Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, ondan gowrak halyça “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakdy.
“Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris” diýip, 30-njy maýda gol çekilen kararda aýdylýar.
Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, Türkmenistanda halyçy gelin-gyzlaryň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär”.
Emma metbugatda aýdylýan dabaraly sözlere garamazdan, ýurtda gölleri döwlet baýdagyny bezän türkmen halyçylygyna bolan yhlasyň ýyl-ýyldan azalýandygy aýdylýar.
Munuň sebäbi döwletiň azat bazar gatnaşyklaryna geçmekde döredýän emeli kynçylyklary, netijede Türkmenistanda halyçynyň zähmetine tölenýän hakyň pes bolmagy, daşarky bazarlara çykaryljak halylara basylýan böwet, halynyň bir adamyň şahsyýet kultuny dabaralandyrmakda ulanylmagy, meýdanda aýak astyna düşelmegi bilen düşündirilýär.
Türkmen halyçylarynyň käbiri özlerini “hökümet tarapyndan iň öwülýän we bogulýan senetçiler” diýip atlandyrýar.