Türkmenistanda COVID-19 giňden ýaýraýan mahaly, aşgabatly saglyk işgärleri wirusyň bu tolkunynyň geçen ýyldakydan has güýçlidigini aýdýarlar. Paýtagtda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, şäheriň etegindäki obalarda ölüm derejesi has-da ýokarlanýar. Mary welaýatynda wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çäreleriniň çäginde bazarlar ýapylýan mahaly, güzeran eklenji bazarlardaky söwda garaşly ilat bu çärelere garşylyk görkezip, azyk harytlaryny çem gelen ýerde satmaga synanyşýar. Bu aralykda, garaşsyz neşir Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň teswirnamasyndan tabşyryklaryň göçürmesidigi aýdylýan maglumatlary çap etdi.
"Şu günler Aşgabat şäherinde saglyk öýleriniň işgärleri, şepagat uýalary ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, wirus ýokuşan raýatlary anyklamaga synanyşýarlar. Hytaý sanjymyny etdiren raýatlaryň arasynda wirus bilen agyr keselleýänler we ondan ölýänler örän köp. Sanjym edilen dürli ýaşdaky adamlaryň arasynda ölüm derejesiniň ýokarlanmagy ilaty aladalandyrýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran paýtagtly saglyk işgäri 31-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň etegindäki obalarda wirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň sany görnetin artýar. "Obalarda ilaty waksina etmek derejesi örän pesdi" diýip, saglyk işgäri wirusyň häzirki tolkunynyň geçen ýyldakydan has güýçlidigini hem belledi.
Şu aýyň başynda Germaniýa tarapyndan dünýäde COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli döwletleriň sanawyna goşulan Türkmenistan ýurtda bu wirusyň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun alman gelýär.
Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň köpelýändigi barada Azatlykda we garaşsyz neşirlerde çykýan habarlaryň arasynda, wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini yzygiderli güýçlendirýärler. Bu çäreleriň çäginde beýleki karantin çäklendirmeleri bilen bir hatarda, ýurduň dürli künjeginde bazarlaryň we söwda merkezleriniň onlarçasy ýapyldy.
Azatlygyň Marydaky habarçysynyň maglumatyna görä, geçen hepdäniň başyndan bäri bu welaýatda azyndan 10 bazar ýapyldy. Häzirki wagt sebitde azyk satylýan bazarlaryň we dükanlaryň diňe käbiri açyk bolmagyna galýar.
Habarçymyz bazarlaryň ýapylmagynyň güzeran eklenji bazarlardaky söwda garaşly ýüzlerçe telekeçä ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, häzir kiçi we orta söwdagärler maddy zyýan çekmejek bolup, harytlaryny çem gelen ýerde satmaga synanyşýarlar.
"Baýramalynyň bazaryny ýapyp, onuň daşyna demir haýat aýladylar, bazara awtoulag girmez ýaly etdiler. Ýöne satyjylar bazaryň ýapylandygyna garamazdan, polisiýa tarapyndan kowulsalar-da, ýene aýlanyp gelip, bazarda ýa-da onuň töwereginde öz harytlaryny satmaklaryny dowam etdirdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly söwdagär habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, geçen hepdäniň ahyrynda bazaryň töweregine gözegçilik edýän ýol polisiýasynyň sany köpeldildi. Olar bazaryň töwereginde ulaglaryň goýulmagyna rugsat bermediler.
Şondan soň söwdagärler awtoulaglaryny bazaryň golaýyndaky köçelerde goýup, harytlaryny ulaglarynyň içinde satyp başladylar. Bu söwdagärler beýleki azyk we senagat harytlary bilen bir hatarda, esasan okuw egin-eşiklerini we esbaplaryny satýarlar.
"Bu ýerde başagaýlyk... Okuwçy çagalar, hususan-da gyz çagalar köçäniň ugrunda eşikleri deňäp, geýip görmeli bolýarlar. Bir ene "hökümetiň başynda oturan prezident türkmenleri halys masgara etdi" diýip, nägileligini beýan etdi" diýip, söwdagär şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, polisiýa işgärleri bazaryň töweregindäki söwdany hem togtatmaga synanyşýarlar. Olar söwdagärlere "şu günler keselçiligiň juda köpdügini" aýdyp, olardan bu ýerden gitmegi talap edýärler.
"Polisiýa işgärleri "keselçiligiň juda köpdügini hemmämiz bilýäris. Şonuň üçin, gaýrat edip, bu ýere üýşmäň" diýip haýyş edýärler. Ýöne satyjylar "Biziňem hojalygymyzda şol kesel bar. Ýöne biz çöregimizi şu bazardan iýýäris. Çagalarymyzy eklemeli. Dermanlaryň, azyk önümleriniň nyrhyndan habaryňyz ýokmy? Hökümet wirus diýip, bazary ýapsa-da, bize hiç hili maddy goldaw bermeýär" diýip, polisiýa jogap berýärler" diýip, söwdagär şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Bu habarlaryň arasynda, habarçymyz welaýatda wirusdan ýogalýanlaryň görnetin artmagy bilen, köp obalarda ölen adamlary jaýlamak üçin öwülýäde mazar gazýan raýatlaryň irdenden tä agşama çenli işleýändigini aýdýar.
"Bir obada her gün azyndan 3-4, käte ondan hem köp adama mazar gazýaryn. Ölýän adamlar örän köp. Men we men ýaly mazar gazýan beýleki ildeşlerim indi her gün öwlüýä gatnap ýörmän, şol ýerde bolubereli diýýäris" diýip, mazar gazýan maryly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.
Bu aralykda, garaşsyz neşir Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň teswirnamasyndan tabşyryklaryň göçürmesidigi aýdylýan maglumatlary çap etdi.
türkmen.news neşiriniň 30-njy awgustdaky habaryna görä, tabşyryklar toparyň şu ýylyň 29-njy awgustynda geçirilen mejlisinde kabul edidi.
Olaryň arasynda aşakdakylar bar:
- Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ), ýörite orta bilim berýän edaralarda we orta mekdeplerde (7-11 synp okuwçylar üçin) 1-nji sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda okuwlar distansion tertipde amala aşyrylar. 1,2,3 kurs talyplar sapaklaryna distansion görnüşinde umumy ýaşaýyş jaýlaryndan gatnaşarlar. Paýtagta gelmegi başaran gumanitar we lukmançylyk hünärleriniň 4-nji, 5-nji we 6-njy kurs talyplary (jemi 8852 adam) ýörite otlylar bilen tapgyrlaýyn yzyna iberilmeli.
- Möwsümleýin keseliň epidemiýasy ýüze çykan halatynda işgärleri dynç alşa ibermeli. Bu, ilkinji nobatda töwekgelçilikli toparlara girýän işgärlere degişlidir.
- Aşgabatdan Türkmenbaşa we ýurduň beýleki şäherlerine uçar gatnawlary günde diňe bir gezek amala aşyrylar.
- Daşary ýurtlarda alnan diplomlary ykrar etmek boýunça döwlet synaglarynyň 1-nji noýabra çenli yza süýşürilmegi teklip edilýär.
Azatlyga bu maglumatlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatnak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyndan hem kommentariýa alyp bolmady.
Ýöne bu habar ýurtda 1-nji sentýabrdan başlap giň gerimli karantin çäreleriniň güýje girizilmegine, şeýle-de ÝOJ-larda okuwlaryň onlaýn görnüşinde geçirilmegine garaşylýandygy barada habarçylarymyzyň beren maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.