ýyllary soň, düýpli bilim özgertmelerini wada beren ikinji prezident tarapyndan uzaldylan hem bolsa, türkmen mekdeplerinde, ÝOJ-larynda berilýän bilimiň hili ýokarlanmady, bilimdäki korrupsiýa azalmady diýip, synçylar aýdýar.

Türkmen bilimindäki korrupsiýa, bahalaryň we diplomlaryň okamazdan satyn alynmagy sowet ýyllaryndan başlandy we soňky onýyllyklarda, ilat sanynyň ösmegi we okuw ýerleriniň aşa azaldylmagy, hünär mekdepleriniň, gaýybana okuwlaryň we gijelerine berilýän sapaklaryň ýatyrylmagy bilen, görülmedik derejelere baryp ýetdi. Bu ýagdaý soňky ýyllarda onlarça müň türkmenistanlynyň daşary ýurtlara okuwa gitmeginden we tölegli okuwlarda, ýurtdan aýraçylykda okanlaryny has amatly we netijeli hasaplamagyndan hem belli bolýar.

Emma Türkmenistanyň diňe nebit-gaz söwdasyna daýanýan we ýeterlik diwersifikasiýa edilmedik ykdysadyýetinde dörän agyr krizis daşary ýurtlarda öz hasaplaryna okaýan ýaşlaryň ene-atalarynyň iberen pullaryny almagynda hem ullakan bökdençlikleri döretdi.

Şeýle ýagdaýda daşary ýurtlarda gowy bilim alan we yzda, dogduk watanynda diplomlaryny ykrar etdirmekde, işe ýerleşmekde ýa-da, alan bilim-düşünjesi sebäpli ýerli ýolbaşçylar bilen umumy dil tapmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmen ýaşlarynyň ýüzlerçesiniň okan ýerlerinde galmagy, bilimli beýnileriň barha kän ýitirilmegi, synçylaryň köpüsiniň pikrine görä, Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky we häkimiýet dolandyryşyndaky yzagalaklyk, dabaraly we esassyz sözleri ýokardan gaýtalap, zor bilen hakykat hökmünde kabul etdirjek bolmak synanyşygy bilen bagly.

Ikinji tarapdan, ýurduň orta mekdeplerinde berilýän bilimiň derejesi pes bolansoň, galyberse, bilim hakyndaky düşünjäniň gaty kagyz – diplom almak we düşewüntli işe ýerleşip, tutulýançaň köpräk para almak düşünjesi bilen garyşdyrylmagy netijesinde, öňki sowet ýurtlarynyň ÝOJ-laryna giren türkmenistanlylaryň arasynda okaman, para berip diplom alýan ýaşlaryň az däldigi aýdylýar.

Türkmen mekdeplerindäki we ÝOJ-laryndaky bilimiň derejesiniň nähili pese gaçandygyny tassyklaýan ýene bir gytaklaýyn ýagdaý bolsa, türkmen maşgalalarynyň öz çagalaryny rus dilli klaslarda okatmak üçin edýän tagallalaryndan belli bolýar. Bu ýagdaý geçen ýyl käbir jenaýat derňewleriniň hem geçirilmegine we ýokary derejeli bilim resmisiniň türmä basylmagyna alyp geldi.

Okuw ýylynyň mekdeplerdäki okuwlaryň keselçilik ýagdaýlary esasynda berk çäklendirilmegi, galyberse, Aşgabatdaky ýeke-täk rus-türkmen mekdebiniň direktorynyň koronawirusdan ýogalandygy baradaky resmi däl maglumat bilen başlandygyna garamazdan, pandemiýa garşy öz kitabyndaky derman ösümlikler, hususan-da ýüzärlik tütetmek bilen göreşmegi wagyz eden Berdimuhamedow umumy sapagynyň dowamynda COVID-19 sözüni bir gezek hem agzamady.

Şeýle-de prezident, belki-de, ýollaryň açylmagyna we ýurtdan çykmaga taýýarlanýan, daşary ýurtlarda okuwyny tamamlap, ýurduna gelip bilmeýän adamlaryň, zähmet migrantlarynyň köpdügi baradaky maglumatlar bilen baglylykda, watan, halk gymmatlyklary baradaky nakyllary ýatlatdy.

Hökümet tankytçylary prezidenti bilim pudagyny we ykdysadyýeti ymykly çökermekde, daşary ýurtlarda gözi açylan türkmenistanlylardan gorkup, olaryň watanlaryna dolanmagyny gijikdirmek synanyşygynda günäkärleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG