Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda 'wirus we açlyk' ilata zarba urýar, Aşgabatda COVID-19 jan alýar, çagalar ýetim galýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Bir tarapda möwç urýan koronawirus ýokanjy, beýleki tarapda ykdysady krizisiň getiren açlygy Mary welaýatynda ilata agyr zarba urýar.

Ilatyň dürli gatlaklary, şol sanda bala-çagasyny ekläp bilmän naçar galan gelinler, köçelerde dilegçilik etmäge mejbur galan aýallar we çagalar, näsaglan ogul-gyzyna däri-derman satyn alyp bilmän daş-töwerekden haraý gözleýän gojalar, işsizlikden çykalga gözleýän erkek adamlar Mary welaýatynda saglyk krizisiniň hem-de ykdysady krizisiň getiren çökgünligini açyp görkezýän esasy deliller bolup durýar. Bu aralykda, ýaş gelinleriň düşen hal-ahwalyndan hyýanatly peýdalanyp, olaryň namysyna göz dikýän polisiýa işgärleri, garyp maşgalalaryň näsaglaryny sagat salym soň, öýlerine getirip taşlaýan “Tiz kömek” lukmanlary onsuz hem agyr durmuşa has aýylganç agram salýar. Munuň şeýledigini Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

“Mary welaýatynyň halky wirusdan we açlykdan kösenýär. Çagalar köçelerde dilegçilik edýär. Ene-atalar öz çagalaryny eklemek üçin näme iş bolsa etmäge taýyn. Adamlaryň iýmäge çöregi ýok. Hassahana düşen hassalaryň elinde pul bolmasa, keselhanalar hassany kabul etmeýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Adamlar keselläp, derman-däri almaga ýagdaýlary bolmansoň, köp adam öýünde-de bejergi alyp bilmän, hatda bokurdaklaryndan bir döwüm çörek ýa-da bir owurt suw hem geçirip bilmän, sähel günüň içinde horlanýar” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmen hökümeti ýurtda möwç urýan COVID-19 keseliniň hem-de pandemiýanyň fonunda has-da ýaramazlaşan ykdysady krizisiň hakyky gerimini aýan etmezlikde tutanýerlilik bilen aýak direýär.

“Syrkawlan adamlaryň hossarlary näme etjeklerini bilmeýärler. Sebäbi, ellerinde bir manat pul bolmansoň, gaty kyn ýagdaýda galýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Saglyk krizisi ykdysady krizis bilen goşalanyp, sosial krizise öwrülýär.

Maryly ýaşaýjynyň sözlerine görä, bala-çagasyny eklemek üçin köçelerde ten söwdasy bilen meşgullanýan gelinlere duş gelmek bolýar; erkek adamlar işsizlikden ýaňa günlükçi bolup işlemäge, “uzakly gün üçin 10 manat berseň bolýar, günortanlyk naharymy berseň bolýar, näme işiň bolsa etmäge taýyn” diýip, adamlara ýalbarmakdan başga alaç tapmaýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy dowam edýän kynçylyklaryň arasynda jenaýat işlerine baş goşýan erkek adamlaryň köpelýändigini habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, Maryda azyk dükanlarynda ogurlyk edip, ele salnan erkek adamlara duş gelmek bolýar.

“Köp adam jenaýata baş goşýar. Dükanlara ogurlyk etmäge gidýärler. Ýa-da açyk dükan görseler, satyjyny güýmäp, dükandan çörek ýa-da başga azyk harytlaryny ogurlap tutulýanlar hem az däl” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Olar köplenç ele salnanda ozal özleriniň hiç haçan ogurlyk bilen meşgullanmandyklaryny, çagalaryny ekläp bilmän çykalgasyzlykdan ogurlyk edendiklerini aýdýarlar.

“Özlerini polisiýa tabşyrmazlygy dükan eýelerinden aglap haýyş edýärler” diýip, maryly şaýat gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Jemal (ady üýtgedildi) atly bir ýaş gelin bilen gürrüňdeş bolup, ýaş gelinleriň çekýän jebir-jepasy barada habar berdi.

Jemalyň sözlerine görä, ýaş gelinler hem eklenjiň ugrunda. Olaryň arasynda ellerine kiçijik, iki-üç aýlyk bäbeklerini alyp, dilegçilige çykýan ýaş zenanlar bar; haýsyndan sorasaň, öýlerinde syrkaw bar: ‘Biz derman almakdan tamany üzdük. Iýmäge çörek tapsak razy’ diýip aýdýarlar.

Ýaş geliniň sözlerine görä, gelinleriň düşen hal-ahwalyndan hyýanatly peýdalanmaga çalyşýan polisiýa işgärleri olaryň namysyna göz dikýär. Ýöne dilegçilik etmäge mejbur galan gelinler polisiýanyň yzgytsyzlygyna pert jogap berýär.

Jemal dilegçilik etmekden utanýan käbir gelinleriň gijelerine ten söwdasy bilen meşgullanýandyklaryny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Gurban (ady üýtgedildi) atly beýleki bir maryly ýaşaýjy bilen gürrüňdeş boldy.

“Şu günler wirus bilen syrkawlap, lukmana ýüz tutman öýünde ýatan adam gaty köp. Sebäbi olaryň ellerinde pul ýok. Bir hojalyk öz oglunyň gyzdyryp, zordan dem alýandygyny görüp, çydap oturyp bilmän, “Tiz kömek” çagyrýar. Ol “Tiz kömek” ol oglany alyp gidýär. Soňra oglanyň kakasyna hassahanadan jaň gelýär. “Siz derman-däri satyn almaly bolarsyňyz, şonuň üçin siz hassahana geliň!” diýip, hassanyň kakasy keselhana çagyrylýar. Hassa ýigidiň kakasy lukmanlara ýagdaýyny düşündirýär. Özünde derman satyn almak üçin hiç hili serişdäniň ýokdugyny aýdýar” diýip, Gurban gürrüň berýär.

Ýöne aradan bir sagat töweregi wagt soň hassa ýigit öýüne ugradylýar. Onuň kakasy lukmanlaryň diňe puly bar adamlara hyzmat edýändigini aýdyp, şikaýat edýär.

Ýaş ýigidi yzyna “Tiz kömek” ulagy getiripdir. Medisina işgärleri hassadan öýden çykmazlygy talap edýär.

“Hassahanalaryň ählisi doly, ýer ýok. Hiç haýsy kabul etmedi” diýip, “Tiz kömek” işgärleri hassa ýigidiň kakasyna aýdypdyrlar.

Gurbanyň gürrüň bermegine görä, hassa ýigidiň kakasy gözüne ýaş tegeläp: “Bu nähili dünýe boldy!? Meniň ogluma derman almaga pulumyň ýokdugyny aýdamsoň, ony yzyna getirip, jaýyň burçunda ýatyryp gitdiler” diýýär.

Gurban hassa ýigidiň kakasyna salgylanyp, näsagyň burnunyň ys almaýandygyny, işdäsiniň ýokdugyny, dört gün bäri hiç zat iýmeýändigini gürrüň berýär.

Hassa ýigidiň kakasy gözüniň alnynda tapdan düşüp barýan ogluny görüp özelenýär, özüniň hatda beden agzalaryny, böwregini satmaga kaýyl bolandygyny, ýöne hyrydar tapmandygyny gürrüň berýär.

Ol özüniň gurluşykdan iş gözläp, munuň netijesiz tamamlanyşy barada gürrüň berýär, işsizlikden kösenýär.

Gurbanyň sözlerine görä, häzirki gün biraz puly bolan adamlar maşgalasynda bir adam Türkiýede işleýän hojalyklar bolup çykýar.

Türkmenistanda soňky on ýyldan gowrak wagt bäri millionlarça adam eklenç gözleginde ýurdy terk edip, daşary ýurtlara çykdy.

“Meniň şu syrkawlap ýatan oglum iş tapmak üçin Türkiýä gitmekçi bolup, dört gezek biledini köýdürip, paýtagtyň aeroportundan geçirilmän yzyna geldi. Men şonda: ‘Oglum Türkiýede näme işiň bar? Gül ýaly ýurdumyz bar. Bärde gymyldaber. Şu ýerde-de gün görüp bolýar” diýerdim. Indi bolsa, şol oglum bilen meniň özüm hem Türkiýä işlemäge gitmek üçin synanyşmaly ekenim. Belki, [Migrasiýadan] ony geçirmeseler, meni geçirerdiler” diýip, hassa ýigidiň kakasy gürrüň berýär.

“Bu ýurt öň gowudy. Indi ýönekeý halk üçin dowzaha döndi” diýip, Gurban häkimiýetleri aýyplaýar.

Ol ilatyň azyk paýlarynyň wagtynda berilmeýändigini gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy köp hojalyklaryň diňe çörek iýip, gün görýändiklerini, olaryň gyzgyn nahary, mümkinçilik bolanda, hepdede diňe iki gezek iýýändiklerini gürrüň berýär.

“Hiç ýerde iş ýok. Bazarlar ýapyk dur. Diňe çörek bilen naharlanýarys. Gyzgyn nahary hepdede iki gezek bişirýäris... Halk gowy, garyby goraýar. Iň bolmanda baryndan kömek etjek bolýar. Hökümet bolsa eliňdäki iň soňky 10 teňňäni hem alyp gidýär” diýip, beýleki bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtda koronawirus ölümleriniň ýokarlanýandygyny habar berýär.

Habarçymyz Aşgabatda soňky on günüň dowamynda ençeme çagalaryň ýetim galandygyny, olaryň ene-atalarynyň koronawirus bilen aradan çykandygyny gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň bir orta mekdebinde ene-atasy koronawirus bilen aradan çykan we özleri ýetim galan çagalaryň at-familiýalaryny iberdi. Redaksiýa mekdebiň belgisini hem-de hossarlaryny ýitiren çagalaryň şahsy maglumatlaryny çap etmekden saklanýar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, synp ýolbaşçylary ýetim galan çagalar üçin okuwçylardan pul ýygnaljakdygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar koronawirus sözüni agzamakdan ýaýdanyp, “wirus”, “bu kesel”, “şol kesel” diýen aňlatmalary ulanýarlar.

Bu aralykda, BBC neşiri 19-njy sentýabrda Aşgabatda möwç alýan koronawirus keseli we ejir çeken adamlaryň çäresizligi barada habar berdi

Türkmenistanyň hökümeti ne ýurtda möwç alýan koronawirusy, ne-de “açlyk” derejesine baryp ýeten ýiti azyk ýetmezçiligini boýun alýar.

Şu günler türkmen hökümeti ýurtda dowam edýän keselçiligiň we açlygyň arasynda garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramyna we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG