Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak, kümüşsow, altynsow. Türkmenistanda awtoulag reňkine bolan talaplar ýene-de güýçlendirilýär


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanda awtoulaglaryň reňkine bolan talaplar ýene-de güýçlendirildi. Paýtagtda iki hepde bäri goýy reňkli detallary bolan awtoulaglar ýolda saklanýar we jerime duralgasynda alnyp barylýar, Lebapda hatda hromly detallary bolan awtoulaglar üçin jerime salynýar.

Aşgabadyň köçelerinde awtoulaglaryň daş görnüşine degişli talaplar we reýdler güýçlendi.

Azatlygyň habarçylary köpçülikleýin reýdleriň şu aýyň başynda güýçlenendigini habar berdiler. Hususan-da, 1-nji, 2-nji we 3-nji noýabrda awtoulag sürüjileri Ankara köçesinde köpçülikleýin saklanypdyr we açyk reňkli awtoulaglardaky goňur reňkli detallar we beýleki ownuk zatlar sebäpli kemçilik tapyldy. Polisiýa işgärleri köplenç ulag eýesiniň sürüjilik ygtyýarnamasyny elinden almak we ulagy jerime duralgasyna äkitmek ýaly çäreleri ulandy.

"Tutulanlaryň" köpdügi sebäpli Ankara köçesinde goşmaça jerime awtoulag duralgasy gurnaldy, munuň üçin adaty ulag duralgasy ulanyldy.

“Ankara köçesindäki awtoulag duralgasy jerime ulag duralgasy üçin ulanyldy. Adamlara bolsa hiç zat üçin jerime salyndy” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Azatlygyň çeşmelerine görä, köp halatlarda polisiýanyň salan jerimesiniň tölenmegi sürüjileriň dokumentleriniň we ulagynyň yzyna berilmegine güwä geçmeýär. Saklanan ulagyň eýesinden, başga bergisi bolmasa-da, ozalky ýyllar üçin jerime tölemek talap edilýär.

“Adamlar ozalky tölegleriň hemmesini wagtynda tölän hem bolsalar, kompýuterde bellik ýok diýip, olardan ýene tölemek talap edilýär. Şeýle-de şäheriň hemme ýerinde ulaglary saklaýarlar"- diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Sebitlerde hem şu günler ýollarda reýd geçirilýär. Lebap welaýatynda awtoulaglar, hatda hromly detallar üçin saklanýar we ulag eýelerine jerime salynýar.

9-njy noýabrda Azatlygyň habarçylary we sebitdäki çeşmeleri açyk reňkli awtoulaglary saklaýandyklaryny we jerime awtoulag duralgasyna eltýändiklerini habar berdiler. Polisiýa işgärleri awtoulaglaryň dürli detallaryna aýratyn üns berýär. Tekerlerdäki hromly detallar we awtoulagyň gapylaryndaky demir reňkli tutawaçlary jerime salynmagyna we ulagyň jerime duralgasyna alnyp barylmagyna esas bolup bilýär.

Türkmenabatdaky çeşmäniň Azatlyga beren habaryna görä, polisiýa tekerleriň açyk alýuminiý reňkli bolmagyny talap edýär, gara plastik detallaryň we tutawaçlaryň bolsa, zawodda öndürlen hem bolsa, sökülmegini ýa-da açyk reňkde bolmagyny talap edýär.

Ýerli polisiýanyň ýene bir talaby awtoulagda ýazgy edýän wideo registratoryň hökman bolmagyna degişli.

Ulaglaryň reňkine bolan talaplaryň güýçlenmegi ilatyň arasynda nägileligiň döremegine sebäp boldy. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 8-nji noýabrda Türkmenabatdaky polisiýa binasynyň öňünde onlarça adam ýygnandy. Gatnaşyjylar polisiýanyň hereketlerinden nägileligini bildirdiler we prezidenti tankytladylar. Şol gün, öýlän onlarça demonstrant öýlerinden MHM-niň edarasyna äkidildi. Olaryň ykbaly barada entek habar bolmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri goýy reňkli awtoulaglaryň ulanylmagyny 2017-nji ýylyň dekabryndan gadagan edip başlady. Paýtagtda ýüzlerçe awtoulag birnäçe günüň içinde resmi habar berilmezden, jerime duralgasyna ewakuasiýa edildi. 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda goýy reňkli awtoulaglara girizilen gadaganlyk giňden ýaýrady. 2019-njy ýylyň ahyrynda türkmen häkimiýetleri goýy reňkli ulaglara ünsüni biraz gowşatdy.

Azatlygyň çeşmeleri häzirki wagtda ýurduň ýollarynda sürmäge rugsat berlen awtoulaglaryň diňe üç reňkiniň tassyklanandygyny öňe sürýärler. Ak, kümüşsow we altynsow reňklerden başgasyna ulanmaga rugsat berilmeýär.

Şeýle-de, 1 nji noýabrdan ýol polisiýa gullugynyň hyzmatlaryna degişli girizilen täze düzgünlere görä, goýy reňkli awtoulaglar tehniki guratlygy gözegçiliginden geçip bilmeýär we şeýle ulaglary satmak mümkinçiligi aradan aýrylýar. Bu ýagdaý awtoulag bazarynda goýy reňkli transportyň bahasynyň pese düşmegine getiripdir.

Azatlyk radiosy, täze talaplar boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýol gözegçilik polisiýa gullugynyň wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG