Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň we Eýranyň araçäginde bolan ýer titreme Aşgabatda duýuldy


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanyň we Eýranyň araçäginde duşenbe güni ir bilen bolan ýer titreme Aşgabatda duýuldy.

“Paýtagtda ir sagat 09-lar töweregi ýersarsgyny duýuldy. Jaýlarda lýustralar, öý goşlary dagy çaýkandy, ýaşaýjylaryň aglabasy howlukmaç daşary çykdy” diýip, 13-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary gürrüň berdiler. Tebigy harasat bilen baglylykdaky heläkçilikler barada maglumat ýok.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik gullugy 13-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen 09:02-de (04:02 UTC), Eýranyň Kuçan şäheriniň 38 km demirgazyk-gündogarynda 10km çuňlukda 5,1 bal derejesinde ýersarsgynynyň bolandygyny habar berdi.

Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti sebite halas ediş toparlarynyň ýolanandygyny habar berdi. Şol bir wagtda, ýitgiler we heläkçilikler barada bada-bat maglumat berilmedi.

Eýranda, seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşensoň, ýersarsgynlary köp bolýar.

Türkmenistanyň Eýran bilen araçäginde 13-nji sentýabrda bolan bu ýer titreme we onuň Türkmenistana ýetiren täsirleri barada, Türkmenistanyň özünde döreýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda adatça bolşy ýaly döwlet gözegçiligindäki türkmen media serişdelerinde hiç hili habar berilmedi.

XS
SM
MD
LG