Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçi ABŞ-dan Türkmenistanyň pagtasyny çaga zähmeti ýa-da mejbury zähmet bilen öndürilen önümleriň sanawyndan çykarmagy sorady


ABŞ-da aktiwistler Türkmenistandaky mejbury pagta ýygymyna garşy protest geçirýärler. 2018 ý.
ABŞ-da aktiwistler Türkmenistandaky mejbury pagta ýygymyna garşy protest geçirýärler. 2018 ý.

Türkmenistanda başlanan pagta ýygym kampaniýasynyň çäklerinde, häkimiýetler, ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly, ýygym işlerinde mejbury zähmetden peýdalanmagyny dowam etdirýärler. Azatlygyň sebitdäki habarçylary bu işlere býujetçileriň, esgerleriň dagy mejbury çekilýändigini habar berýärler.

Bu aralykda, 2018-nji ýyla çenli Birleşen Ştatlaryň onlaýn söwda kompaniýalarynyň üsti bilen türkmen pagtasyndan öndürilen dokma önümlerini alyjylara ýetiren “Goza Towels” kompaniýasy ABŞ-nyň Halkara Iş gatnaşyklary boýunça býurosyna ýüz tutup, Türkmenistanyň pagtasyny çaga zähmeti ýa-da mejbury zähmet bilen öndürilen önümleriň sanawyndan çykarmagy sorandygy belli boldy.

Ýatlatsak, ABŞ-yň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi. Bu gadagançylyk heniz hem saklanyp galýar.

Düýbi Wirjiniýada ýerleşýän “Goza Towels” kompaniýasynyň arzasy 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda kabul edildi. Onda Türkmenistanyň mejbury zähmeti kanuny taýdan we iş ýüzünde gadagan edýändigi aýdylýar we ýurduň kanunçylygyna salgylanylýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýatlarda we şäherlerde, ýerli ýerine ýetiriji, şol sanda bilim edaralary bilen hem birlikde mejbury zähmetiň öňüni almak boýunça işleri geçirýändikleri nygtalýar.

Bellemeli ýeri, 2018-nji ýyldan soň Birleşen Ştatlaryň “eBay” we “Walmart” söwda kompaniýalarynda satuwa çykarylan “Goza” haryt nyşanly dokma önümleri soňy bilen “Pakistanda öndürildi” diýen belgi bilen satuwa çykarylypdy.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny yzygiderli tankyt edip gelýärler.

2016-njy ýylyň dowamynda dünýä belli Şwesiýanyň “H&M” we “IKEA”, şeýle-de “Adidas”, “Esprit” ýaly global markalar, şol sanda sermaýaçylardan, biznes jemgyýetlerinden, kärdeşler arkalaşyklaryndan hem-de hukuk goraýyjy toparlardan düzülen 60 töweregi wekil Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagy boýunça çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG