Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalyň häkimiýetleri syrkaw okuwçylary işledip, pagta borçnamasyny dolmaga synanyşýar


Azatlygyň habarçysy 3-nji noýabrda Bäherdene ýetmänkä, iki ýoluň gyrasynda, etrabyň Durun daýhan birleşigine degişli gowaça meýdanlarynda syrkawlan, yzygiderli üsgürýän okuwçylary görse bolýandygyny aýdýar.
Azatlygyň habarçysy 3-nji noýabrda Bäherdene ýetmänkä, iki ýoluň gyrasynda, etrabyň Durun daýhan birleşigine degişli gowaça meýdanlarynda syrkawlan, yzygiderli üsgürýän okuwçylary görse bolýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Balkan, Mary we Lebap welaýatlaryndan soň, şu günler Ahalyň käbir etraplarynda hem mekdep okuwçylary pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilýär. Bu barada habar berýän sebitdäki habarçymyz bu ýyl welaýatda gowaça hasylynyň pes bolandygyny belläp, ekin meýdanlarynda pagtanyň juda azdygyny aýdýar.

"3-nji noýabrda ýuwaş-ýuwaşdan ýagýan ýagyşa garamazdan, mekdeplerde okuwlar ýatyrylyp, okuwçylar we mugallymlar pagta meýdanlaryna çykaryldy. Olar kombaýnlardan soňky pagta hasylyny ýygmaga mejbur edilýär. Gowaça meýdanlarynda topar-topar bolup işleýän çagalaryň sany onlarça bolup, olar ir sagat 9-dan giçlik sagat 7-ä çenli işlemäge mejbur bolýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny 3-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury zähmeti we çaga zähmetini gadagan edýär. Ýöne Azatlygyň, garaşsyz neşirleriň maglumatlaryna we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň hasabatlaryna görä, iş ýüzünde türkmen häkimiýetleri pagta önümçiliginde ýyllarboýy çaga zähmetinden we mejbury zähmetden peýdalanyp gelýärler.

Welaýatyň gowaça meýdanlaryna aýlanyp gören habarçymyz bu ýyl hasylyň pes bolandygyny aýdyp, ekin meýdanlarynda pagtanyň juda azdygyny belleýär.

"Her bir inedördül metrde 11 ýa 12 sany pagta görünýär. On töweregi oglan we gyz öýläne çenli diňe bir halta pagta ýygnady, ikinji halta entek dolmady. On çaganyň tutuş günüň dowamynda ýygýan pagtasy dört halta ýetmeýär" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz hasylyň pesdigine garamazdan, mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň pagta ýygymyna oktýabryň ortalaryndan bäri çekilýändigini belleýär.

Onuň sözlerine görä, 3-nji noýabrda Bäherdene ýetmänkä, iki ýoluň gyrasynda, etrabyň Durun daýhan birleşigine degişli gowaça meýdanlarynda syrkawlan, yzygiderli üsgürýän okuwçylary hem görse bolýar. Muňa garamazdan, olar pagta ýygmagy dowam etdirýärler.

"Mekdep okuwçylary ýylynmak isleýärler. Ýöne etrap häkimleri çagalary gysga wagtda pagtany ýygyp tamamlamaga gyssaýarlar. Olar pagta plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigi barada häkimiýetlere hasabat bermäge howlukýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Ahal welaýat we Bäherden etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ahalda ýagynly howa garamazdan, okuwçylaryň we mugallymlaryň pagta ýygmana mejbur edilýändigi baradaky maglumatlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň pagta ýygymynyň depgininden nägile bolan mahalyna gabat gelýär.

2-nji noýabrda Balkandaky habarçymyz polisiýa işgärleriniň pagta ýygmakdan boýun gaçyran raýatlary rezin dürre bilen urýandygyny habar berdi.

Häkimiýetler pagta önümçiligindäki mejbury zähmeti resmi taýdan boýun almaýar we bu barada çap edilen hasabatlara hem-de maglumatlara reaksiýa bildirmeýär.

Şu ýyl Türkmenistanda pagta ýygym möwsümine resmi derejede 8-nji sentýabrda girişildi we ýurt boýunça 620 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG