Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýene iki oba we birnäçe hassahana karantine alyndy. Aşgabatda söwda merkezleri ýapyldy


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýeke hadysasyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda ölüm howply wirus giňden ýaýraýar. Munuň bilen baglylykda, Mary welaýatynda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin artýan mahaly, sebitiň ýene iki obasy we ýokanç keseller hassahanalarynyň tas ählisi karantine ýapyldy. Şeýle-de, welaýat häkimliginde adatdan daşary ýygnak geçirilip, bazarlary, dükanlary, kafeleri we restoranlary wagtlaýyn ýapmak barada buýruk kabul edildi. Paýtagt Aşgabatda hem birnäçe söwda merkezi wagtlaýyn ýapyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydan we Aşgabatdan maglumat berýärler.

Marydaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolýan lukmanlar häzir koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşi bilen keselleýänleriň we ölýänleriň örän köpdügini aýdýarlar.

"Günde her hassahana 30-40 adam ýerleşdirilýär. Günüň dowamynda 10-15 adamyň ölýändigi barada maglumat bar. Iň agyr näsaglar welaýatyň ýokanç keseller hassahanasyna iberilýär. Baýramaly etrabynda keselleýän adamlary Wekilbazar etrabynyň ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirýärler. Wirusyň ýaýramagy bilen adamlaryň ölüm sany sagatlaýyn köpelýär. Tiz kömek gulluklary hem ilatyň çagyryşlaryna ýetişip bilmeýär" diýip, maryly saglyk işgärleriniň biri 25-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol saglyk işgärleriniň karantine alnan adamlaryň aglabasyndan analiz alyp ýetişmeýändigini, käbir näsaglaryň barlag netijeleri çykmanka ölýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu habarlaryň arasynda, welaýatyň ýene iki obasy - Sakarçäge etrabynyň Garypata we Wekilbazar etrabynyň Halyl obalary - karantine alyndy. Ýatlatsak, koronawirusyň ýurtdaky esasy ojaklarynyň biri öwrülen Mary welaýatynda geçen hepde Wekilbazar etrabynyň Garajaköw we Murgap etrabynyň Kuýgyş obalary hem karantine alnypdy.

Mundan başga-da, habarçymyz welaýatyň ýokanç keseller hassahanalarynyň tas ählisiniň karantine ýapylandygyny hem habar berýär.

Bu aralykda, 24-nji awgustda Marynyň welaýat häkimliginde adatdan daşary ýygnak geçirilip, bazarlary, dükanlary, kafeleri we restoranlary wagtlaýyn ýapmak barada buýruk kabul edildi.

"Bu ýygnakda pata ýerlerine merhumyň diňe ýakyn hossarlarynyň gatnaşmagyna rugsat berilmelidigi aýdyldy. Şeýle-de, ýakyn günlerde edilmeli toýlary amala aşyrmaga rugsat berildi. Ýöne sähedi has daşrak bellenen toýlar wagtlaýynça ýatyrylmaly edildi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz anonimlik şertinde 24-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýygnakda bu buýruklary ýerine ýetirmedik hojalyklara we myhmanlara pul jerimesiniň ýazylmalydygy hem-de olaryň şol pursat tölemäge mejbur edilmelidigi hem berk tabşyryldy.

"Eger-de haýsydyr bir üýşmeleňiň bolan ýerinde adamlaryň biriniň gyzgyny ýokary bolsa, onda üýşmeleňe gatnaşan adamlaryň ählisi karantine alynmaly edildi. Şeýle-de, olar koronawirus testini tabşyrmaly edildi" diýip, çeşmämiz belledi.

Bu habarlaryň arasynda, sebitiň häkimiýetleri ilat arasynda maska geýmek düzgüniniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirýärler. Polisiýa işgärleri köçelerde, jemgyýetçilik transportlarynda we köpçülikleýin ýerlerde maska geýmedik raýatlara jerime salýarlar.

Şeýle-de, welaýatyň çäklerine uzak gün diýen ýaly uçar bilen derman sepilýär.

"Diňe prezident welaýata gelen güni uçarly derman sepilmedi. Prezident giden gününiň ertesi daňdan sagat 5-de ýene uçarly derman sepip başladylar. Köçelere-de hlor sepýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy 25-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz welaýatda waksina sanjymlarynyň gutarandygy we olaryň täze tapgyrynyň getirilmeýändigi sebäpli ilata sanjym etmek işleriniň belli bir derejede togtadylandygyny hem aýtdy.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Marynyň welaýat we etrap häkimliklerinden, saglyk müdirliklerinden, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz wirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelmegi bilen, paýtagtda hem birnäçe söwda merkeziniň wagtlaýyn ýapylandygyny habar berýär.

"Birnäçe gün ozal Berkarar söwda we dynç alyş merkezi ýapyldy. Aradan bir-iki gün geçensoň onuň içindäki "Kämil market" hem ýapyldy. 24-nji awgustda bolsa, "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" söwda merkezini-de ýapdylar" diýip, ýagdaýdan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde 25-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäklerinde COVID-19-yň ýokdugyny tekrarlaýarlar. Şeýle-de, olar koronawirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelýändigi, keselhanalaryň, etraplaryň, obalaryň karantine alnyp, söwda merkezleriniň, kafeleriň, restoranlaryň ýapylýandygy barada Azatlykda we garaşsyz neşirlerde çykýan maglumatlary kommentirlemeýärler.

6-njy awgustda Germaniýa dünýäde Türkmenistany COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň hataryna goşan bilinýän ilkinji ýurt bolup, öz raýatlaryna Türkmenistana zerur bolmadyk syýahatçylyk saparlaryny amala aşyrmazlygy duýdurdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG