"Olary diri görkeziň” kampaniýasy Türkmenistanda mejbury ýitirim edilenleriň ýagdaýlary barada nobatdaky hasabat-synyny taýýarlady diýip, halkara kampaniýanyň agzalarynyň biri bolan "Memorial”merkezi habar berýär.
Bu hasabat 2014-nji ýyldan bäri çap edilýär.
Täzelenen hasabat-synda aýdylmagyna görä, 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda mejbury ýitirim edilmegiň pidasy bolan raýatlaryň sany 162 adam bolup, olaryň 97 sanysynyň ykballary näbelli bolmagynda galýar. Şeýle-de, hasabatyň awtorlarynyň ynanjyna görä, hökümet mejbury ýitirim edilenleriň käbiriniň tussaglykda ýogalandygyny ýaşyrmagyny dowam etdirýär.
“Ýitirim bolanlar” baradaky maglumatlar dört topara bölünýär. Birinji kategoriýa “noýabrçylar” diýilýänler girýär; olar 2002-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky döwlet agdarylyşygy synanyşygy diýilýän bilen göni ýa gytaklaýyn bagly bolan adamlardan ybarat.
“Ýitirim bolanlaryň” ikinji toparyny “yslam ekstremizmi” aýyplamalarynda aýyplanan adamlar düzýär.
Üçünji topar ykdysady jenaýatlarda we öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanan ýokary derejeli resmilerden ybarat bolsa, dördünji topary raýat jemgyýetiniň aktiwistleri düzýär.
Synyň awtorlarynyň berýän bahasyna laýyklykda, Türkmenistana garşy halkara derejesinde utgaşdyrylan basyşlar ozal doly ýapyk ýagdaýda saklanýan tussaglaryň dürli toparlary babatda girizilen çäklendirmeleriň we gadaganlyklaryň käbiriniň ýatyrylmagyna sebäp boldy.
Emma muňa garamazdan, 2018-nji ýylyň güýzünden bäri, mejbury ýitirim edilmek meselesi boýunça Türkmenistan bilen geçirilýän gepleşiklerdäki açyk hereketler "asuda diplomatiýa" ýazandan soň, durgunlyk tapgyry başlandy.
Häzir Türkmenistanyň hökümeti halkara hukugynyň talaplaryny äsgermezligini dowam etdirýär we adam hukuklarynyň gödek bozulmagyny bes etmek üçin hiç bir çäre görmän, bu mesele boýunça halkara guramalary bilen netijesiz "gepleşik" geçirýär.