Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) ýolbaşçylary Täjigistanyň paýtagtynda duşuşyp, ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan çykmagy we “Talybanyň” häkimiýet başyna gaýdyp gelmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşýarlar.
20 ýyl ozal separatizme, ekstremizme we terrorçylyga garşy göreş üçin döredilen Ýewraziýa howpsuzlyk blogy ozal Hytaý, Russiýa, Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlardan ybaratdy. 2017-nji ýylda oňa Hindistan we Pakistan hem goşuldy.
Bir-birinden örän tapawutly ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň Duşenbe şäherinde nädip umumy dil tapjakdygy düşnüksiz, sebäbi ŞHG-nyň agzalary Owganystanyň täze dolandyryjylary bilen nähili işleşmelidigi barada häzir bir pikire gelip bilmeýärler.
“Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen, Owganystan süýşüp gelýän gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz boldy we, Owganystanyň Merkezi Aziýadaky goňşulary uruşdan tozan ýurtdan abanyp biljek howp-hatarlarlardan, on müňlerçe bosgunyň serhetden aşmak ähtimallydygyndan ätiýaç edýärler.