Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Elbasynyň doganjygy". Öňki santehnik işçi, häzir ägirt uly emläk eýesi Bolat Nazarbaýew


Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň prezidenti wagtynda, öz kiçi dogany Bolat bilen barýar (Bolat onuň çep egninde).
Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň prezidenti wagtynda, öz kiçi dogany Bolat bilen barýar (Bolat onuň çep egninde).

1-nji dekabrda, ýagny 30 ýyl mundan ozal Gazagystanda ilkinji prezident saýlawlarynda Nursoltan Nazarbaýew ýeňiş gazandy. Nazarbaýew iň ýokary wezipäni eýeläli bäri garyndaşlarynyň köpüsi ýurduň iň baý adamlaryna öwrüldi. Nazarbaýewiň kiçi dogany Bolat hem muňa degişli. Onuň töwereginde köp myş-myşlar we çaklamalar bar. Gazagystanyň öňki prezidentiniň beýleki töwerek-daşy ýaly, onuň hem ep-esli baýlygynyň boljakdygy hakykat, munuň näbelliligine şübhe ýok. Oňa uly bazarlaryň eýesi diýilýär; oppozisiýa neşirlerinde güýji zor Elbasynyň adyndan peýdalanýan işewür şahs hökmünde tanalýar, Günbatar metbugatynda onuň ady daşary ýurtdaky gozgalmaýan kaşaň emläk dawalary bilen baglanyşykly kazyýet işinde agzaldy, içerki neşirlerde bolsa haýyr-sahawatçy hökmünde häsiýetlendirilýär.

Ýaşy gaýdyşan semiz adam jübüsine elini sokup, bir topbak dollar çykaryp, sährada tutulýan ýaş oglunyň sünnet toýunda, at çapyşyklara gatnaşýanlara, aýdymçylara, pälwanlara gaýgyrman paýlaýar. Mundan sähel wagt öň dikuçar bilen bu ýere gelipdi, hormatlanýanyň töweregini janpenalary we polisiýa işgärleri gallap alypdy. Ýörite güýçler dabaranyň dowamynda ony, ýaş maşgalasyny hem ýakynlaryny goraýardy.

Ol adam ýokary wezipeli ýolbaşçy ýa-da tanymal telekeçi däl. Ýöne baýlyk hem täsir derejesinden olaryň köpüsini ýerinde oturdyp bilýär. Bolat

Nazarbaýewiň özi bir gezek žurnalistlere "Familiýam ýeterlik" diýip boýun aldy. Belki-de, ol mamladyr. “Milletiň lideriniň” kiçi dogany SSSR dargamazyndan ozal sowhozda gara işçi bolup işleýärdi, Gazagystan garaşsyzlyk alandan soň, ýurduň iň baý adamlaryndan birine öwrüldi.

SANTEHNIK IŞÇIDEN, WIP-PERSON – AÝRATYN HUKUGA EÝELIK EDIJI DEREJÄ ÇENLI

Nursoltan Nazarbaýew 1984-nji ýylda Gazagystan SSR-niň Ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesine bellenende, 44 ýaşyndady, ol Soýuz respublikalaryň arasynda iň ýaş hökümet ýolbaşçysy boldy. Garaganda sebitindäki bir partiýa gullukçysy Sowet Gazagystanynyň iň abraýly lideri Dinmuhammet Kunaýewiň howandarlygy bilen şeýle ýokary wezipä çykdy. Ýöne tiz wagtdan ol öz başlygyna garşy çykyş etdi.

“Şol wagtky ýolbaşça garşy çykmaga het edenimden soň, men 1985-nji ýylyň aprelinden öň ähli ýyllaryň dowamynda golsuz arza alanymdan, has köp arza duçar boldum. Bar zat ýokara ýetirilýärdi, meniň her ädimim gözegçilik astyndady. Meniň doganym sowhozda bejeriji-santehnik bolup işleýärdi. Üç çagasy hem aýaly naharhanada işleýärdiler. Şol ýere ýörite adam iberilip, doganymyň öýüni santimetrine çenli ölçediler, jaýyň bikanun gurlandygyny, gurluşyk kadalarynyň berjaý edilmändigini, meniň wezipämden peýdalanyp, doganymyň kanuny bozandygyny subut etjek boldular... Bar zat kanuna laýyklykda, doganymyň ýekeje metr hem goşmaça ýeri ýok eken!" diýip, Nazarbaýew žurnalistlere gürrüň beripdi.

Bolat Nazarbaýewiň wezipe basgançagy, elbetde, uly agasynyňky ýaly çalt ösmedi. 1989-njy ýylda Nursoltan Nazarbaýew Gazagystan SSR-ne ýolbaşçylyk edeninde, kiçi dogany olaryň dogduk mekany Çemolgan obasynyň golaýyndaky Kaskelen şäherinde çörek bişiriji zawodyň direktorynyň orunbasary wezipesine geçdi. Uly Nazarbaýew 1991-nji ýylda Gazagystan SSR-niň prezidenti bolup, beýleki respublikalardan iň soňunda, Gazagystanyň garaşsyzlygyny yglan etdi. Şol ýyllarda onuň kiçi doganynyň eden işleri hakda taryh dymýar. Ýöne on ýyldan soň Bolat Nazarbaýew köp sanly täjirçilik emläk obýektleriniň we kompaniýalaryň eýesi bolup, onuň iş ugry lomaý söwda, oba hojalygy we maslahat beriş ugurlaryny öz içine aldy.

Gazak prezidentiniň doganynyň şahsyýetiniň töwereginde köp myş-myş bar. Almaty we onuň töweregindäki uly bazarlaryň, uly söwda merkezleriniň bardygyny; azyk, egin-eşik we hatda awtoulaglar söwdasynyň 68 ýaşly Bolat Nazarbaýew tarapyndan dolandyrylýandygyny gürrüň edýärler.

Gazagystandaky bazarlar – olar adatda bolşy ýaly, kölegeli pul dolanyşygydyr. Onda aýlanýan maliýe akymlarynyň göwrümini yzarlamak kyn – nagt pul jübüden jübä akýar, emma hasaplarda görkezilmeýär. Şoňa görä, söwda ýeriniň uly bölegine eýelik edýänleriň girdejilerine hatda takmynan baha bermek we hasaplamak mümkin däl.

"Milletiň lideriniň" doganynyň emlägi diňe söwda kärhanalary bilen çäklenmeýäne meňzeýär. Elbasynyň inisiniň ady jemgyýetçilik kompaniýalarynyň eýeleriniň sanawynda duşýar, iň bolmanda Gazagystanyň gazna biržasynyň web sahypasyndaky resminamalarda peýda boldy.

Bolat Nazarbaýew 2000-nji ýylda «Казахмыс» korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy boldy. Ýurduň iň iri mis öndürijisi, şeýle hem Londonda sanawda görkezilen ilkinji gazak kompaniýalarynyň biri bolan ol kärhana Wladimir Kim eýelik edýär, Forbes onuň baýlygy 4,6 milliard dollar diýip çaklaýar, emma ýurtdaky oppozisiýa gurluşlary metallurgiýa ägirdini Gazagystanyň iň täsirli maşgalasy bilen baglanyşdyrýar. Korrupsiýa we guramaçylykly jenaýaty öwrenmek merkezi tarapyndan geçirilen soňky derňewde Wladimir Kime "Nazarbaýewiň ynamdar wekili" bolup, "Gazagystanyň aşa korrumpirlenen tebigy baýlyklary pudagynda baýlyk gazandy" diýilýär. (Derňewde "Nazarbaýewiň resmi däl aýalyna" 30 million dollar tölenendigi aýdylýar, ýöne bu aýry gürrüň).

Londondaky “Chatham House” syýasy barlaglar merkeziniň derňewçisi Keýt Mallinson Forbes üçin beren teswirinde, paýnamalaryň hiç bir sebäbi görkezilmezden, elden-ele geçmegi Gazagystanyň korporasiýalarynyň “adaty” häsiýeti diýdi.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Bolat Nazarbaýewiň ady şol bir Wladimir Kim bilen baglanyşykly RBK täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň sanawynda peýda boldy. Bolat Nazarbaýew paýnamalaryň 7,83% eýesi hökmünde biržanyň web sahypasynda hasaba alyndy. Ondan soňky aýlarda Nazarbaýewyň ady bankyň hasabatlarynda görkezilmedi. 2017-nji ýylda bank agyr ýagdaýa düşende (derňew edaralary ogurlyga ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşandygyny mälim etdi) Kimiň “KSS Finans” kompaniýasy banka 160 milliard tenge iberdi, Milli Bank bolsa onuň “dikelmegi üçin” takmynan 243 milliard tenge bölüp berdi. Bu Bank beýlekiler ýaly, ahyrynda “halas edildi”, onuň birnäçe öňki ýolbaşçylary türme tussaglygyna höküm edildi.

Dürli ýyllarda dürli habar serişdeleri Bolat Nazarbaýewiň Gazagystan-Hytaý serhedinde harytlaryň akymyna gözegçilik edýändigini ýazdylar. 2019-njy ýylda kz.expert neşiri Elbasynyň doganynyň “Horgos” halkara serhet hyzmatdaşlygy merkezine “de-fakto gözegçilik edýändigini” belläp geçdi. Bu maglumatlaryň garaşsyz tassyklamasy ýok.

Bolat Nazarbaýew
Bolat Nazarbaýew

Şol bir çeşme kz.expert 2017-nji ýylda Bolat Nazarbaýewiň "başganyň emlägini gara bahadan satyn almak" bilen reýd geçirýändigini ýazdy. Kz domen adyndan başga-da, beýleki onlaýn neşirlerinde şuňa meňzeş maglumatlar peýda boldy. Ýöne olary inkär etmek ýa-da kazyýet derňewi barada habar berilmedi.

Ýöne 2020-nji ýylda Gazagystanyň "Informbýuro" portaly Bolat Nazarbaýew hakda ‘mahabat reklamasy hökmünde’ köp sanly material çap etdi. Olarda aýdylyşyna görä, Bolat Nazarbaýew "Salikgaly Urpak" gaznasynyň düýbüni tutujy, haýyr-sahawatçy bolup görkezilýär, onuň esasy maksady "ilatyň sosial taýdan gowşak gatlaklaryny goldamak". Ol mätäçlere jaý gurup berýän, COVID-19 garşy göreşde ýurda kömek ediji, döredijilik toparlaryna hemaýat beriji hem-de metjitler gurýan adam hökmünde suratlandyrylýar.

Onuň işewürlik hyzmatyna bagyşlanan söz az, diňe bir abzas. Onda aýdylyşyna görä, SSSR dargamazyndan ozal Bolat Nazarbaýew soýlan mal derilerini taýýarlamak hem ony satmak bilen meşgullanypdyr. «Görşüňiz ýaly, ol dogry karara gelip, işi üstünlikli başlapdy. Şondan soň Bolat Almaty sebitinde görnükli jemgyýetçilik işgäri boldy. 1992-nji ýyldan eýýäm oba hojalygy bilen içgin meşgullanyp başlady; “Inkar Agro” LLP-iň wise-prezidenti boldy. Bäş ýyldan soň, telekeçi "BN Invest" oba hojalygy pudagynda maslahat beriş kompaniýasyny döretdi» diýip, "Informbýuro" ýazýar. Onuň beýleki işewürlik karýerasy hem-de "görnükli jemgyýetçilik işgäri" bolmagy hakda başga zat aýdylmaýar.

«ÖZ HAREMI BARMY?» ONUŇ ŞAHSY DURMUŞY BARADA NÄMELER MÄLIM?

"Mahabat reklamasy hökmünde" belligi bolan makalada awtor Nazarbaýewiň şahsy durmuşy barada durup geçýär. "Şahsy durmuş" bölüminde şeýle sorag bar: "Bolat Nazarbaýew özüni soltan diýip hasaplaýarmy we onuň öz haremi barmy?" Muňa ýüz ugra ret ediji jogap berilýär.

Reklama makalasynda: “Aslynda Bolat Nazarbaýewiň kanuny we ýekeje aýalyna Gülžan Nazarbaýewa diýilýär, telekeçi onuň bilen takmynan 50 ýyl ýaşaşyp geldi. Gynansak-da, ol golaýda ýogaldy" diýilýär.

Şeýle-de bolsa, köp sanly metbugat neşirleri, şol sanda daşary ýurt neşirleri Bolat Nazarbaýewiň birnäçe aýaly hakda ýazýarlar. Olardan iň täsirli makalalar Maýra Kurmangaliýewa hakda. Bu barlyşyksyz aýal Manhattende, Floridada we Nýu-Jerside ýerleşýän kaşaň emläk barada Amerikan kazyýetlerinde dawalaşypdy. Kazyýet işleri metbugata ýaýrady. Kazyýet resminamalaryna esaslanýan obýektleriň köpüsini Bolat Nazarbaýew özüne gaýtaryp aldy. Nazarbaýewiň aklawçysy öz müşderisiniň "ylalaşyk şertnamasynyň çäginde, hanym Kurmangaliýewanyň özüne degişli 50 million dollardan gowrak gymmat bahaly şaý-sepler bilen baglanyşykly talaplary yzyna gaýtardy" diýdi.

Bolat Nazarbaýew bilen Maýra Kurmangaliýewanyň bilelikde bir ogly bar, ol 2002-nji ýylda doglan Hanbolat Nazarbaýew. Nazarbaýewiň öweý ogullygy we Kurmangaliýewanyň ogly Daniýar Kesikbaýew 2015-nji ýylda Malaýziýanyň premýer-ministri Nejip Razagyň gyzyna öýlendi. Malaýziýanyň premýer-ministriniň aýaly Gazagystandan bolan sawçydan 24 million dollarlyk ýüzük alandygyny aýtdy. Razak 2018-nji ýylda korrupsiýada güman edilende, öýi döküldi. Onuň öýünden nagt pul, aýratyn bezegli şaý-sepler we ýüzlerçe dizaýner sumkalary tapyldy. Öňki premýer-ministr, derňewçileriň pikiriçe, bahasy on müňlerçe dollara barabar köp sanly sumkanyň giýewisi Kesikbaýewiň sowgadydygyny aýdypdy.

Bolat Nazarbaýew Maýra Kurmangaliýewa bilen nikasyny bozdy, emma açyk çeşmelerdäki köp sanly maglumatlara görä, ýeke galmady. Onuň birnäçe aýalynyň bardygy aýdylýar. Sosial ulgamlarda suraty ýerleşdirilen

ýaş aýal Gülnur Nazarbaýewa Bolada “adamym” diýip atlandyran birnäçe wideosyny internetde goýdy. Instagram-da gymmat bahaly markaly eşikler, aýakgaplar barada suratlar ýerleşdirdi, sumkalaryny görkezdi hem jaýyň içki suratlaryny paýlaşdy.

Şu makalanyň başynda agzalýan Gazagystanyň günortasyndaky sährada geçirilen dabarada, Bolat Nazarbaýewiň ýanynda başga bir ýaş aýal hem iki ýaş oglan bardy.

Oppozisiýa žurnalisti hem "Dat" gazetiniň neşirçisi Ermurat Bapi Bolat Nazarbaýewiň "resmi däl maglumata görä 20 töweregi aýalynyň bardygyny" aýtdy. Ýöne resmi çeşmelerde merhum Gülžan Nazarbaýewanyň ýeke-täk aýalydygy öňe sürülýär.

Bolat Nazarbaýew öňki prezidentiň garyndaşlarynyň arasynda, döwlet wezipesini eýelemeýän az sanly adamlardan biridir. Emma Bolat Nazarbaýewiň ýetişen çagalary döwlet gullugynda işleýärler.

38 ýaşly Nurbol Nazarbaýew prokuraturada we Almaty sebitiniň Içeri işler edaralarynda ýokary wezipelerde işledi. Açyk çeşmelere görä, ol 2017-nji ýylda biznes işine geçip, “Prime Capital Holding” maýa goýum gaznasynyň başlygy boldy.

Bolat Nazarbaýewiň 46 ýaşly gyzy Gülmira Abişewa Almaty şäher Adalat edarasynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi, Almaty şäher kazyýetinde kazy boldy, Almaty oblast kazyýetinde, Žetysu etrap kazyýetiniň başlygy boldy. Açyk çeşmelere görä, häzirki wagtda Almaty oblastynyň Karasaý etrabynyň etrapara administratiw kazyýetiniň başlygy wezipesini eýeleýär.

Nursoltan Nazarbaýew prezident wagtynda, ýakyn garyndaşlarynyň hem "beýleki graždanlar ýaly, öz saýlan hünäri boýunça işlemäge ýa-da jemgyýetçilik-syýasy, söwda pudagynda işlemäge hukugynyň bardygyny" aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG