Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Geçmiş bilen aramy üzdüm". Siriýadan gelenden soň türmede oturyp çykan aýalyň ýatlamasy


Umm Aýşa 2014-nji ýylda ejesine duýdurman, özünden iki ýaş kiçi aýal doganyny ýanyna alyp, Siriýa gidipdi. Bäş ýyldan soň, uruşdan ýaňa «dowzah durmuşynyň» gaýnaýan wagtynda, ýurduna dolanyp geldi. Illýustrasiýa suraty.
Umm Aýşa 2014-nji ýylda ejesine duýdurman, özünden iki ýaş kiçi aýal doganyny ýanyna alyp, Siriýa gidipdi. Bäş ýyldan soň, uruşdan ýaňa «dowzah durmuşynyň» gaýnaýan wagtynda, ýurduna dolanyp geldi. Illýustrasiýa suraty.

Siriýa, eli ýaragly wideo, ýurda gaýdyp gelmek, bäş ýyl türme tussaglygy, möhletinden öň azatlyga çykmak we täze durmuş. Azatlyk "terrorçylygy wagyz edendigi" üçin, türmede oturyp çykan aýal bilen gürrüňd boldy.

Ýere ýetip duran uzyn köýnek hem hijap

Umm Aýşa (aýalyň haýyşy boýunça ady üýtgedildi) Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen öňünden gepleşilen duşuşyga azajyk gijä galyp geldi. 32 ýaşly ýaş aýal uzyn ýeňli we ýere ýetip duran köýneklidi, ütünden hijap atynypdyr. Aýşa gijä galmagyny bäş ýyl daşary ýurtda bolansoň, dogduk şäheriniň köçelerinde azaşandygy bilen düşündirdi.

Kazyýetiniň çykaran hökümine görä, Umm Aýşanyň türme möhletiniň gutarmagyna ýene iki ýyl sekiz aý galanda, şertli ýagdaýda azatlyga çykdy. Indi synag gözegçiliginiň şertlerine görä, her duşenbe güni polisiýa baryp, özüni belledip gaýtmaly.

— Men "terrorçylygy wagyz etmekde" we "dini ýigrenji öjükdirmekde" günäli saýyldym. Bu agyr jenaýat, şeýle maddalarda günäli tapylan adam türmeden aňsatlyk bilen boşadylmaýar – diýip, Aýşa düşündirýär.

Umm Aýşa özüniň türme möhletini geçiren ýeri Petropawlowsk düzediş koloniýasynda Siriýadan gaýdyp gelen ýene üç aýalyň oturandygyny aýdýar. Ol türmede iň oňat teologlaryň we psihologlaryň özleri bilen işleşendigini gürrüň berdi.

— Dini ynançlarymy üýtgetmäge maňa hut şolar kömek etdiler. Ozal namaz okamaýan we häkimiýetlerde işleýänleriň ählisini kapyr hasaplaýardym – diýip, Aýşa aýdýar.

Umm Aýşa 2014-nji ýylda ejesine duýdurman, özünden iki ýaş kiçi aýal doganyny hem alyp, Siriýa gidipdi. Bäş ýyldan soň, uruşdan ýaňa «dowzah durmuşynyň» gaýnaýan wagtynda, iki kiçi gyzjagazy bilen ýurduna dolanyp geldi.

Ol 2019-njy ýylyň maý aýyna çenli, ýagny ýörite gurnalan «Жусан» operasiýasynyň çäginde, Siriýadan Gazagystanyň Aktau şäherine gelmezinden ozal nikap atynandygyny aýdýar. Olar Gazagystana gelenlerinden soň, adynyň güman edilýänleriň sanawynda bardygyny eşidýär. Tizara Umm Aýşany Aktöbe şäherindäki deslapky tussaghana äkidýärler.

Umm Aýşanyň gyzlaryny ejesi alyp galýar. Azatlyk mundan ozal «Biz jesetleriň üstünden ýöredik’. Siriýadan getirilen maşgalalaryň hekaýaty» atly makalada, onuň düşen ýagdaýyny gürrüň beripdi.

Şertli-wagtyndan öň azatlyk

Kazyýet 2019-njy ýylyň 26-njy iýulynda Umm Aýşany bäş ýyl azatlykdan mahrum etdi. Kazyýet Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň 174-nji maddasynyň 1-nji bölümi (“Dini ýigrenji öjükdirmek”) we 256-njy maddanyň 2-nji bölümi (“Terrorçylygy wagyz etmek”) boýunça günäli tapdy. Kazyýet bu zenana 1997-nji ýyldaky Jenaýat kodeksi esasynda höküm çykarypdy. Täze kodeksde ol iki madda boýunça iş kesilenlere 7 ýyldan 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar.

Umm Aýşa türmede wagtynda, öz geçmişi hakda oýlananda, durmuşa täzeçe garamagy öwrenendigini aýdýar.

Iki ýyl ozal Aktöbe şäherinde geçirilen sud diňlenişiginde Umm Aýşanyň günäsiniň subutnamasy hökmünde, wideo ýazgysyna esaslandylar. Weideoýazgyda Aýşanyň elinde awtomat ýarag bardy hem ol ýokara garadyp, ok atýardy. Aktöbe şäherinde galan ejesine ýüzlenip, ony Siriýa çagyrýardy. Kazyýetde öz günäsini boýun aldy hem prosessual ylalaşyga taýýardygyny aýtdy.

— Men ol ýere rahat hem amatly durmuş gözläp gitdim. Men ýalňyşdym, bu hakykat. Ýöne men özümi terror guramasynyň agzasy hasaplamok. Meniň Siriýada doglan iň kiçi gyzymyň kakasy Kawkazdan bolan Russiýanyň raýatydy, ol meni özi bilen janyndan geçýän hüjümçi bolmaga yrjak boldy. Razy bolmadym. Eger men "Yslam döwleti" ekstremist toparynyň ideýalaryna ygrarly bolsam, adamyma garşy bolmazdym – diýip, ol düşündirýär.

Umm Aýşa türmede özi hem-de Siriýadan gaýdyp gelen beýleki aýallar bilen bilermenleriň işleşendigini aýdýar. Olar dini ekstremizmiň nämedigini düşündiripdirler we dürli synaglar geçirdirler. Ol iki gezek poligraf synagdan, ýagny köp soragly testden geçirilendigini aýdýar.

— Öz durmuşyňy üýtgetmek aňsat däl, esasanam kelläňe ornaşan pikirleri. Iş kesilenden alty aýdan soň poligrafdan geçip bilmedigimiň sebäbiniň netijesi şondan bolsa gerek.

Umm Aýşa ikinji gezekde, ýagny 2021-nji ýylyň fewralynda poligraf synagyndan geçmegi başarypdyr.

— Menden: "Dünýewi döwletiň baýramçylyklaryna nähili garaýarsyňyz?", "Gazagystanda uruş bolmagyny isleýärsiňizmi?", "Gonamçylykda doga okamak mümkinmi?" "Haýsy mezhebe uýýarsyňyz?" diýen ýaly zatlary soradylar. Köp sorag berildi. Psihofiziologiki üýtgeşmelere ýakyndan gözegçilik edýän hünärmen soraglary üýtgedip, birnäçe gezek sorady. Köplenç poligrafyň netijeleri tussaglara aýan edilmeýär, ýöne şonda-da ikinji gezek geçendigimi duýdum – diýip, Umm Aýşa aýdýar.

Psihologlar we teologlar tarapyndan geçirilen dürli synaglardan we poligrafdan soň Aýşa, möhletinden öň boşatmak haýyşy bilen kazyýete ýüz tutmaga rugsat berlipdir. 2021-nji ýylyň 4-nji awgustynda onlaýn ulgamy boýunça Petropawlowsk aýallar koloniýasyndan, kazyýet diňlenişigine gatnaşýar. Kazyýet Umm Aýşanyň şertli ýagdaýda tussaglykdan azatlyga çykmak haýyşyny kanagatlandyrýar. Kazyýetiň karary 15 günden soň güýje girýär.

— Kazyýet diňlenişiginde men 2020-nji ýylda dini ekstremizm ideýalaryny goldaýan adamlaryň sanawyndan aýrylandygymy bildim – diýip, ol gürrüň berýär.

«Ejemiň gözüne seretmäge utandym»

Umm Aýşa birnäçe gezek durmuşa çykandygyny aýdýar. Siriýada şerigat kanuny boýunça başga bir ýurduň raýatyna durmuşa çykypdyr.

Ol uly gyzyny alty ýaşynda Siriýa alyp giden eken, häzir ol ýedinji synpda okaýar. Aýalyň sözlerine görä, gyzy Siriýada arap dilini we Gurhany öwrenipdir, Gazagystana geleninden soň, 11 ýaşynda kiril elipbiýi bilen tanşypdyr.

— Gyzym ulalansoň aklawçy bolmak isleýär. Ýöne ene-atasy günäkärlenen çagalaryň döwlet edaralaryna işe alynmaýandygyny aýdyp bilmedim – diýýär.

Aýşanyň körpe gyzy Siriýada doguldy, häzir ol dört ýaşynda. Ejesi günäli tapylanda, iki gyza mamasy seredipdir.

— Erkinlige çykanymda, ejemiň gözüne seretmäge utandym. Ejem islendik ýagdaýda meniň ýanymda bolan az sanly adamlardan biri. Onuň soňky sekiz ýylda çeken görgülerini ýeňletmek üçin, elimden gelenini etmäge taýyn. Onuň üçin tagamly nahar bişirmäge, ähli şertleri döretmäge synanyşýan. Ejem meniň bilen ýüregini açyp, gaty seýrek gürleşýär. Bar zady içinde saklaýar. Ýöne onuň kiçi gyzynyň Ýakyn Gündogarda galmagyndan aladalanýandygyny men duýýan – diýip, Aýşa aýdýar.

Ärlerinden aýrylyşan we işsiz galan iki uýa ýanlarynda iki gyz çagajygy alyp, 2014-nji ýylyň iýunynda Gazagystandan Türkiýä uçýarlar. Internet arkaly tanşan ugradyjylar Stambulda duşuşyp, olary Siriýanyň Jepablus şäherine aşyrypdyr. Şol ýerde iki aýal dogan çeçen hem dagystanly bilen nikalaşýarlar. Soňra Aýşa öz adamsy bilen Rakka gaýdar, aýal dogany bolsa öz ýoldaşy bilen Manbij şäherine gidýär. Olar aram-aram telefonda gürleşip durupdyrlar, ýöne hiç wagt duşuşyp bilmändirler.

— Ejesi: "Meniň ýekeje dilegim, körpe gyzymyň çagalary bilen sag-aman öýüne dolanmagy" diýýär. Ejem garyndaşlary Ýakyn Gündogarda bolan maşgalalary öz içine alýan WhatsApp’daky «Үміт» habarynda durýar. Her gezek bu söhbetdeşlige habar gelende, ejem tisginip gidýär. Mydama gyzyndan habar geler diýip umyt edýär – diýip, Umm Aýşa gürrüň berýär.

Aýşa Ýakyn Gündogarda söweş meýdanynda tutulan gazagystanly bäş aýalyň Yrak türmesindedigini bir gezek eşidipdi. Olaryň biriniň öz aýal doganydygyna umyt edýär, ýagdaý şeýle bolsa onuň diridigini görkezýär.

— Ejem gyzynyň diridigine ynanýar. Soňky gezek doganym 2017-nji ýylyň iýulynda Yragyň Mosulyndan öýümize jaň edipdir.

Gazagystanyň häkimiýetleri onuň aýal doganynyň garşysyna "dini ýigrenji öjükdirmek" we "terrorçylygy wagyz etmek" aýyplamalary bilen jenaýat işini açdylar. Başgaça aýdylanda, ýurda gaýdyp gelse, ony türmä basarlar.

Ikinji aýal bolmaga razylyk

— Petropawlowskdaky aýallar koloniýasynda bolanymda, gijelerine uklap bilmedim. Ýöne soň çagalarymyň bomba ýarylýan Siriýada däl-de, asuda Gazagystanda bolandygyny ýadyma salyp, özümi dürsedim. Köşeşip uklap başlady. Türmede maşgalam bilen köplenç telefonda gürleşýärdim. Gyzlarymyň aglamagyny görmezlik üçin, wideoly jaň etmek islemedim – diýip, ol Azatlygyň habarçysyna smartfonyndan, ýylgyryp duran iki gyzynyň suratyny görkezýär.

Erkinlikde bolandygyna garamazdan, Umm Aýşa özüne çykarylan karary doly berjaý etmeli bolýar. Eger düzgüni üç gezek bozsa, koloniýa gaýtaryljagyna düşünýär. Umm Aýşa indi türmä gitmek islemeýär, şonuň üçin köçä çykanda, gaty seresap bolmaga çalyşýar, hatda köçeden kesip geçende-de, ýaşyl çyranyň ýanmagyna garaşýar.

2020-nji ýylyň fewralynda Petropawlowskdaky aýallar koloniýasynda jeza möhletini geçýärkä, iň gowy jorasy tarapyndan tanyşdyrylan bir adama durmuşa çykdy. Bu Aýşanyň ýedinji nikasy. Umm Aýşa azatlyga çykanda, adamsy bilen türmäniň derwezesinde duşuşdy. Ol Aýşany Petropawlowskdan Aktöbe alyp gitdi.

“Ol imanly adam. Öz sözüniň eýesi" diýip, Umm Aýşa ikinji aýaly bolmaga razylyk beren adamsyny gysgaça tanyşdyrýar. Ol adam wahtalaýyn esasda işleýär. Aýşa onuň iş tapgyryny tamamlap gaýtmagyna garaşýar, işden gaýdyşyn ol Aktöbäniň eteginde, iki gyzy bilen ýaşaýan Aýşanyň öýüne gelýär.

Petropawlowskdaky aýallar koloniýasynda Umm Aýşa tikinçilik kursuna gatnaşypdyr hem türmede oturanda bir ýarym ýyllap, iş eşiklerini tikipdir. Häzir ol okuwyny dowam etdirýär hem öz atelýasyny açmagy arzuw edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG