Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda otly we uçar gatnawlary togtadyldy, hususy taksileriň nyrhy tas iki esse gymmatlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy girizilýän ätiýaçlyk çäreleriniň arasynda hereket çäklendirmeleriniň ýene ikisi güýje girizildi. Bu çäklendirmeleriň çäginde Lebap-Mary-Aşgabat aralygyna otly gatnawlary we Türkmenabatdan Daşoguz hem-de Balkan welaýatlaryna uçar reýsleri togtadyldy. Munuň yzysüre, Lebapdan ýurduň beýleki sebitlerine we paýtagta gatnaýan hususy taksileriň bahasy tas iki esse gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysynyň maglumatlaryna görä, welaýatdan beýleki sebitlere gatnaýan otly gatnawlary geçen hepde duýdansyz ýatyryldy.

Türkmenabadyň demir ýol wokzalynyň käbir resmileri ýolagçylara dilden beren düşündirişlerinde munuň sebäplerini koronawirusyň ýaýramagyna garşy girizilýän ätiýaçlyk çäreleri diýip düşündirdiler. Ýöne bu çäklendirmäniň haçan ýatyryljakdygy barada hiç zat aýtmadylar.

Şol bir wagtda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly bir saglyk işgäri otly gatnawlarynyň togtadylmagyna 13-nji iýulda otly prowodnikleriniň birinde koronawirusyň tapylmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

"Bu wakadan soň, Lebapdan beýleki sebitlere gatnaýan otly gatnawlary togtadyldy. Ýöne Aşgabat-Balkan we Aşgabat-Daşoguz aralygyna otly gatnawlary öňküsi ýaly işini dowam etdirýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Leýli diýlip tutulmagyny soran saglyk işgäri belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabadyň demir ýol wokzalyndan we “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

"Demirýollaryň" resmi websaýtynda Lebap-Mary-Aşgabat aralygyna otly gatnawlarynyň togtadylandygy barada bildiriş hem göze ilmeýär. Ýöne websaýtyň elektron biletleri satylýan sahypasynda Türkmenabat-Mary-Aşgabat ugurlary boýunça 6-njy awgusta çenli "gatnawlaryň tapylmandygy" barada ýazgy çykýar. Websaýtda mundan soňky senelere seredip bolmaýar.

Şeýle-de, "Demirýollaryň" websaýtynda diňe Türkmenbaşy-Aşgabat, Aşgabat-Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz we Daşoguz-Aşgabat ugurlarynyň gatnaw tertibi görkezilýär.

Habarçymyz otly gatnawynyň duýdansyz togtadylmagy sebäpli öňünden bilet satyn alyp goýan ýolagçylaryň biletleriniň köýendigini hem aýdýar.

"Onlaýn satyn alynan biletleriň yzyna alynmajakdygy barada wokzalyň kassasynda duýduryş asylypdyr" diýip, edynyň efirde üýtgedilip Babamyrat diýlip tutulmagyny soran lebaply ýaşaýjy aýtdy.

"Demirýollaryň" websaýtynda 6 sagatdan öň yzyna gaýtarylan "gidiş" biletleriniň ýol nyrhyndan 10%, hyzmatlar üçin alynan 3 manat we yzyna gaýtarmak üçin 5 manat ýygym tutulýandygy aýdylýar. Ýöne ýol nyrhynyň galan böleginiň we biletleriň ätiýaçlandyryş nyrhynyň doly yzyna berilýändigi bellenilýär.

Şeýle-de, üç günden az wagt galanda yzyna gaýtarylan "gaýdyş" biletleriniň ýol nyrhyndan 25%, hyzmatlar üçin alynan 3 manat we yzyna gaýtarmak üçin 5 manat ýygym tutulýandygy, ýöne ýol nyrhynyň galan böleginiň we biletleriň ätiýaçlandyryş nyrhynyň doly yzyna berilýändigi bellenilýär.

Bu aralykda, Lebapdaky beýleki bir habarçymyz Türkmenabatdan Daşoguz we Balkan welaýatlaryna degişlilikde hepdede bir sapar amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň hem togtadylandygyny habar berýär.

Ol bu ugurlar boýunça bilet satyn alan raýatlaryň hem biletlerini tabşyryp, pullaryny yzyna alyp bilmeýändigini belleýär.

"Biletlerini yzyna gaýtarmak üçin aeroportuň kassasyna 100 çemesi adam geldi. Ýöne olara biletleriniň köýendigi, pullarynyň yzyna berilmejekdigi aýdyldy. Raýatlara biletlerini, hereket çäklendirmeleri aradan aýrylansoň, bir ýa-da iki ýylyň dowamynda gaýtadan ulanmaga hem mümkinçilik döredilmedi" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Bagtygül diýlip tutulmagyny soran bir ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu barada Türkmenabadyň aeroportundan we "Türkmenistan awiakompaniýasyndan" goşmaça maglumat almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, otly we uçar gatnawlarynyň togtadylmagynyň yzysüre Lebapdan ýurduň beýleki sebitlerine we paýtagta gatnaýan "bikanun" hususy taksileriň bahasy iki esse gymmatlady.

"Ozal gum içi bilen ýolagçy gatnadýan bikanun taksileriň bahasy 1000 manatdy. Häzir olar her bir ýolagçyny 1500-2000 manat aralygynda alyp gidýärler. Bu Aşgabatdaky hususy firmalarda işläp, 2000 manat aýlyk alýan adamlar üçin gaty uly pul" diýip, Babamyrat aýtdy.

Bellesek, geçen ýylyň mart aýynda global pandemiýanyň arasynda, ýurtda girizilen hereket çäklendirmeleriniň çäginde welaýatara hususy awtoulag gatnawlaryna gözegçilik güýçlendirildi. Munuň çäginde sebitara ýolagçy gatnadyp, kireý edýän hususy eýeçilikdäki - resminamasyz - taksi sürüjileriniň işine hem gözegçilikler berkedi.

"Bikanun kireý edýän taksi sürüjileri ýolagçylary gumuň içinden gatnadýarlar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bu sürüjileri dikuçarlarda ýa-da harby ulaglarda awlaýarlar. Tutulan sürüjilere 30 müň manat jerime ýazyp, 21 gün karantinde we ondan soň hem 20 gün tussaglykda saklaýarlar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Goçgeldi diýlip tutulmagyny soran hususy taksi sürüjileriniň biri aýtdy.

Ol MHM-niň işgärlerine dessine 10 müň manat para beren sürüjileriň goýberilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda, sebitdäki beýleki bir habarçymyz şu günler welaýatyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş bölüminiň öňünde 200-e golaý adamyň uly nobatynyň emele gelendigini habar berýär. Bu adamlar Farap etrabyna, Aşgabada we Daşoguz, Mary welaýatlaryna gitmek üçin zerur bolan koronawirus testini tabşyrmaga çalyşýarlar.

"Bu ýerde ýörite topar düzülipdir. Bu topara näme sebäpden başga sebite gitmek isleýändigiň barada hökman bir delil görkezmeli ýa-da iş sapary bilen barýan bolsaň, onda kepilnama eltmeli. Gezmäne barýan raýatlaryň hiç birine hem welaýatdan çykmaga rugsat berilmeýär" diýip, nobatda duran ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ir bilen nobata duran adamlar öýlän sagatlarynda test tabşyryp, öýlerine gaýdýarlar. Ortaça 100 adamdan 20 adama welaýatdan çykyp biljekdigi barada rugsatnama berilýär.

Türkmenistanda şu ýylyň aprel aýynda ýeňilleşdirilen hereket çäklendirmeleri mundan bir aý gowrak öň gaýtadan güýçlendirildi. Bu çäklendirmeler Lebapda we ýurduň käbir beýleki sebitlerinde koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelýändigi barada habarlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Global pandemiýa döwründe Türkmenistanyň hökümeti ýurtda hiç hili COVID-19 hadysasynyň ýüze çykarylmandygyny öňe sürýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG