Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar harby hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, Gyrgyzystana, soňra Täjigistana bardy. Gyrgyzystan harby doktrinasyna täzeden seredýär we goranyş ukybyny ýokarlandyrmak üçin, diňe bir Russiýa däl, eýsem Türkiýe bilen hem harby hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini gözleýär.
Unudylan wadalar. ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky bazasy
Analitikler beýle ädimi Russiýanyň halamajakdygyny aýdýarlar. Şeýle hem, 2014-nji ýylda ABŞ-nyň Gyrgyzystandaky bazasyndan yza çekilmezden ozal Kremliň Gyrgyzystanyň goranyş pudagyna kömek etmäge wada berendigini, ýöne kömek bermedigini ýatladýarlar.
Şeýle hem bilermenler Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda togtadylandygyny aýtdylar. Munuň sebäbi Russiýanyň Tranzit Merkezi yza çekilmezden ozal Gyrgyzystana harby kömek berjekdigi baradaky wadasydyr. Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu ABŞ-nyň tranzit merkezi ýapylmazyndan ozal – 2011-2012-nji ýyllarda 1 milliard dollarlyk ýarag we harby tehniki enjamlar bilen kömek berjekdigini aýdypdy.
2012-nji ýylda taraplar harby hyzmatdaşlyk barada iki taraplaýyn şertnama baglaşdylar. Soňra harby ulag göterijileriniň we pyýada söweş ulaglarynyň, harby uçarlaryň we dikuçarlaryň, häzirki zaman ýaraglarynyň täze görnüşlerini Gyrgyzystana bermäge taýýardygy yglan edildi.
Goranmak ministriniň öňki orunbasary, polkownik we harby bilermen Murat Beýşenowyň aýtmagyna görä, Russiýa beren wadalaryny ýerine ýetirmändir:
– Meniň maslahatda eden çykyşymdan soň, täjikleriň bizden has köp kömege mätäçdigini aýtdylar. Sol döwürde biziň Russiýa bilen bilelikdäki harby bazamyz bardy. Ol Kantdaky harby howa güýçleri bazasyndan başga-da, Yssyk-Köldäki hem Maýluu-Suu harby bölümlerini öz içine alýar. Şoňa görä, olar bize ýardam bermelidiler. Bäş ýyl ozal Putin Gyrgyzystany 1 milliard dollarlyk ýarag bilen üpjün etjekdigini aýtdy. Emma bu wadalar ýerine ýetirilmedi, diňe ownuk kömek bilen çäklenip geldiler. Olar biziň hiç ýere gidip bilmejekdigimizi bilen ýaly çemeleşdiler-de, gaýdyp üns bermediler. Biz şeýle ýagdaýda Türkiýe bilen gepleşikleri dowam etdirmeli. Indi bar zat barada pikirlenmeli we öz syýasatymyzy alyp barmaly.
Sebäbi Amerika "Gansi" bazasynda ýerleşende, biz her ýyl kireýine ýer we beýleki tölegler üçin, 180 million dollardan gowrak pul alýardyk. Emma Russiýanyň bähbidi üçin ony terk etdik. Biz ol tranzit merkezini saklap galan bolsak, ondan gelýän kärende puluň ýarysyny harby Güýçlere harçlap bilerdik, ýagny häzirki ýagdaýdan gaçmaga mümkinçilik bolardy. Döwletimiziň bähbitleri göz öňünde tutulmady. Bazany yzyna almak meselesinde howlukmaly däldigimizi aýtdyk. Emma Russiýa bize basyş etdi we ABŞ-nyň tranzit merkezi yzyna alnandan soň, elimizde bolan güýji ýitirdik. Russiýa bize ýeterlik kömek bermedi, olar diňe harby gullukçylarymyzy taýýarlamaga kömek edýändigini öňe sürýärler. Eger şeýle bolsa, okuw biziň hasabymyza öz sebitimizdäki bazada geçýär. Mundan başga bize ýörite ýaraglar we harby enjamlar berilmedi – diýip, harby bilermen Murat Beýşenow aýdýar.
Amerikan bazasynyň ýatyrylmagynyň sebäbini öňki prezident Almazbek Atambaýewiň Manas howa menzilindäki Tranzit Merkeziniň Gyrgyzystanda we Kantdaky Russiýa howa bazasynda bir wagtyň özünde bolup bilmejekdigi bilen düşündirdi. Onuň özi ylalaşygyň uzaldylmagyna garşy bolupdy.
Şeýlelik bilen, 2014-nji ýylda ýurduň býujetine ýylda 150 million dollar getirip duran Tranzit Merkezi ýapyldy. Russiýa býujetdäki ol ýetmezçiligi doldurmagy wada berse-de, mesele çözülmän galdy.
Şondan bäri bu gatnaşyk netijesiz bolsa-da, Gyrgyzystan harby hyzmatdaşlykda Russiýany ileri tutup geldi.
Nähili-de bolsa, harby bilermenleriň aýtmagyna görä, Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde soňky bolan çaknyşyk Gyrgyzystanyň harby mümkinçiliklerinde ýetmezçiligiň bardygyny görkezdi.
Şol sebäpden, 5-nji maýda Konstitusiýanyň täze redaksiýasyna gol çeken wagtynda, prezident Sadyr Žaparow harby doktrinanyň täzeden gözden geçiriljekdigini we goşun reformasyny yglan etdi. Ol Ankara sapary wagtynda, Gyrgyzystan-Türkiýe harby hyzmatdaşlygyny täzeden başlatmak meselesini gozgady.
Prezidentler Sadyr Žaparow hem Rejep Taýyp Erdogan tarapyndan gol çekilen şertnamany durmuşa geçirmek üçin, 28-nji iýunda Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akaryň ýolbaşçylygyndaky harby delegasiýa Bişkek şäherine geldi. Gyrgyzystanyň Goranmak ministri bilen duşuşdy, şondan soň döwlet baştutany tarapyndan kabul edildi. Prezidentiň metbugat sekretary Erbol Soltanbaew taraplaryň maslahaty barada şeýle diýdi:
– Sadyr Žaparowyň belleýşi ýaly, Gyrgyzystan-Türkiýe gatnaşyklary ulgamynda harby-tehniki hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär, bu ugurdaky gatnaşygy has giňeltmek we berkitmek üçin mümkinçilik köp – diýip belledi.
Onuň sözlerine görä, sebitdäki durnuksyz ýagdaýy we barha artýan howplary göz öňünde tutup, esasanam Owganystandaky ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen baglanyşykly harby-tehniki hyzmatdaşlyk örän möhüm hem ol öz wagtynda gozgalan mesele.
Türkiýäniň Gyrgyzystana harby-tehniki kömek berjekdigi öň belli bolupdy. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew tarapyndan Sadyr Žaparowyň Türkiýä eden saparynyň jemleri barada berlen maglumatynda aýdyldy. Ýöne hyzmatdaşlygyň takyk maglumatlary aýan edilmändi. Gyrgyzystan-Täjigistan serhedindäki konfliktden soň halk gyrgyz häkimiýetlerini harby kömek üçin, Türkiýä ýüz tutmaga çagyrdy.
Harby-senagat önümçiliginiň zerurlygy
Türkiýeli analitik Serdar Ýylmaz Ankaranyň Bişkege harby kömek bermek mümkinçiliginiň mümkindigini belleýär:
– Iki ýurduň harby pudakda hyzmatdaşlyk edip biljekdigi düşnüklidir. Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) düzgünnamasynda guramanyň agzalaryna beýleki ýurtlar bilen harby hyzmatdaşlyk gadagan edilmeýär. Şonuň üçin iki ýurt hyzmatdaşlyk edip biler. Gazagystan şeýle gatnaşyklaryň gowy mysalydyr. 2013-nji ýylda Türkiýe Gazagystanda “Aselsan” (Türkiýäniň ýarag we ok-däri öndürýän milli kärhanasy) zawodyny açdy. Biz şeýle bir zawody Gyrgyzystanda – Sadyr Žaparowyň görkezen ýerinde hem açyp bileris. Uzak wagt bäri Gyrgyzystana harby kömek berýäris. Gyrgyzystanyň KHŞG agzalygy bu ýurduň Türkiýe bilen harby taýdan hyzmatdaşlygyna päsgelçilik bermeýär. Zerur halatynda iki ýurduň ýolbaşçylary Gyrgyzystanda “Aselsan Engineering” ýaly zawody açylmak şertnamasyna gol çekip bilerler. Netijede, ýarag we ok-däri üpjünçiligini Bişkek öz ýurdunda öndürip bilner. Munuň özi Gyrgyzystanyň Ýaragly güýçleri üçin peýdaly bolardy. Türkiýe häzir Gazagystana we Özbegistana köp harby ýardam berýär. Näme üçin biz Gyrgyzystana şolar ýaly kömegi edip bilmeris? – diýip, türk bilermeni aýdýar.
Ankara bilen Moskwanyň aralygynda
Gyrgyzystanly bilermenler Bişkegiň harby hyzmatdaşlykda we howpsuzlykda Russiýadan daşary beýleki ugurlary tapmak synanyşyklaryndan, Moskwanyň kanagatlanmaýandygyny belleýärler.
Harby bilermen Murat Beýşenow bu mesele boýunça geljekdäki kararlaryň Moskwanyň we Ankaranyň geosyýasy bähbitlerini göz öňünde tutup kabul edilmelidigini aýdýar.
«Biziň häzirki ýagdaýymyz şeýle, kimiň kömek berýänlere seretmeli. Elbetde, Türkiýe kömek berip başlasa, Russiýa muny halamaz. Olar Azerbaýjan wersiýasynyň gaýtalanmagyny islemezler. Eger Türkiýeden kömek alsak, Russiýa wada berlen S-300 uçara garşy raketa ulgamyny bermez. Syýasat şeýle. Türkiýäniň kömegini kabul edip başlasak, Russiýa Täjigistan bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirip biler. Ýöne Türkiýäniň ýaraglary döwrebap hem örän ýokary hilli. Olaryň ýaraglary başgaça, şonuň üçin biz öz ýarag güýçlerimizi düýpden täzelemeli bolarys. Biziň ýaraglarymyz KHŞG-den, Türkiýäniňki bolsa NATO formatlarynda. Eger ýaraglarymyzy üýtgetmesek-de, agyr ýük awtoulaglarynyň görnüşlerini, pyýada goşun söweş ulaglaryny, galkanly ulaglary Türkiýeden almaly bolar» diýip, Beýşenow aýdýar.
Moskwanyň Harby we syýasy derňewler institutynyň bilermeni Aleksandr Hramçihin ünsi Russiýanyň Türkiýe bilen täze hyzmatdaşlyga bolan garaýşyna gönükdirdi:
– Harby pudakda Merkezi Aziýanyň ähli ýurdy diňe Russiýa bil baglaýardylar. Indi Türkiýäniň bu pudaga goşýan goşandynyň näderejede peýda berjegini we netijesiniň nähili boljakdygyny aýtmak kyn. Harby-syýasy nukdaýnazardan bu aňsat däl. Elbetde, bu beýleki bähbitleri çäklendirýär. Harby-tehniki we syýasy nukdaýnazardan Russiýany ýa-da Türkiýäni saýlamaly. Sebäbi harby gurluş öňki Sowet goşunynyň bir bölegi hökmünde emele gelipdi. Ýumşaklyk bilen aýtsak, Türkiýe islese-de, Gyrgyzystanyň howpsuzlygyny üpjün edip biljekdigini göz öňüne getirmek kyn – diýip, bilermen aýdýar.
Ýaraglanyşyk bäsleşigi
Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde aprel aýynda bolan çaknyşykdan soň, Täjigistan Pakistandan we Eýrandan syýasy we harby goldaw sorap başlady. Gyrgyzystan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk meselesi diňe bir syýasy arenada däl, eýsem halk arasynda-da gozgalyp başlandy.
Täjigistanyň Goranmak ministri Eýran bilen harby hyzmatdaşlykda ylalaşdylar. Şondan soň Täjigistanyň ýolbaşçysy Pakistana resmi sapar gurady we taraplar harby-tehniki hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Russiýa bilen howa goranyş ulgamlaryny üpjün etmek boýunça şertnama baglaşylandygy mälim boldy. Şonuň üçin analitikler Bişkegiň goranyş meselesinde ynamdar hyzmatdaş gözlemeginiň tebigy hadysadygyna ynanýarlar.
Moskwanyň harby meseleler baradaky bilermeni Aleksandr Hramçihiniň pikirine görä, ýaraglanyşygy haýdatmak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ikisiniň arasynda keseden harby hyzmatdaş gözlemek gowy netije bermez:
- Birinjiden, olar Owganystandan abanýan howp sebäpli ýaraglanman, eýsem biri-birine garşy bolýarlar. Şeýle ýagdaýda Russiýanyň Täjigistana ýa-da Gyrgyzystana kömek etmegi kyn. Bu meselede Russiýa bil baglamagyň manysy ýok. Beýleki oýunçylar bolsa Merkezi Aziýada öz täsirini güýçlendirmek isleýärler. Emma olaryň hakyky howpsuzlygy üpjün edip biljekdigine ynanamok, ýöne olaryň öz täsirini artdyrmak synanyşyklary tebigy zat. Elbetde, Russiýanyň muňa nägile bolýandygyna hemmeler düşünýär. Ýöne Russiýanyň bu barada näme etjekdigini takyk aýdyp biljek däl.
Ýatlatsak, Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar Gyrgyzystandan soň Täjigistana sapar etdi. Täjigistanyň Goranmak pudagynyň başlygy Şerali Mirzo bilen duşuşyp, harby hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türk ministri Täjigistany Merkezi Aziýanyň esasy hyzmatdaşlaryndan biri diýip atlandyrdy.
Ýaraglanmak reýtingi
“Global Firepower” halkara neşiriniň 2021-nji ýylyň 3-nji martynda neşir edilen barlaglaryna görä, 140 ýurduň arasynda harby reýtingde Täjigistan 99-njy, Gyrgyzystan 93-nji orny eýelediler.
Täjigistanyň goşunynda 9 müň adam gulluk edýär; 2020-nji ýylda harby pudaga çykdajylar 79 million dollar boldy.
Gyrgyzystanda harby gullukçylaryň sany 11 müň adama ýetýär, ýyllyk harby býujet takmynan 20 million dollar.
Türkiýe bu reýtingde 11-nji, NATO blogunda ABŞ, Fransiýa we Beýik Britaniýadan soň 4-nji ýerde durýar.
Özbegistan Merkezi Aziýada iň güýçli goşuny bolup, 51-nji orny eýeleýär. Gazagystan 62-nji ýerde.
Gyrgyzystanda harby çykdajylary köpeltme teklip edýärler. Muny Žogorku Keneşiň býujet we maliýe komitetiniň başlygy Emil Toktoşew aýdýar:
– Goranmak ministrliginden býujet çykdajylaryny artdyrmak haýyşy bilen teklip gowuşdy. Ol serişde ýarag, azyk, egin-eşik we gurluşyk işlerine gönükdiriler. Biz goşmaça serişde bölüp berdik. Emma onuň mukdaryny aýdyp biljek däl. Ministrlige, mümkin boldugyça bu býujeti ýaraglaryň we harby enjamlaryň täzelenmegine harçlamagy teklip etdik. Sebäbi şu güne çenli täze harby enjam satyn almak we ýaragyň täzelenmegi üçin býujetden hiç hili serişde bölünip berilmedi. Hökümet muňa üns bermän gelipdi. Goranmak pudagyna çykdajylar örän az. Bu serişdeler diňe goşunyň gündelik üpjünçiligine ýeterlik bolupdy – diýip, deputat düşündirýär.
Şeýle ýagdaýda Gyrgyzystan we Täjigistan howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, beýleki ýurtlardan harby hyzmatdaşlygy gözleýärler. Owganystandaky ýagdaýyň ýaramazlaşmagy hem serhetleriň goragyny güýçlendirmek meselesini gün tertibine getirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.