Dört aýlyk arakesmeden soň Aşgabadyň bazarlary gaýtadan resmi taýdan işläp başlady. Habarçylaryň sözlerine görä, bazarlaryň täzeden işe başlamagy bilen pandemiýa döwründe ilatyň durmuş-ykdysady problemalarynyň agyrlaşandygy hasam göze ilýär.
Uzak aralykdan soň, Aşgabadyň bazarlary şu günler köpçüligiň barýan ýeri bolup, ýaşaýjylar bazara söwda etmek, satyn almak ýa-da söhbet etmek üçin barýarlar. Bu aralykda bazarlardaky ýagdaý häzirki ykdysady ýagdaýy we gulplama wagtynda ilatyň hasam agyrlaşan meselelerini görkezýär.
"Alyjylar azyk önümleriniň bahasynyň ýokarydygyna geň galýarlar. Bahalar bazarlaryň ýapylmagyndan öňki ýagdaýda galan ýaly. Dollaryň hümmeti bolsa bahalara hiç hili täsir etmeýär. Adamlar egin-eşik dükanlaryna girýärler we köplenç hiç zat satyn alman çykýarlar" - diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri 20-nji dekabrda gürrüň berdi.
“Altyn Asyr” bazarynda şu günler girelgede we bazaryň çäginde ýüzlerçe aýal amerikan dollaryny gara bazar nyrhyndan satýar, şeýle-de altyn we kümüş hödürleýär.
Habarçylaryň aýdyşyna görä, altyn-kümüşi alyp-satýanlar bilen birlikde şaý-seplerini, toý ýüzüklerini zerurlyk sebäpli arzan bahadan satýan adaty adamlar hem bar.
Gaýtadan işe başlan bazarlardaky öňki problemalaryň ençemesi hem saklanyp galypdyr. Bazarlarda bank kartlary bilen tölegleri kabul etmekden ýüz öwrülmegi alyjylar gaharlandyrýar. Bu wagtda banklaryň öňünde nobatlar saklanýar, adamlar bazardaky söwda üçin nagt pul çekmek maksatly bankomatlaryň öňünde uzak nobatda durmaly bolýarlar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri üç ýyldan gowrak wagt bäri bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi meselesini çözüp bilmeýärler we nagt däl hasaplaşyk ulgamyny kadalaşdyrmaýarlar. Üstesine, problemany resmi taýdan ne ykrar edýärler, ne-de düşündirýärler.
Bu aralykda, bazarlaryň açylmagyna birnäçe aýlap garaşan telekeçiler, çeken ýitgisiniň üsti-üstüne ýene-de goşmaça maliýe basyşa duçar bolýarlar.
"18-nji dekabrda bazarlarda söwdanyň resmi taýdan başlanmagynyň ilkinji güni açgöz reýdler we döwlet edaralarynyň talaplary bilen tapawutlandy. Salgyt gullugy ähli söwdagärleri aýlanyp geçdi we her kimden 200 manat ýygnady" - diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşme gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, söwda nokatlarynyň eýeleri we işgärleri bazarlaryň işiniň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşdylar we 16-njy, 17-nji dekabrda iş ýerlerini tertipleşdirdiler. Salgyt gullugyndan başga-da, işiň ilkinji gününde söwda nokatlaryna Söwda ministrliginiň işgärleri we bazaryň ýolbaşçylary hem baryp, 200 manat talap etdiler.
Azatlygyň habarçylary bazarlardaky barlaglaryň we talaplaryň telekeçileriň arasynda nägileligi döredendigini aýtdy. Hususan-da, dokma önümlerini, ýaglyk we mata satýan aýallar, pul gazanmak mümkinçiliginiň berilmegini talap edip, häkimiýetleriň talaplaryna garşy çykypdyr.
Käbir bazarlarda barlagçylaryň sany hasam köp bolupdyr. Hususan-da, "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" lomaý bazarda barlaglara ýangyn söndürijiler hem-de sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynyň işgärleri bar.
"Olaryň täze talaplary we bahanalary köpeldi. Indi dükanlaryň girelgelerinde halyçalar bolmly, Täze ýyl üçin bezegler hem gerek, ýa-da satyjylaryň ýüzlerindäki maskalar könelişipdir" diýip, dükan eýesi gürrüň berýär.
Telekeçilere edilýän basyş bahalara we assortimente täsir etdi. Aşgabadyň häkimiýetleri dükanlardaky we bazarlardaky käbir harytlary satyn alnan bahadan hem arzan satmagy talap edýärler. Bu ýagdaýda telekeçiler harytlaryny satmazlygy makul bilýärler.
"Süýjüleri satyn alnan bahasyndan hem arzan satmaga mejbur edýärler. Mysal üçin 60 manada durýan süýjüleri 25 manatdan satdyrýarlar. Birnäçe dükan öz önümlerini gizledi. Mysal üçin, kolbasalary bir kilogramyny 38 manatdan ýokary satmazlyk barada buýruk geldi" diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Kiçi hususy dükanlaryň eýeleri, ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän hyzmat kärhanalary hem maliýe basyşa sezewar boldular. Etrap häkimlikleriniň wekilleri dükanlara we salonlara, şol sanda dellekhanalara, abatlaýyş işlerini edýän kärhanalara hem atelýerlere baryp görýärler we dükanlaryň töwerekleri bilen çäklenmän, şäheriň beýleki ýerlerini we merkezi seýilgähleri Täze ýyla bezemek üçin pul talap edýärler.
Aşgabayň häkimlikleri bolup geçýän ýagdaýlary resmi taýdan kommentirlemekden boýun gaçyrýarlar.
Paýtagdyň bazarlarynyň 18-nji dekabrdan işläp başlamagyna rugsat berlende satyjylardan koronawirusyň ýoklugy baradaky resminama talap edildi.
Habarçylaryň maglumatyna görä, resmileriň talaby Covid-19-yň ýoklugy baradaky resminama bilen çäklenmedi. Test etmek talap edildi. Käbir bazarlarda medisina postlary guruldy we bazar işgärleri burnundan test tabşyrmaga we muňa 100 manat tölemäge mejbur boldy. Mundan başga, 19-njy dekabrda, hususan-da "jygyllyk" bazarynda koronawirus testi bilen bir hatarda satyjylara 160 manatdan gola sanjym edildi.
"Adamlar sanjymyň nämedigini bilenokdylar. Dümewe garşy sanjymy eýýäm etdim diýýänlere şeýle jogap berdiler:" Muny etme, ýöne töle, ýogsam söwda etmersiň"-diýip, Azatlygyň habarçysy 20-nji dekabrda aýtdy.
Covid-19-yň öz çäginde bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik Türkmenistanda bazarlar, hyzmat we güýmenje desgalary awgustdan bäri ýapyk durdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär