ABŞ prezidenti Jo Baýden wirtual demokratiýa sammitiniň açylyşynda söz sözläp, dünýäde demokratiýanyň we ynsan hukuklarynyň yza tesýändigini duýdurdy. Wirtual sammite 100-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy.
9-njy dekabrda öz işine başlan iki günlük Demokratiýa sammitiniň açylyşynda sözlän sözünde Baýden awtoritarçylygyň ýaýramagyna garşy demokratiýany gorap saklamak üçin täze borçnamalaryň kabul edilmegine çagyrdy.
Baýden meýilleriň “ýalňyş tarapa barýandygyny” aýdyp, demokratiýa üçin “ýeňijileriň” gerekdigini aýtdy.
“Demokratiýa tötänden döremeýär. Biz her nesil täzelenende demokratiýany gaýtadan janlandyrmaly bolýarys” diýip, ol aýtdy.
“Meniň pikirimçe, bu häzirki döwrüň kesgitli kynçylygydyr” diýip, Baýden belledi.
Ak tam bu sammiti awtoritarçylyga, korrupsiýa we ynsan hukuklarynyň kemsidilmegine garşy ABŞ we onuň ugurdaş ýaranlarynyň hyzmatdaşlyk etmegi üçin mümkinçilik hökmünde öňe sürýär.
Sammitiň açylyşynda Baýden administrasiýasy dünýäde demokratiýany gaýtadan janlandyrmaga, şol sanda garaşsyz mediany we demorkatik reformalary goldamak tagallalaryna gönükdirilen täze başlangyçlaryň üpjünçiligine 424,5 million dollar möçberinde serişde bölüp bermek üçin Kongres bilen iş alyp barýandygyny mälim etdi.
Sammit Hytaý, Russiýa we sammite çagyrylmadyk beýleki NATO ýaranlary, şol sanda Wengriýa tarapyndan berk tankyt edildi.