Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag edilen aktiwistler boşadyldy. Ýenjilen blogçy türk ministrine ýüz tutdy


Farhad Durdyýew
Farhad Durdyýew

Stambuldaky Türkmen konsullygynda ýenjilen blogçy Farhad Durdyýew Türkiýäniň prezidentine we içeri işler ministrliginiň başlygyna ýüz tutandygyny aýtdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.

Durdyýewiň sözlerine görä, içeri işler ministri Süleýman Soýly telefonda bolan waka barada gürrüň bermegini haýyş etdi we blogçy bilen Stambula golaýda etjek sapary wagtynda duşuşjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Soýly Türkmenistanyň tussag edilen raýatlarynyň hemmesiniň ýakyn wagtda boşadyljakdygyny aýtdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysynyň maglumtyna görä, 5-nji awgustda tussag edilen on adamyň dokuzysy häzir deportasiýa merkezinden boşadyldy. Bular Jumasapar Dädebaýew, Nurmuhammet Annaýew, Enejan Salyhowa, Kamila Abulowa, Halnazar Gaýpow, Nargiza Mätýusupowa we Döwran Annaýew.

Şeýle-de, habarda ýene bir tussagyň, Serdar Hojanepesowyň şu gün goýberiljekdigi bellenýär.

XS
SM
MD
LG