Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darganataly mugallymlar mejbury çürtüm işlerine çekilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda kärendeçileriň döwlet bilen baglaşylan şertnama esasynda öndürýän pagta hasylynyň töweregindäki mejbury çäreler ýylyň-ýylyna saklanyp galýar. Şu günler Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda mekdep mugallymlary gowaça çürtmek işlerine mejbury çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatdan maglumat berýär.

Habarçymyzyň sözlerine görä, bu işlere Darganatanyň Halkabat obasyndaky 31, 33, 38, 41-nji mekdepleriň, şeýle-de Lebap we Hojalyk daýhan birleşiklerindäki 11, 15, 16, 18-nji mekdepleriň tas ähli mugallymy çekilýär.

“Mugallymlary günde gowaça çürtmäge äkidýärler. Munuň üçin mugallymlara hiç hili goşmaça hak tölenmeýär” diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran darganataly mugallymlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Bu mejbury çäreler geçen hepdäniň başynda, mekdep mugallymlary tomusky zähmet dynç alyşlaryny tamamlap, gaýtadan işe çykan wagty ýola goýuldy.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň aýtmagyna görä, çürtüm işlerine gatnaşmagy ret edýän bilim işgärlerine, geçen ýyllarda bolşy ýaly, işden çykaryljakdygy barada haýbat atylýar.

Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekininiň çürtüm işlerine iýulyň ahyrlarynda, awgustyň başlarynda girişilýär. Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa çenli ýetýän şu günlerde mugallymlar irden sagat 8-den agşam sagat 8-e çenli 12 sagat Günüň aşagynda gowaça çürtmeli bolýarlar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, bu işlere saglyk ýagdaýy el bermeýän gartaşan ýa-da ýarawsyz mugallymlar özleriniň ornuna hakyna tutma işçi goýberýärler.

"Hakyna tutulan işçiniň her gününe 25-35 manat hak bermeli. Biz muny öz aýlygymyzdan töleýäris" diýip, mugallym belledi.

Şol bir wagtda, ol ykdysady kynçylyklar, bazarlardaky gymmatçylyk sebäpli köp mugallymyň bu puly tölemäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny hem aýtdy. Şol sebäpli saglyk ýagdaýy el bermeýän käbir mugallymlar özleriniň ornuna ogluny ýa-da gyzyny çürtüm işlerine iberýärler.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Bilim ministrliginden we Darganata etrap häkimliginden, şeýle-de agzalan mekdeplerden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda häkimiýetler ýurduň pagta önümçiliginde raýatlaryň mejbury zähmetinden peýdalanmak işlerini pagtanyň ýygylýan döwründen has öňe, gowaça çürtmek döwrüne çenli öňe süýşürdiler.

Häkimiýetler, indi tapgyr üçünji ýyl býujet işgärleriniň mejbury zähmetiniň hasabyna amal edilýän bu işler üçin, edara-kärhanalaryň işgärlerinden pul hem çöpleýärler.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan darganataly mugallymlar geçen ýyldaky ýaly şu ýyl hem orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny mejbury pagta ýygymyna çekmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdylar.

"Sentýabrda mekdepleriň açylmagy bilen, ýokary synp okuwçylary pagta ýygymyna gatnaşdyrmak planlaşdyrylýar. Bu barada gürrüň edilýär" diýip, darganataly mugallym aýtdy.

Geçen ýyllarda Azatlyk Türkmenistanda býujet edaralarynyň işgärleriniň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň we orta mekdepleriň okuwçylarynyň mejbury pagta ýygymyna çekilendigini habar berdi.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny ýyllarboýy tankytlap gelýär. Şu ýylyň martynda düýbi Britaniýada ýerleşýän Etiki söwda başlangyjy (ETI) garaşsyz guramasy global moda markalaryny Türkmenistandan pagta almagy bes etmäge çagyrdy.

Bu ýyl Türkmenistan boýunça 620 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG