Şahyr Aron Atabek tussaglykdan boşadylyp, Almaty şäherine getirilenden birnäçe gün soň, Azatlyk onuň bilen duşuşdy. Dissident 15 ýyllap türmede oturandan soň, özüni nähili duýýar we näme üçin ol türmeden boşadylmagyny "aldaw" diýip atlandyrýar?
"Bu mistika ýaly başlandy, ahyrynda uly polisiýa aldawy bilen tamamlandy" – Aron Atabek türmeden boşadylmagyny şeýle düşündirýär. 15 ýyldan gowrak türmede oturan syýasy tussag golaýda azatlyga çykaryldy. Pawlodar kazyýeti galan möhleti (iki ýarym ýyldan gowrak) bir ýyl azatlykdan çäklendirmek şerti bilen amala aşyrdy, bu çäre Aronyň oňurgasynda bejerip bolmaýan kesel bilen baglanyşykly edildi. Şol gün Atabegi bir uçara mündürip, Almatyda ýaşaýan aýal doganynyň öýüne getirdiler. Ol jaý synag gözegçiligi wagtynda, türme administrasiýasynyň resminamalarynda Atabegiň ýaşaýyş ýeri hökmünde görkezilýär.
Azatlyk Almaty şäheriniň etegindäki şol jaýda Aron Atabek bilen duşuşdy. Türme şertleri ony fiziki güýçden mahrum edipdir. 2006-njy ýylda, Şanyragy goraýjylaryň arasynda Atabek hem bolupdy, ol ýaşaýyş jaý hukugynyň goralmagyny talap etdi. häkimiýetler Şanyrak obasyndaky jaýlaryň bikanun gurlandygyny aýdyp, jaýlary ýykjak bolýardylar, ýaşaýjylar berk garşylyk görkezdiler, ol şonda sagdyn bedenli 53 ýaşly adamdy. Indi dissidente bir ýönekeý hereketi etmegem kyn düşýär. Saglyk bilen baglanyşykly kynçylyk sentýabr aýynyň ahyrynda, türme şertlerinde ýaramazlaşyp başlapdy.
— 21-nji sentýabr agşamy, ýatmak wagty golaýlaşanda, garaşylmadyk ýagdaýda ýykyldym. Men egildim, kelläm aýlandy. Bu meniň ilkinji gezek ýykylyşym däl, ondan öň Hudaý gorandyr, kelläm ýarylmandy. Bu gezekde ýaryldy. Gan gitdi. Men ýatyrdym, aýak üstüne galyp bilmedim. Ol ýerde nobatçyda monitor bar, her niçigem bolsa görýärler, ýöne gelenokdylar. Ýarym sagatdan soň, bir işgär bilen lukman geldi. Meni ýokary dikläp oturtdylar. Wraç seredip: “Kelläňizde ýaryk bar. Köp gan akypdyr, muny tikmeli. Eger tikilmese, beýiň çykar. Şonuň üçin hassahana gitmeli" diýdi. Gitmeli bolduk, ýogsa men keselhana prinsipial garşy, sebäbi şol ýerde meni öldürip bilerler öýdýärin. Garry näsag, bar ýerim tikilen-saralan – diýip, ol gürrüň berýär.
Gysga wagt demini dürsäp, kynçylyk bilen gürleýär. Aronyň dem alyş organynda ýetmezçiligi bar. Öýkenine zeper ýetendigi üçin, ony 5-nji oktýabrda Tiz kömek bilen äkidipdirler. Keselhana girmekden ýüz öwrenden soň, öýünde kislorod goýlupdyr. Onuň egindeşi Muratbek Esengazy doktorlaryň Atabegiň öýkenine 38% zeper ýetendigini anyklandygyny Azatlyga mälim etdi. Oňa hassahanada özüni bejertmek maslahat berilýär, ýöne dissident keselhana ýerleşdirilmegine düýbünden garşy, sebäbi bu ulgama ynanmaýar.
Atabek azatlyga çykmazdan 10 gün öň Pawlodaryň kliniki hassahanasynda ýatmaly boldy. Şonda-da eli gandally, hereketsiz diýen ýaly ýatandygyny aýdýar.
— Olar meniň saçymy syrdylar. Ýara birneme tikildi, bejerildi. Urşuň öň hataryndaky esger ýaly, kellämi keseligine saradylar. Şol 10 günüň dowamynda, doly medisina barlagyndan geçdim. Açyk aýdanymyzda, bolup geçen zatlaryň barynyň gaýtalanmagynyň mümkindigini ýazdylar. Meni düşekde ýatyryp, elime gandal urup, diwara berkitdiler. Näsag adamyň diwara daňylmagyny göz öňüne getirip bilýäňizmi? Men 10 günläp şeýle ýatdym. Kateter goýdular, tas akylym çaşypdy. Hajadyňa kateteriň üsti bilen amal etmek gaty agyryly eken. On günüň dowamynda ýerimden turmadym diýen ýaly. Umumy gowşaklyk sebäpli aýaklarym atrofiýa – duýgusyz ýagdaýa düşdi – diýip, Atabek düşündirýär.
Teninde dörän ýaralaryny türmedäki gynamalar we gözenegiň aňrysyndaky urlup-ýenjilmeler bilen baglanyşdyrýar. Oňa soňky ýyllarda elinde hatda bir çemçe ýa-da ruçka saklamak kyn boldy. Gazagystanda derňew astyndaky adamlara we tussaglara zulum etmek adaty bir gaýtalanyp duran zat, adam hukuklaryny goraýjylar gynamalara sezewar edilýänleriň jezasyz galýandygyny aýdyp gelýärler. Türmelerdäki zorluk bilen baglanyşykly jenaýat işi kazyýetlere seýrek gelip ýetýär, şeýle bolaýanda-da, oňa höküm gaty az ýagdaýda çykarylýar.
— Çep elimi Almatyda 2006-njy ýylda Içeri işler bölüminde gynanlarynda döwdüler. Iki elimiň barmaklary hem döwüldi. Men ýaşdym, sagdyndym, aýratyn bir problema bolman, ol ýaralar çalt bitdi. Soň 2014-nji ýylda meni deslapky tussaghanadan Pawlodara äkidenlerinde, çep aýagymy döwdüler. Bu eýýäm ikinji gezek, ilkinji gezek [Şanyragy] goramaga çykanymda, aýagymy döwüpdiler.
Syýasy tussagyň saglyk problemalary barada, jemgyýet ençeme ýyl bäri aýdyp gelýär. Şeýle-de bolsa, Gazagystanyň raýat aktiwistleriniň, adam hukuklaryny goraýjylaryň, ýazyjylaryň, halkara guramalarynyň we Günbatar ýurtlarynyň şahyry halas etmek baradaky çagyryşlary eşidilmedi. Atabegiň ýagdaýy halys erbetleşende, türme administrasiýasynyň özi oňurga ýiligindäki näsazlyklar we beýleki keseller sebäpli, ony azatlyga çykarmak barada, kazyýete teklip iberdi.
— Kazyýet işinden öňki tussaglykda kuratorym bolan maýor Orazalinow hassahana geldi-de: "Çal, biz seni başga hassahana geçirýäris" diýdi. Meni turuzdylar, geýindirdiler-de, arabada oturtdylar, lift bilen aşak düşürdiler, ellerinde göterip, daşary ýurt awtoulagyna saldylar [Orazalinowyň ulagy]. Alyp barýarlar, alyp barýarlar, eýýäm şäherden çykdyk. "Ýigitler, meni nirä alyp barýaňyz?" diýýän. Hiç zat aýdanoklar. Biz bir alagaraňky duralgada saklandyk. Bir ýarym sagatdan soň şepagat uýasy Kymbaty getirdiler. Ol ulaga mündi. Soň seretdim, motoryň haýsydyr bir geň sesi eşidilýär, men awtoulagyň motory şeýle ses edýändir diýip pikir etdim. Eglip seretsem, bir uçar maşynymyza tarap gelýär. “Bu näme?” diýip, Kymbatdan soradym. “Siz bileňizokmy näme? Biz aeroportda" diýdi. “Näme üçin aeroportda?” diýýän. "Sizi öýüňize – Almaty şäherine äkideris, men şepagat uýasy hökmünde, size ýoldaş bolaryn. Elden-ele geçirip, hossarlaryňyza tabşyrarys. Şu gün günortan kazyýet karar berdi, sizi azatlyga çykardylar. Jeza möhletiňiz gutarmasa-da, sizi goýberýäris" diýdi. Meni uçara alyp gitdiler. Uçduk. Iki sagatdan soň Almatyda bolduk. Bularyň hemmesi örän uly aldaw – diýip, Atabek 1-nji oktýabr wakalaryny gürrüň berýär.
Möhletinden öň boşadylmagyny ýa-da jezanyň ýeňilleşdirilmegini islemedik Atabek keseli bilen baglanyşykly boşadylmagy bilen-de ylalaşmaýar. Ol özüniň "ol jaňdan, ahyrky jaňa çenli” oturmaga taýyndygyny aýdýar. Dissident özüne garşy hökümi ýatyrmak we özüniň doly aklanmagy üçin, halkara guramalara ýüz tutmak isleýär.Dissidentiň özüniň türmäniň içinde ölmeginden gorkup, häkimiýetler boşatdy diýip hasaplaýar. Onuň pikiriçe, diňe şu ýagdaý, 15 ýyldan soň derrew türmeden boşadylmagynyň sebäbi bolmaly.
2014-nji ýyldan Atabegi ýeke adamlyk kamerada sakladylar. Onuň sözüne görä, hatda ol şol ýerde-de goşgy ýazypdyr. Jemgyýetiň goldawyny duýandygyny aýdýar.
– Iki adam maňa täzelikleri yzygiderli habar berýärdi. Bular Pawlodardan Baýgaly Meýramgaliýew hem Uralsk şäherinden Aliýa Abulhaýrowa, olar men hakda näme ýazylan bolsa iberip durdular. Men ol hatlary okap, halkyň goldawyny duýdum. Öz ýakynlarymdan hem tanyşlarymdan hatlar geldi. Şeýle wagtlar boldy, olara jogap bermegi maňa gadagan etdiler, käte hatlaryň gelmeýän wagtlary-da bolýardy – diýip, şahyr ýatlaýar.
Fiziki ýagdaýyna garamazdan, Aron Atabek öz ruhuny döwülmedik hasaplaýar. Bejergiden soň syýasata dolanmak isleýändigini aýdýar.
— Ýapon samuraýlarynyň şeýle sözi bar: samuraýyň borjy – dogruçyl we ahyryna çenli göreşmek. Men gazak samuraýy, meniň borjum ahyryna çenli göreşmek. Saglygym birneme gowulaşansoň, ýene oppozisiýa syýasatyny alyp barmagy dowam etdirerin, halky beýik Alaş rewolýusiýasyna taýýarlaryn – diýip, öz maksadyny mälim edýär.
Atabek azatlyga çykandan soň, onuň maşgalasy gyssagly we gymmat lukmançylyk bejergisine mätäçdigini aýtdy. Jemgyýetçilik aktiwistleri onuň aýal doganynyň hasabyna pul ýygnamagy yglan etdiler.
Dissidentiň ýakynlary Atabegiň “Şanyrak işinden” doly aklanmalydygyny aýdýarlar, sebäbi "oňa bildirilýän aýyplamalar toslanyp tapylypdyr". "Aron ne şertli ýagdaýda, ne-de günäsiniň geçilmegini ýa-da aklanmagyny soramady” diýlip, dissidentiň hossarlarynyň ýüzlenmesinde aýdylýar.
Aron Atabek "köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramak" aýyplamasyny ret edýär. 2006-njy ýylyň 14-nji iýulynda Şanyrak şäherçesinde bolan çaknyşykda, bir polisiýa işgäri öldürildi. Atabek ol wakalaryň netijesini häkimiýetler tarapyndan gurnalan "prowokasiýanyň" netijesi hasaplaýar.
Polisiýa bilen demonstrantlaryň arasynda bolan çaknyşykda, sülçi Aset Beýsenowyň üstüne benzin guýup, näbelli adamlar tarapyndan oda berildi, birnäçe günden soň, sülçi keselhanada aradan çykdy. Indi şol merhumyň ene-atasy oglunyň ölüminde aýyplanýan Aron Atabegiň türmeden boşadylmagyna garşy bolup, Gazagystanyň Baş prokuraturasyna hat iberdiler.
Şanyrakda başa barmadyk şowsuz hüjümden soň, akimat ol ýerde gurlan binalary kanunlaşdyrdy, oba ýerinde infrastruktura çärelerini geçirdi we şäherçäni täze döredilen Alatau etrabyna goşdy. Häzirki wagtda Şanyrakda gaty az adam 15 ýyl ozalky bolan çaknyşygy ýatlaýar.
Şanyrak işinde 20-den gowrak jenaýata çekilen adamyň arasynda, Aron Atabek iň uzak möhlete höküm edildi. Atabek hökümden öňem, soňam öz "adynyň doly we dogruçyl dikeldilmeginiň hem-de maddy öweziniň doly berilmeginiň" zerurdygyny aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.